Köpçüligiň täsirine düşmäň
Ýehowa kazylara we şaýatlyk edýän adamlara köpçüligiň täsirine düşüp, adalatsyz höküm çykarmazlygy, ýalan şaýatlyk etmezligi tabşyrdy. Emma Hudaýyň köpçüligiň yzyna eýermäň diýen duýduryşyna diňe bir kazyýetde däl, her bir ýagdaýda gulak asmaly. Hudaýy närazy edýän adamlaryň täsirine düşmez ýaly, mesihçiler hemişe ünsli bolmaly (Rim 12:2).
Biz haýsy ýagdaýlarda köpçüligiň täsirine düşüp, ýalňyş hereket edip bileris?
-
Ýaramaz gürrüňleri, gybaty diňlemäň
-
Egin-eşik saýlamak, saçyňa timar bermek, dynç almak
-
Milletine, jynsyna, medeniýetine we baýlygyna seredip, adamlary ala tutmaň