Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

26-NJY SAPAK

Kynçylyklar we erbetlikler näme üçin bolýar?

Kynçylyklar we erbetlikler näme üçin bolýar?

Adamlaryň başyna betbagtçylyk inende, köplenç: «Näme üçin şu zatlar meniň başyma indikä?» diýýärler. Mukaddes Kitapda şu soraga doly jogap berilýär.

1. Şeýtan nädip erbetligiň başyny başlady?

Şeýtan Hudaýa garşy çykdy, sebäbi hökümdar bolasy gelýärdi. Şonuň üçin Adam ata bilen How enäni aldap, olary Hudaýa garşy çykardy. Ilki bilen, Şeýtan How enäni aldady (1 Musa 3:1—5). Ol hamala Ýehowa bir gowy zady gizleýär diýip töhmet atdy. Şeýle-de Şeýtan adamlar Hudaýa gulak asmasalaram, bagtly ýaşap biler diýjek boldy. How enä ölmersiň diýip, ilkinji ýalan sözi aýtdy. Şol sebäpli Mukaddes Kitapda Şeýtana «ýalançy we ýalanyň atasy» diýilýär (Ýahýa 8:44).

2. Adam ata bilen How ene näme etdi?

Ýehowa Hudaý Adam ata bilen How enä iň gowy zatlary berdi. Hudaý olara Erem bagyndaky ähli agaçlaryň miwelerinden arkaýyn iýiberiň, ýöne diňe birinden iýmäň diýdi (1 Musa 2:15—17). Ýöne olar Hudaýa gulak asman, şol agajyň miwesinden iýdiler. Ilki bilen, How ene «agajyň miwesinden alyp iýdi», soňra «Adam ata hem iýdi» (1 Musa 3:6). Adam ata bilen How ene kämil bolansoň, Hudaýa gulak asmak kyn däldi. Ýöne olar bilgeşleýin günä edip, Hudaýyň diýeni bilen ýaşamak islemediler. Şeýdip, kynçylyklaryň, horluklaryň başy başlandy (1 Musa 3:16—19).

3. Adam ata bilen How enäniň günäsi nähili zyýan ýetirdi?

Adam ata bilen How enäniň eden günäsi diňe bir özlerine däl-de, nesillerine-de uly zyýan ýetirdi. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Bir adam arkaly günä we günä arkaly ölüm peýda boldy. Ölüm hem ähli adamlara geçdi» (Rimliler 5:12).

Adam ata bilen How enäniň günäsi sebäpli biz köp kösenýäris. Meselem, käte ýalňyş karara gelip, soňra özümiz kösenýäris. Käte bolsa başgalaryň ýalňyşy, nädogry hereketi sebäpli kynçylyk döreýär. Käwagt bolsa isleseň-islemeseň tötänden garaşylmadyk ýagdaýa uçraýarsyň (Nesihat 9:11-i oka).

SÖHBETDEŞLIK

Dünýäde bolýan betbagtçylyklara hem-de erbetliklere Hudaýyň günäkär däldigini, kynçylyk çekenimizde Hudaýyň hem gynanýandygyny bileliň.

4. Betbagtçylyklara kim günäkär?

Köp adamlar dünýä Hudaýyň elinde diýýärler. Dogrudanam şeýlemikä? WIDEONY görüň.

Ýakup 1:13 we 1 Ýahýa 5:19-njy aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Betbagtçylyklara hem-de erbetliklere Hudaý günäkärmi?

5. Şeýtan höküm sürüp başlaly bäri nämeler bolýar?

1 Musa 3:1—6-njy aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Şeýtan näme diýip ýalan sözledi? (4, 5-nji aýatlara serediň).

  • Şeýtan Ýehowa näme töhmet atdy?

  • Şeýtanyň haýsy sözlerinden adamlar Ýehowasyzam bagtly ýaşap biler diýendigi görünýär?

Nesihat 8:9-y okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýehowanyň höküm sürmeýändigi üçin ýer ýüzünde nämeler boldy?

  1. A. Adam ata bilen How ene günäsizdi, Jennetde ýaşaýardy. Ýöne olar Şeýtanyň gepine gidip, Ýehowa garşy çykdylar.

  2. B. Adam ata, How ene sebäpli adamlar günäli bolup, kynçylyk çekýär, ölýär.

  3. Ç. Ýehowa tizden günäni, kynçylyklary, ölümi aýrar. Şonda adamlar kämil bolup, ýer ýüzünde Jennetde ýaşarlar.

6. Ýehowa kynçylyklarymyzy görüp gynanýar

Hudaý çekýän kynçylyklarymyzy görýär. Dawut pygamber bilen Petrus resulyň näme diýendigini bileliň. Zebur 31:7 we 1 Petrus 5:7-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýehowanyň kynçylyklarymyzy görüp, alada edýändigi ýüregiňe giňlik berýärmi?

7. Hudaý ähli kynçylyklary aýrar

Işaýa 65:17 we Ylham 21:3, 4-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Adamlaryň çekýän kynçylyklaryny, görgülerini Ýehowanyň aýyrjakdygy näme üçin göwünlik berýär?

Bilýäňizmi?

Şeýtan Hudaý barada ýalan sözläp, onuň adyny garalady. Ol Ýehowany adalatsyz, doňýürek Hökümdar edip görkezdi. Tizden Ýehowa ähli erbetlikleriň hem-de kynçylyklaryň soňuna çykyp, iň gowy Hökümdardygyny subut eder. Ýehowanyň adynyň aklanmagy älem-jahanda iň wajyp mesele (Matta 6:9, 10).

ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Kynçylyklar Hudaýdan gelýär, maňlaýyňa ýazylan zady görmeli».

  • Sen näme diýerdiň?

ESASY PIKIRLER

Dünýäde bolýan erbetliklere esasanam Şeýtan, Adam ata we How ene günäkär. Ýehowa adamlaryň kösenip ýaşaýandygyna gynanýar. Ol tizden ähli erbetlikleri aýrar.

Gaýtalamak

  • Şeýtan How enä näme diýip ýalan sözledi?

  • Adam ata bilen How enäniň günäsi nähili zyýan ýetirdi?

  • Ýehowanyň kynçylyklarymyzy görüp gynanýandygyny nireden bilýäris?

Maksat goýuň

KÖPRÄK BILIŇ

Mukaddes Kitapda günä barada näme diýilýär?

«Günä näme?» (Internet makala)

Ikinji jahan urşunda bolan pajygaly wakalaryň sebäbini biliň.

«Hudaý Holokostyň bolmagyna näme üçin ýol berdi?» (Internet makala)

Bir adam kynçylyklaryň esasy sebäbine düşünipdir.

«Ýehowa durmuşymy manyly etdi» (5:09)