Gybatyň nämesi erbet?
12-NJI BAP
Gybatyň nämesi erbet?
«Bir gezek men oturylyşyga gitdim. Ertesi gün bir oglan bilen ýatandygym barada gep-gürrüň ýaýrady. Bu düýbünden ýalandy». Linda
«Käte men asla tanamaýan gyzym bilen söýüşýändigim barada gürrüňleri eşidýärin. Köpler aýdýan zadynyň çyn ýa ýalandygyny asla barlamaýar». Maýk
GYBAT gyzykly hem-de boş gürrüňlerden doly welin, roman ýazaýmaly. Munuň şeýledigine göz ýetiren 19 ýaşly Enbera şeýle diýýär: «Meniň hemişe gybatymy edýärler. Bir gün-ä „göwreli bolupdyr“, ertesi gün „çagasyny aýyrdypdyr“, soňky gün bolsa „neşe satýar“, hatda „çekýärem“ diýen gürrüňleri eşidýärin. Men hiç düşünemok; adamlar näme üçin men hakda şeýle zatlary aýdýarka?!»
Erbet niýetli adam bir sözem aýtman, elektron haty ýa-da SMS arkaly seni abraýdan düşürip bilýär. Onuň hemmelere ýalan zatlary ugratmagy üçin bir düwmä basmagy ýeterlik. Internetde biriniň adyny garalamak üçin döredilen saýtlar hem az däl. Käte bloklarda, ýagny pikiriňi ýazyp bolýan web-saýtlarda adamyň yzyndan edilýän her dürli gep-gybatlar ýazylýar.
Başgalaryň gürrüňini etmek hemişe erbetmi?
Dogrumy ýa nädogrudygyny bellik et.
Biriniň gürrüňini etmek hemişe erbet. □ Dogry □ Nädogry
Munuň jogaby seniň «gürrüňi» nähili niýet bilen edýändigiňe bagly. Bir adam hakda gürrüň etmek, umuman, nädogry däl. Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda başgalar bilen gyzyklanmalydygy aýdylýar (Filipililer 2:4). Ýöne bu başgalaryň işine goşulmalydygyny aňlatmaýar (1 Petrus 4:15). Biz ýörite biriniň gürrüňini edip däl-de, özara gürrüňdeş bolanymyzda biriniň toý edýändigi ýa-da çagasynyň bolandygy barada gepleşýäris. Dogrudanam, biz başgalar hakda asla gürrüň etmesek, olar bilen gyzyklanýarys diýip bilmeris.
Ýöne özara gürrüňdeşlik hem aňsatlyk bilen gybata ýazyp biler. Meselem, «Erkin bilen Akjagül bir-birine mynasyp jübüt bolardy» diýen sözler «Erkin bilen Akjagül mynasyp jübüt» diýen gürrüňe öwrülýär. Aslynda, olar bir-biri bilen durmuş gurmak hakda pikirem etmeýärler. Belki, bu gürrüň seniň üçin uly zat däldir. Ýöne özüňi olaryň ýerine goýup gör! Eger sen Erkin ýa-da Akjagül bolan bolsaň, onda bu ýagdaýa başgaça serederdiň.
Edil şeýle ýagdaýy 18 ýaşly Juliýa başyndan geçirdi. Gybatynyň edilmegi oňa gaty agyr degipdi. Ol: «Meniň gaty gaharym geldi, indi hiç kime ynanyp bilemok» diýýär. 19 ýaşly Jeýn hem şeýle ýagdaýa düşüpdi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Ikisi söýüşýär diýip gürrüň çykaransoňlar, men ondan gaçyp başladym. Bu adalatsyzlyk dälmi näme?! Sebäbi men indi dostum bilen gepleşibem bilmeýärin».
Aýdýan zatlaryňa ünsli bol!
Aýdýan zatlaryň gybata ýazyp başlasa nädip saklanyp bilersiň? Aýdaly, sen köp gatnawly ýoldan ulag sürüp barýarsyň. Sen islendik wagt ýoluňy üýtgetmäge, tizligiňi haýallatmaga ýa-da ulagy saklamaga taýýar bolmaly. Eger hemişe ünsli bolsaň, howply ýagdaý dörände, onuň öňüni alyp bilersiň.
Edil şonuň ýaly, gürrüňdeşlik hem aňsatlyk bilen gybata ýazyp biler. Şeýle ýagdaýda gürrüňi başga tarapa öwürmeseň, onuň erbet netijesinden gaçyp bilmersiň.
Maýk şeýle gürrüň berýär: «Men pikirlenmän bir gyz hakda: „Onuň kellesinde diňe oglan bar“ diýipdirin. Ol muny eşidip, menden öýkeläpdir. Onuň göwnüne degendigimi aýdany häli-häzirem gulagymda ýaňlanyp dur. Häzir aramyz gowy bolsa-da, şeýle edenime ökünýärin».Dogrudanam, «tyg ýarasy biter, söz ýarasy bitmez» diýlişi ýaly, söz adamyň ýüregine bitmejek ýara salyp bilýär. Hatda Mukaddes Ýazgylarda-da: «Biri bardyr, gylyjyň sanjylyşy ýaly, soňuny saýman gepleýändir» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 12:18). Şonuň üçin bir zat diýmezden öň, «ýedi ölçäp bir kesmeli». Hakykatdan-da, gürrüňdeşlik gybata ýazmanka saklanmak üçin özüňe erk etmeli. 17 ýaşly Karalina hem munuň şeýledigi bilen ylalaşyp: «Aýdýan zatlaryňa ünsli bolmaly. Sen onuň dogrudygyna göz ýetirmeseň, ýalan zatlar ýaýratmagyň mümkin» diýýär. Eger gürrüňdeşlik gybata ýazyp başlasa, Pawlus resulyň: «Parahat ýaşamagy, başgalaryň işine goşulmazlygy... maksat edin» diýen maslahatyna eýer (1 Selanikliler 4:11).
Sen başgalar bilen gyzyklanýandygyňy we olaryň işine goşulmaýandygyňy nädip görkezip bilersiň? Bir zat aýtmazdan öň: «Men munuň dogrudygyny anyk bilýärinmi? Muny näme üçin aýdýaryn? Gybat etsem öz abraýyma nähili täsir eder?» diýen soraglaryň üstünde pikirlen. Bu soraglaryň soňkusy hasam wajyp. Sebäbi gybat etmek bilen sen başganyň däl-de, öz abraýyňa zyýan ýetirýärsiň.
Gybatyňy edenlerinde
Gybatyňy etseler näme ederdiň? Wagyz kitaby 7:9-da: «Tizgahar bolma» diýilýär. Şonuň üçin muny känbir ýüregiňe alma. Mukaddes Ýazgylarda: «Adamlaryň diýýän her sözüne üns berme... Seniň hem başgalara telim gezek gargandygyňy kalbyň bilýändir» diýilýär (Wagyz kitaby 7:21, 22).
a.
Elbetde, başgalaryň aýdan sözlerini yzyna gaýtaryp bolmaýar. Ýöne sen duýgularyňa ýol berip, ol hakda köp alada etseň, gybatdanam beter köp zyýan çekersiň. Rano gybaty edilende dogry garaýşyny saklap bildi. Ol şeýle diýýär: «Men barada ýalan zat aýtsalar, köplenç erbet täsir edýär. Ýöne men peşeden pil ýasamajak bolýaryn. Sebäbi bu gün meniň gürrüňimi etseler, ertir başga biriniňkini hem ederler»Gürrüňdeşlik gybata ýazmaz ýaly paýhasly bolup, onuň öňüni al. Eger gybatyňy etseler, ruhy taýdan ýetişen adam hökmünde muňa känbir üns berme. Goý, edýän işleriň seniň nähili adamdygyňy görkezsin (1 Petrus 2:12). Şeýdip, adamlar bilen gowy gatnaşykda bolarsyň we Hudaý bilen dostlugyňy berkidersiň.
[Çykgyt]
a Käbir ýagdaýlarda gybatyňy edýän adam bilen gepleşseň gowy bolýar. Köplenç bolsa «söýginiň köp günäleriň üstüni örtýändigi» üçin gepleşmek gerek hem bolmaýar (1 Petrus 4:8).
ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR
«Agzyny saklaýan janyny goraýandyr; agzyny giň açana bolsa heläkçilik bardyr». Süleýmanyň tymsallary 13:3
MASLAHAT
Seniň ýanyňda biri gybat etse, oňa şeýle diýip bilersiň: «Onuň özi ýokka gürrüňini etsek, men özümi birhili duýýaryn. Eger ol bu ýerde bolsa, özi saňa jogap berip bilerdi».
BILÝÄŇIZMI?
Gybaty diňleseň, oňa belli bir derejede goşulýarsyň. Gybatça gürrüňini dowam etmäge mümkinçilik berip, gybatyň ýaýramagyna ýol berýärsiň.
SEN NÄME ETMEKÇI?
Dogrudygyny ýa-da nädogrudygyny bilmän bir zat aýtjak bolsam, men ․․․․․
Men barada erbet zatlary aýdan bolsalar, muny çözmek üçin ․․․․․
Bu babatda ene-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․
SEN NÄHILI JOGAP BERERSIŇ?
● Haýsy ýagdaýda başgalar barada gürleşmek ýerlikli?
● Seniň gybatyňy edipdilermi? Eger eden bolsalar, mundan näme sapak edindiň?
● Gybat etseň abraýyňa nähili täsir eder?
[107-nji sahypadaky sitata]
«Men biriniň gybatyny edipdim. Ol meniň ýanyma gelip gepleşende, girere deşik tapmadym. Bu meniň üçin ýatdan çykmajak sapak boldy. Men biriniň yzyndan gybatyny etmeli däl-de, onuň bilen ýüzbe-ýüz gürleşmelidigini öwrendim» Paula
[108-nji sahypadaky surat]
Gylyjyň zyýan ýetirişi ýaly, gybat hem adamy abraýdan gaçyrýar