Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Maksatlaryňa ýetmek üçin näme etmeli?

Maksatlaryňa ýetmek üçin näme etmeli?

39-NJY BAP

Maksatlaryňa ýetmek üçin näme etmeli?

Sen şu üç zadyň haýsysyna ýetmek isleýärsiň?

□ Özüňi ynamly duýmak

□ Köpräk dost tutunmak

□ Bagtly bolmak

ASLYNDA, sen bularyň üçüsinem gazanyp bilersiň. Ýöne nädip? Munuň üçin öňüňde anyk maksatlary goýup, olara ýetmäge jan etmeli. Gel, bu babatda giňişleýin gürrüň edeli.

Özüňi ynamly duýmak. Sen kiçiräk maksatlary goýup, olara ýetseň, özüňe bolan ynamyň artyp, has ulurak maksatlary hem goýup başlarsyň. Özüňe ynamly bolsaň, her günki kynçylyklaryň hötdesinden gelmegi, meselem, deň-duşlaryň täsirine garşy durmagy başararsyň.

Köpräk dost tutunmak. Köpler durmuşda anyk maksatlary goýýan we oňa ýetmek üçin jan edýän adam bilen dostlaşmak isleýärler.

Bagtly bolmak. Hiç hili maksada ymtylman, el gowşuryp otursaň, durmuşyň içgysgynç bolýar. Emma anyk maksatlary goýup, olara ýeteniňde, gazanan üstünligiňe begenýärsiň. Onda nämeden başlamaly? Bu babatda saňa indiki sahypalardaky maslahatlar gowy kömek eder a.

✔ 1 MAKSATLARYŇY ANYKLA

1. Öňüňde goýup biljek maksatlaryňy ýaz. Kän bir oýlanyp oturman, kelläňe gelen pikirleriň ählisini ýazyp bilersiň. Goýup biljek maksatlaryň azyndan 10 sanysyny bellik et.

2. Olaryň haýsysyna ýetjekdigiňi doly anykla. Sen bellik eden maksatlaryň haýsysyna ýetmek isleýärsiň? Olaryň haýsy birine ýetmek kynrak bolar? Haýsy maksadyňa ýetseň has begenersiň? Ýöne sen bir zady unutma, goýan maksadyňy özüň wajyp saýmasaň, oňa ýetmek üçin tagalla edesiň gelmez.

3. Iň wajybyndan başla. Goýan maksatlaryňy has wajybyndan başlap, tertip sanlar bilen bellik et.

✔ 2 ÖŇÜNDEN TAÝÝARLAN

Öňüňde goýan maksatlaryňa ýetmek üçin, şu maslahatlara eýerip bilersiň.

Maksadyňy ýaz.

Ýurdumyzda ýaşaýan türklere wagyz etmek üçin türk dilini öwreneýin

Oňa haçan ýetip biljekdigiňi bellik et. Anyk bir sene bellemeseň, maksadyň ýöne bir arzuw bolup galar.

1-nji iýul

Maksadyňa ýetmek üçin nämeleri edip biljekdigiňi ýaz.

Etmeli zatlarym

1. Sözlük almaly.

2. Her hepde 10 söz öwrenmeli.

3. Türkçe gürleýän adamlaryň gepleýşine üns bermeli.

4. Türk dilini bilýän adamdan meniň gepleýşimi we sözleri dogry aýdyşymy barlamagy haýyş etmeli.

Döräp biläýjek kynçylyklary anykla. Olara nädip döz geljekdigiň barada oýlan.

Kynçylyk

Meniň türkçe gepleýän tanşym ýok

Maksadyňa çynlakaý gara. Oňa ýetmek üçin eliňde baryny etmegi berk ýüregiňe düw. Goluňy çekip, senäni ýaz.

Näme etse bolar?

jw.org saýtymyzdan türkçe audioýazgylary ýükläp alyp bilerin.

․․․․․ ․․․․․

Goly Senesi

✔ 3 HEREKET ET

Soňa goýma. Sen öz ýanyňdan: «Men bu maksadyma ýetmek üçin häzirden näme edip bilerin?» diýip oýlanyp gör. Elbetde, sen hemme zady bellik edişiň ýaly edip bilmersiň, ýöne maksadyňa ýetmek üçin hereket edip başlamakdan gorkma. Mukaddes Ýazgylarda: «Ýele seredýän ekin ekmez; bulutlara bakýan orak ormaz» diýilýär (Wagyz kitaby 11:4). Şonuň üçin senem eýýäm şu günden başlap näme edip biljekdigiň hakda oýlan. Ol ujypsyz zat ýaly bolup görünse-de, üstünde işlejek bol.

Gazanan üstünlikleriňi barlap dur. Goýan maksatlaryňa ýetmegiň wajypdygyny hemişe özüňe ýatladyp dur. Olaryň haýsysyna ýeten bolsaň gapdalynda ✔ belligi goý ýa-da şol günki senäni ýaz.

Maksadyňa ýeteniňde aljak şatlygyň barada oýlan. Goýan maksadyňa ýeteniňde özüňi nähili duýjakdygyňy göz öňüne getirip gör. Eýsem, sen gazanan üstünligiňe begenmersiňmi? Şol maksadyňa ýetmäge kömek edýän ädimler barada-da oýlanyp gör. Sen olaryň her birinden geçip, ahyrky maksadyňa ýeteniňde nähili şatlanjakdygyňy göz öňüne getir. Indi bolsa maksada okgunly hereket edip başla!

[Çykgyt]

a Bu maslahatlar, esasan, kiçi maksatlara degişli bolsa-da, ondaky prinsipler uly maksatlary goýanyňda hem peýdaly bolup biler.

ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

«Işeňňir adamyň pikirleri diňe bolçulyga getirýändir». Süleýmanyň tymsallary 21:5

MASLAHAT

Ähli zady edil öňünden taýýarlanyşyň ýaly etjek bolma. Ýagdaýa görä hereket edip, maksadyňa ýetýänçäň, gerekli özgerişleri et.

BILÝÄRSIŇMI... ?

Öňüňde näçe uly maksat goýsaň, oňa ýeteniňde şonça-da begenersiň.

NÄHILI PIKIR EDÝÄRSIŇ?

● Öňüňde çendenaşa köp maksatlary goýmak paýhaslymy? (Filipililer 1:10).

● Maksat goýmak durmuşda her bir ädimiňi öňünden planlaşdyrmagy aňladýarmy? (Filipililer 4:5).

[283-nji sahypadaky sitata]

«Durmuşda bir zada ymtylmasaň we hiç hili maksadyň bolmasa, göwnüçökgün bolup gezýärsiň. Emma öňüňde belli bir maksatlary goýup, olara ýeteniňde, özüňi ynamly duýýarsyň» Rid

[283-nji sahypadaky çarçuwa]

Nusgalyk maksatlar

Dostluk Özümden uly ýaşly adam bilen dostlaşaýyn. Ýygnakdaky dostlarym bilenem gatnaşygymy berkideýin.

Saglyk Her hepde azyndan bir ýarym sagat beden maşklaryny edip, günde 8 sagat ýatyp ukymy alaýyn.

Mekdep Matematikadan gowy bahalary aljak bolaýyn. Deň-duşlarymyň täsirine garşy durmaga jan edeýin.

Ruhy zatlar Her gün 15 minut Mukaddes Ýazgylary okaýyn. Şu hepde klasdaşlarymyň birine wagyz edeýin.

[285-nji sahypadaky surat]

Maksatlar edil taslama ýalydyr. Ony durmuşa geçirmek üçin köp tagalla etmeli