Butparazlykdan gaçyň
Müsürlileriň butlara sežde edişi ysraýyllara täsir eden bolmaly. Şu günler butparazlygyň her dürli görnüşleri bar, hatda olaryň käbirini anyklap hem bolmaýar. Elbetde, biz Hudaýa sežde etmek üçin but ýasamaýarys, ýöne Ýehowa ýürekden gulluk etmegiň deregine, öz islegimize görä ýaşasak, buta sežde etdigimiz bolar.
Haýsy zatlar maňa Ýehowa ýürekden sežde etmäge päsgel berýär? Şol zatlar ýüregimi eýelemez ýaly näme edip bilerin?