Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

1-NJI BÖLÜM

Ýehowanyň Şaýatlary nähili adamlar?

Ýehowanyň Şaýatlary nähili adamlar?

Daniýa

Taýwan

Wenesuela

Hindistan

Siz Ýehowanyň Şaýatlaryny tanaýarsyňyzmy? Belki-de, olar siziň goňşularyňyz, işdeşleriňiz ýa-da synpdaşlaryňyzdyr. Megerem, siz olar bilen Mukaddes Ýazgylaryň esasynda söhbetdeş bolansyňyz. Ýehowanyň Şaýatlary nähili adamlar? Olar ynanýan zatlary barada adamlara näme üçin gürrüň berýärler?

Ýönekeý we sada adamlar. Ýehowanyň Şaýatlary dürli milletli we medeniýetli halkdyr. Biziň käbirimiz öň başga dine uýýardyk, käbirimiz bolsa Hudaýyň barlygyna asla ynanmaýardyk. Emma Ýehowanyň Şaýady bolmazdan öň, biziň ählimiz Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwrendik (Resullaryň işleri 17:11). Biz alan bilimimiziň esasynda, Ýehowa Hudaýa sežde etmek kararyna geldik.

Mukaddes Ýazgylaryň taglymatyny gymmat saýýarlar. Ähli adamlar ýaly, biz hem kynçylyga uçraýarys we mätäçlik çekýäris. Emma biz Mukaddes Ýazgylaryň kada-kanunlaryna eýerip, durmuşymyzy manyly etdik we bagtly bolduk (Zebur 128:1, 2). Şol sebäpli biz Mukaddes Ýazgylardan öwrenen zatlarymyzy adamlara gürrüň berýäris.

Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşaýarlar. Bu kada-kanunlary Mukaddes Ýazgylardan tapsa bolýar. Olar bizi bagtly ýaşamaga, dogruçyl bolmaga, adamlara hormat goýmaga we ýagşylyk etmäge höweslendirýär. Şeýle-de bu kada-kanunlar bize hormata mynasyp, zähmetsöýer, ahlak taýdan arassa adam bolmaga we maşgalany agzybir etmäge kömek edýär. «Hudaý hiç kimi ala tutmaýar», şol sebäpli biziň aramyzda ne milletparazlyk, ne-de syýasy bölünişik bar. Biz bütindünýä doganlygyň agzalarydyrys. Biz ýönekeý adamlar bolsak-da, ajaýyp halk hökmünde tanalýarys (Resullaryň işleri 4:13; 10:34, 35).

  • Ýehowanyň Şaýatlaryna näme üçin ýönekeý we sada adamlar diýse bolar?

  • Ýehowanyň Şaýatlary durmuşyny nädip özgertdiler?