Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

19A ÇARÇUWA

Ýehowanyň eçilýän bereketleri

Ýehowanyň eçilýän bereketleri

Mukaddes Kitabyň käbir aýatlarynda Ýehowanyň eçilýän bereketleri «çeşme», «derýa», «suw» bilen deňeşdirilýär. Olardan Ýehowanyň bereket berýändigini öwrenip, hasam ruhlanarys.

ÝOWEL 3:18. Pygamberlikde Ýehowanyň ybadathanasyndan akýan çeşme hakda aýdylýar. Ol takrap ýatan «Akasiýa jülgesini suwarýar». Şeýlelikde, Ýowel hem, Hyzkyl hem görnüşde çeşmäniň akyp baran ýerlerine ýaşaýyş berýändigini görýär. Iki görnüşde-de çeşme Ýehowanyň öýünden, ýagny ybadathanadan akyp gaýdýardy.

ZEKERÝA 14:8. Zekerýa pygamber «Iýerusalimden ýaşaýyş suwunyň akýandygyny» görýär. Onuň ýarysy gündogar, ýagny Öli deňzine, beýlekisi günbatar, ýagny Ortaýer deňzine guýýar. Iýerusalim «beýik Patyşa» Ýehowa Hudaýyň şäheridi (Mat. 5:35). Diýmek, pygamberlikdäki Iýerusalim Ýehowanyň hökümdarlygy arkaly bütin ýer ýüzüne bereket berjekdigini aňladýar. Ýehowa uly betbagtçylykda halas boljaklara we direljek adamlara bereket berer.

YLHAM 22:1, 2. Ýahýa resul hem görnüşde Hyzkyl pygamberiňki ýaly çeşme görýär. Ýöne onuň gören çeşmesi ybadathanadan däl-de, Ýehowanyň tagtyndan akyp gaýdýardy. Zekerýa pygamberiňki ýaly, Ýahýanyň görnüşinde hem Hudaýyň hökümdarlygy arkaly adamlara bereket berjekdigi aýdylýar.

Ýahýa resul Ýehowanyň hökümdarlygy arkaly bereket berýändigini, Hyzkyl pygamber bolsa ybadathanadan akyp gaýdýan çeşmäniň bereket berýändigini görýär. Görnüşleriň onçakly tapawudy ýok, sebäbi olaryň ikisinde-de Ýehowanyň wepaly adamlara bereket berýändigi aýdylýar.

ZEBUR 46:4. Aýatda «Hudaýyň şäheri» diýlende, Hudaýyň hökümdarlygy we Patyşalygy, «Allatagalanyň beýik, mukaddes çadyry» diýlende bolsa, Ýehowa edilýän arassa sežde göz öňünde tutulýar. Göçme manydaky «derýanyň şahalary» Ýehowa edilýän seždäni we Hudaýyň hökümdarlygyny begendirýär.

Aýatlardan Ýehowanyň wepaly adamlara iki ýol bilen bereket berýändigini bildik. Biz Ýehowadan ebedi bereketleri almak islesek, hökümdarlygyny goldamaly we Hudaýa arassa sežde etmeli. Geliň, Ýehowanyň we Oglunyň berýän «ýaşaýyş suwunyň» gadyryny bilip, ebedi ýaşalyň (Ýer. 2:13; Ýah. 4:10).