Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

SAPAK 17

Düşnükli gepläň

Düşnükli gepläň

1 Korinfliler 14:9

BELLIK: Diňleýjilere aýdýan sözleriňiziň manysyna düşünmäge kömek etmeli.

NÄDIP ETMELI?

  • Berlen maglumata gowy taýýarlanyň. Diňleýjiler tema düşüner ýaly, ony sada dilde we öz sözleriňiz bilen düşündiriň.

  • Gysga sözlemleri we ýönekeý jümleleri ulanyň. Elbetde, uzyn sözlemleri ulansa bolýar. Ýöne esasy pikirleri gysga hem ýönekeý sözler bilen aýdyň.

  • Nätanyş sözleri düşündiriň. Diňleýjilere nätanyş bolan sözleri ýa jümleleri azrak ulanyň. Eger siz nätanyş jümleler, Mukaddes Ýazgylarda agzalýan gahrymanlar, gadymy ölçeg birlikleri we däp-dessurlar hakda aýtmaly bolsaňyz, onda olaryň manysyny düşündiriň.