58-NJI SAPAK
Ýehowa wepaly bol!
Isanyň hakyky şägirtleri hiç kime we hiç zada Ýehowa bilen dostlugyny bozmaga ýol bermeýär. Senem Ýehowa bilen dostlugyňy saklamak üçin eliňde baryny edýänsiň. Ýehowa-da seniň wepalydygyňy görýär (1 Taryh 28:9-y oka). Ýöne käbir ýagdaýlarda Hudaýa wepaly bolmak aňsat däl. Şeýle ýagdaýlarda nädip berk durup bilersiň?
1. Käbir adamlar Ýehowa wepaly bolmaga nädip päsgel berip biler?
Käbir adamlar seniň Ýehowa gulluk etmegiňi islemeýär. Meselem, imandan dänenler. Olar bir wagt Ýehowa gulluk edip, soňra ondan ýüz öwren adamlar. Indi olar seni hem Ýehowadan ýüz öwürtjek bolup, Hudaýyň guramasy barada ýalan zatlary ýaýradýarlar. Ýalan zatlary diňe olar däl, dini ýolbaşçylaram ýaýradýar. Olar sada, ynanjaň adamlary aldap, Ýehowadan daşlaşdyrjak bolýar. Sen olaryň aýdýan zatlarynyň ýalandygyny subut etjek bolup, Internetde ýazan zatlaryny we kitaplaryny okasaň, saýtlaryna girseň, wideolaryny görseň, onda duzaga düşersiň. Isa pygamber imandan dänenler barada şeýle diýdi: «Olara üns bermäň, olar kör ýolbaşçylardyr. Eger kör köri idip ýol görkezse, ikisi-de çukura gaçar» (Matta 15:14).
2. Ýene haýsy ýagdaýlarda Ýehowa wepaly bolmaly?
Ýehowany ýürekden söýsek, ýalan din bilen bagly ähli zatdan gaça durarys. Şeýle-de biz ýalan din bilen bagly işlerde işlemeris, däp-dessurlaryna, çärelerine gatnaşmarys. Ýehowa bize: «Eý halkym... (Beýik Wawilondan, ýagny ýalan dinden) çykyň!» diýýär (Ylham 18:2, 4).
SÖHBETDEŞLIK
Ýehowa wepaly bolmaga hiç zat päsgel bermesin. Ýalan dinden doly çykmak üçin näme etmelidigini bileliň.
3. Hudaý baradaky ýalan zatlara ynanmaň
Biri Ýehowanyň guramasy barada ýalan zatlary aýdyp başlasa, onda näme etmeli? Nakyllar 14:15-i okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
-
Näme üçin her bir gepe ynanmaly däl?
2 Ýahýa 9—11-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
-
Imandan dänenler bilen özümizi nähili alyp barmaly?
-
Imandan dänenler bilen gatnaşmasak-da nädip duzaga düşüp bileris?
-
Ýehowa we onuň guramasy barada aýdylýan ýalan zatlar bilen gyzyklansak, Ýehowa nähili täsir eder?
4. Mesihçilerden biri agyr günä etse, Hudaýa wepaly bol
Bir doganyň ýa uýanyň agyr günä edendigini bilsek, onda näme etmeli? Geliň, Hudaýyň ysraýyl halkyna beren kanunyndaky prinsipe seredeliň. 3 Musa 5:1-i okaň.
Aýatdan görnüşi ýaly, dogan-uýalardan biriniň agyr günä edendigini bilseň, ýaşululara bar zady aýtmaly. Ýöne, ilki bilen, günäkäriň özüni eden günäsini ýaşululara aýtmaga höweslendirmeli. Eger özi aýtmasa, onda biz ýaşululara aýdyp, Ýehowa wepaly bolmaly. Şeýle ýagdaýda... wepalydygyňy we söýýändigiňi nädip görkezýärsiň?
-
Ýehowa Hudaýa...
-
günäkäre...
-
dogan-uýalara...
5. Ýalan dinden çykyň
Luka 4:8 we Ylham 18:4, 5-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
-
Men öňki dinden doly çykdymmy ýa-da henizem däp-dessurlaryna gatnaşýarynmy?
-
Men ýalan din bilen baglanyşykly guramalaryň agzasymy?
-
Işde ýalan din bilen bagly zatlary etmeli bolýarynmy?
-
Ýalan din bilen baglanyşykly ýene-de gaça durmaly zatlarym barmy?
-
Eger entegem ýalan dinden çykmadyk bolsam, doly çykmak üçin näme edip bilerin?
Her bir ýagdaýda dogry karara geliň, şonda ynsabyňyzy arassa saklap, Ýehowa wepaly bolarsyňyz.
ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Imandan dänenem bolsa, näme diýýänini diňläp göreýin. Belki, Ýehowa dolanmaga kömek ederin».
-
Şeýle etseň dogry bolarmy? Näme üçin?
ESASY PIKIRLER
Ýehowa wepaly bolmak üçin imandan dänderjek bolýan adamlar bilen gatnaşmaly däl.
Gaýtalamak
-
Näme üçin imandan dänenleriň aýdýan zatlaryny diňlemeli däl?
-
Doganyň agyr günä edendigini bilsek näme etmeli?
-
Ýalan dinden çykyň diýen duýduryşa nädip gulak asyp bileris?
KÖPRÄK BILIŇ
Ýehowanyň Şaýatlary barada aýdylýan ýalan gep-gürrüňlere ynanmalymy?
«Siz munuň dogrudygyny bilýärsiňizmi?» («Garawul diňi» awgust, 2018)
Guramanyň ýa-da geçirilýän çäreleriň ýalan din bilen baglydygyny nädip bilmeli?
Imandan dänenler Hudaý bilen dostlugymyzy nädip bozjak bolýar?
«Çagalykdan Hudaýy gözleýärdim» diýen terjimehaldan bir ruhanynyň ýalan dinden nädip çykandygyny okap görüň.
«Mukaddes Kitap durmuşyňy üýtgedýär» («Garawul diňi» 1 iýul, 2011)