SAPAK 4
Aýatlary okamazdan öň giriş sözlerini aýdyň
NÄDIP ETMELI?
-
Okajak aýadyňyzyň maksady barada oýlanyň. Diňleýjileriň ünsüni okajak aýadyňyzdaky esasy pikire çeker ýaly, ony okamazdan öň, giriş sözlerini aýdyň.
-
Ýazgylara esaslanyp öwrediň. Hudaýa iman edýän adamlar bilen gürrüňdeş bolanyňyzda, olaryň ünsüni Mukaddes Ýazgylara çekiň we onda iň gowy maslahatlaryň bardygyny görkeziň.
-
Aýatlary okamaga isleg dörediň. Aýada degişli sorag beriň we şol aýatda jogabynyň bardygyny görkeziň. Şeýle-de aýadyň peýdasyny we şoňa degişli Ýazgylardan bir wakany belläp geçiň.