Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

16-NJY BÖLÜM

Ýygnak hyzmatçylary nähili borçlary ýerine ýetirýärler?

Ýygnak hyzmatçylary nähili borçlary ýerine ýetirýärler?

Mýanma

Çykyş edýärler

Wagyz duşuşygy

Duşuşyk geçýän ýeri arassalaýarlar

Mukaddes Ýazgylarda ýygnagyň aladasyny edýän iki topar barada aýdylýar. Olara «gözegçiler» we «gulluk hyzmatçylary» diýilýär (Filipililer 1:1, TD). Her bir ýygnakda şeýle doganlaryň birnäçesi gulluk edýär. Ýygnak hyzmatçylary nähili işleri ýerine ýetirýärler?

Olar ýygnak ýaşulularyna kömek edýärler. Ýygnak hyzmatçylary Ýehowa bilen ýakyn aragatnaşygy saklaýarlar. Olar ynama mynasyp we zähmetsöýer doganlar. Ýygnak hyzmatçysy borjuna hem ýaş, hem gartaşan doganlar bellenip bilýär. Hyzmatçylar ýygnakda esasan guramaçylykly we zähmet bilen baglanyşykly işleri ýerine ýetirýärler. Olaryň bu hyzmaty ýaşululara bar ünsüni tälim bermek we dogan-uýalary idemek işine gönükdirmäge mümkinçilik berýär.

Olar wajyp işleri ýerine ýetirýärler. Ýygnak hyzmatçylarynyň käbiri ýygnak duşuşyklaryna gelýänleri garşy alýarlar. Käbirleri bolsa ses çykaryjy enjamlara, edebiýatlary paýlamaga, ýygnagyň hasabatyny ýöretmäge we wagyz etmek üçin meýdançalary paýlamaga jogap berýärler. Şeýle-de olar ýygnak duşuşyklarynyň geçirilýän ýerleriniň arassaçylyk işlerine kömek edýärler. Ýaşulular olardan ýygnakdaky gartaşan dogan-uýalara kömek etmegi haýyş edip bilerler. Ýygnak hyzmatçylary tabşyrylýan işleri yhlasly ýerine ýetirýärler. Şol sebäpli biz olara çuňňur hormat goýýarys (1 Timoteos 3:13).

Olar gowy görelde görkezýärler. Ýygnak hyzmatçylary ruhy taýdan ýetişen doganlardan bellenilýär. Olar ýygnak duşuşyklarynda çykyş edenlerinde, biziň imanymyzy berkitmäge çalyşýarlar. Ýygnak hyzmatçylarynyň wagyz işine yhlasly gatnaşmagy, bize güýçli täsir edýär. Olar ýaşulular bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edip, ýygnagyň şatlygyna we agzybirligine goşant goşýarlar (Efesliler 4:16). Wagtyň geçmegi bilen, olary ýaşuly bolup gulluk etmäge teklip edip bilerler.

  • Kimlere ýygnak hyzmatçylary diýilýär?

  • Ýygnak hyzmatçylary ýygnagyň sazlaşykly hereket etmegine nädip goşant goşýarlar?