Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Pornografiýadan näme üçin gaça durmaly?

Pornografiýadan näme üçin gaça durmaly?

33-NJI BAP

Pornografiýadan näme üçin gaça durmaly?

Pornografiýa gözüň düşýän wagty bolýarmy?

□ Hiç haçan

□ Käte

□ Hemişe

Köplenç nirede gözüň düşýär?

□ Internetde

□ Mekdepde

□ Telewizorda

□ Başga ýerde

Şeýle ýagdaýda näme edýärsiň?

□ Derrew gözümi aýyrýaryn

□ Bilesigelijilik bilen biraz seredýärin

□ Soňuna çenli görýärin we hatda ýene gözleýärin

MUNDAN birnäçe ýyl öň pornografiýany görmek üçin gözlemeli bolan bolsa, şu günler pornografiýanyň özi seni gözleýär. 19 ýaşly bir gyz şeýle diýýär: «Käte men bir zat gözlemek ýa zat satyn almak, ýa-da bankdaky pulumy barlamak üçin Internete girenimde, birdenkä pornografiýa peýda bolýar». Şeýle ýagdaýlar az bolmaýar. 8 ýaşdan 16 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda geçirilen barlaga görä, olaryň 90 göterimi köplenç öý işlerini etmek üçin Internete girenlerinde pornografiýa duýdansyz duş gelendiklerini aýdýar.

Köpleriň pornografiýany görýändigi üçin, seniň hem: «Bu şeýle erbet zatmy?» diýmegiň mümkin. Elbetde, erbet zat! Pornografiýa ony çykarýanlara-da, görýänlere-de erbet täsir edip, köplenç ahlaksyzlyk etmäge iterýär. Ýöne munuň başga-da zyýanly taraplary bar.

Pornografiýa görmek wagtyň geçmegi bilen endige girýär, onuň erbet netijesini bolsa uzak wagtlap çekmeli bolýar. Pornografiýa görmek endigini goýanyna 14 ýyl geçen Jef şeýle gürrüň berýär: «Men her gün göreşýärin. Gaty güýçli bolmasa-da, mende entegem ony görmek islegi bar. Az-owlak bilesigelijiligimem bar. Şol wagtky gören zatlarym henizem aňymda dur. Muny görmedik bolsam gowy bolardy. Bu başda zyýansyz bolup göründi. Ýöne munuň beýle däldigine indi düşünýärin. Pornografiýa adamyň içki dünýäsini zaýalap, özüne bolan hormatyny gaçyrýar. Pornografiýany gowy görýänler näme diýseler-de, onuň hiç hili gowy zady ýok».

Ýagdaýy barla

Sen pornografiýany ýörite görmeseň-de, oňa duýdansyz gözüň düşmegi mümkin. Mundan gaça durmak üçin näme edip bilersiň? Ilki bilen, ýagdaýy anykla. Meselem, oňa nirede gözüň düşmegi ahmal? Aşakdaky ýagdaýlara seret:

Käbir klasdaşlaryň poçta ýa-da el telefony arkaly ýarym-ýalaňaç suratlary ugradýarmy? Eger şeýle bolsa, olary açmankaň öçür.

Internetden bir maglumat gözlemek üçin söz ýazanyňda, ahlaksyz suratlar ýa-da hatlar çykýarmy? Eger çykýan bolsa, onda ýazjak sözleriňi ünsli saýla.

Haýsy ýagdaýlarda pornografiýa duş gelýändigiňi ýaz.

․․․․․

Şeýle ýagdaýlara asla duş gelmez ýaly ýa-da azrak duş geler ýaly näme edip biljekdigiňi ýaz.

․․․․․

Endik bolan bolsa näme etmeli?

Käbirleriniň pornografiýa gözi düşýän bolsa, başgalar ony ýörite görýär. Eger bu endik bolan bolsa näme etmeli? Şeýle endigi goýmak gaty kyn bolar. Aýdaly, ýüpi bir gezek aýlap elleriňi daňýarlar. Muny çözmek kyn bolmaz. Ýöne ýüpi birnäçe gezek aýlap daňsalar, ony çözmek kyn bolýar. Pornografiýa görmegi endik edinen adamlar barada-da şeýle diýse bolýar. Olar ony näçe köp görseler, şonça-da onuň duzagyna düşýärler. Eger senem şeýle ýagdaýa düşen bolsaň, bu endigi nädip taşlap bilersiň?

