Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

«Mynasyp zatlar hakda oýlanyň»

«Mynasyp zatlar hakda oýlanyň»

Nähili zatlar hakda oýlanmaly? Filipililer 4:8-de: «Hakyky, wajyp, dogry, päk, söýgä höweslendirýän, ýagşy, öwgä we şöhrata mynasyp zatlar hakda oýlanyň» diýilýär. Elbetde, bu mesihçileriň hemişe ruhy zatlar hakda oýlanmalydygyny aňlatmaýar. Emma biz Ýehowa ýaraýan zatlar hakda oýlanmaly. Biziň oý-pikirimiz Hudaýa wepaly bolmaga päsgel bermeli däl (Zb 19:14).

Erbet zatlar hakda pikir etmezlik kyn bolup biler. Biz diňe bir bikämillik bilen däl-de, «dünýäniň taňrysy» Şeýtanyň hüjümlerine garşy hem göreşmeli bolýarys (2Kr 4:4). Dünýä Şeýtanyň goly astynda bolandygy üçin, ol telewizor, radio, Internet, gazet-žurnallar we kitaplar arkaly aňymyzy zaýalajak bolýar. Eger biz görýän, diňleýän ýa okaýan zatlarymyza ünsli bolmasak, pikirimiz zaýalanyp, ahyrsoňy günä ederis (Ýak 1:14, 15).

«BIWEPALYGA ITERÝÄN ZATLARDAN GAÇA DURUŇ: ÝERLIKSIZ GÖWÜN AÇMALAR» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ: