Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

SAPAK 6

Aýatlary dogry ulanyň

Aýatlary dogry ulanyň

Ýahýa 10:33—36

BELLIK: Aýady ýöne bir okap, soňra indiki pikire geçmäň. Diňleýjiler okan aýadyňyz bilen aýdýan zatlaryňyzyň arasyndaky baglanyşyga gowy düşünmeli.

NÄDIP ETMELI?

  • Esasy sözleri nygtaň. Aýady okanyňyzdan soň, ondaky esasy sözleri belläp geçiň. Munuň üçin olary gaýtalaň ýa-da diňleýjiler esasy sözleri görüp biler ýaly, olara sorag beriň.

  • Pikiri nygtaň. Aýady näme üçin okaýandygyňyzy aýtsaňyz, ondaky sözleriň esasy pikiri nädip nygtaýandygyny düşündiriň.

  • Gysgaça düşündiriň. Tema bilen baglanyşykly bolmadyk jikme-jiklikleri aýtmakdan gaça duruň. Diňleýjileriň tema barada bilýän zatlaryny göz öňünde tutup, ony düşündireniňizde, näçeräk maglumat aýtmalydygyny kesgitläň.