Pornografiýanyň zyýanlydygyna düşün. Şeýtan pornografiýa arkaly Ýehowanyň döreden päk we hormata mynasyp zatlaryny hapalajak bolýar. Muňa düşünseň, «ýamanlygy ýigrenersiň» (Zebur 97:10).

Netijesi hakda oýlan. Pornografiýa maşgalany bozýar. Mundan başga-da, pornografiýa oňa gatnaşýanlaryň mertebesini peseldýär. Ony görýänleriň bolsa, aňyny zäherleýär. Şonuň üçin Mukaddes Ýazgylarda: «Paýhasly adam bela-beteri görüp gizlenýändir; mön adamlar bolsa ileri geçip, zyýan görýändir» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 22:3). Pornografiýa görmek örän howply. Onuň nähili howp salyp biljekdigini aşakdan ýaz.

․․․․․

Özüňe söz ber. Hudaýa wepaly Eýýup pygamber: «Boý gyza gyýa göz bilen bakmajagyma ant içdim» diýýär (Eýýup 31:1). Senem özüňe aşakdaky ýaly zatlary söz berip bilersiň:

Öýde ýeke wagtym Internete girmerin.

Ahlaksyz suratly ýa-da hatly saýtlar duýdansyz açylsa, ony derrew ýaparyn.

Ýene pornografiýa görsem, ruhy taýdan ösen dostum bilen gepleşerin.

Pornografiýa görmek endigini ýeňmek üçin ýene näme edip bilersiň? Aşakdan edip biljek zatlaryň birki sanysyny ýaz.

․․․․․

Bu barada doga et. Mezmurçy: «Gözümi biderek zatlary görmekden sow» diýip, Ýehowa ýalbarýar (Zebur 119:37). Ýehowa seniň bu göreşde ýeňiş gazanmagyňy isleýär. Ol saňa dogry hereket etmegiň üçin güýç berer (Filipililer 4:13).

Biri bilen gepleş. Köplenç ynamdar biri bilen gepleşmek hem erbet endigiňi goýmaga kömek edýär (Süleýmanyň tymsallary 17:17). Bu barada kim bilen gepleşip biljekdigiňi ýaz.

․․․․․

Pornografiýa garşy söweşde ýeňip biljekdigiňe asla şübhelenme! Dogrudanam, sen her gezek pornografiýa görmäniňde, uly ýeňiş gazanýarsyň. Bu söweşde beren güýji üçin Ýehowa minnetdarlyk aýdyp, ýeňşiň barada oňa gürrüň ber. Sen pornografiýadan gaça durup, Ýehowany begendirýändigiňi hiç haçan unutma! (Süleýmanyň tymsallary 27:11).

ESASY PIKIRI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

«Şol sebäpli beden agzalaryňyzdaky ahlaksyzlygy, hapalygy, erk edip bolmaýan ahlaksyz islegleri, erbet höwesleri we butparazlyk bolan açgözlügi öldüriň». Koloslylar 3:5

MASLAHAT

Ahlaksyz saýtlar açylmaz ýaly kompýuteriňde blok goý. Şeýle-de nätanyş adamlardan gelen hatlary açma.

BILÝÄŇIZMI?

Pornografiýa görmek islegi hem Nuhuň günlerindäki jynlaryň jynsy gatnaşyk etmek islegi ýaly nädogry (Gelip çykyş 6:2).

SEN NÄME ETMEKÇI?

Pornografiýadan gaça durmak üçin, men ․․․․․

Bu babatda ene-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․

SEN NÄHILI JOGAP BERERSIŇ?

Hormata mynasyp zady pornografiýa nädip hapalaýar?

Eger jigiň pornografiýanyň duzagyna düşen bolsa, sen oňa nädip kömek edersiň?

[278-nji sahypadaky sitata]

«Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başlamankam, neşäniň hemme görnüşinden diýen ýaly dadyp gördüm. Ýöne erbet endiklerimiň içinde pornografiýa görmegi goýmak iň kyny boldy. Men muny diňe Ýehowanyň kömegi bilen ýeňip bildim» Jef

[276-njy sahypadaky surat]

Pornografiýany näçe köp görseň, oňa şonça-da bagly bolýarsyň