Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Päk ýaşaýşymyz we çuňňur hormatymyz adamyň ýüregine güýçli täsir edýär

Päk ýaşaýşymyz we çuňňur hormatymyz adamyň ýüregine güýçli täsir edýär

Köplenç uýalaryň gowy edim-gylymy iman etmeýän äriniň ýüregine güýçli täsir edýär. Netijede, olar hem hakykata gelýär. Emma munuň üçin uýalar birnäçe ýyllap kynçylyk çekmeli bolýarlar (1Pe 2:21—23; 3:1, 2). Eger adalatsyzlykdan ejir çekýän bolsaňyz, ýamanlygy ýagşylyk bilen ýeňiň (Rim 12:21). Şonda gowy edim-gylymyňyz adamyň ýüregine sözden has güýçli täsir eder.

Bir mesele ýüze çykanda, ýanýoldaşyňyzyň ýerine özüňizi goýup görüň (Flp 2:3, 4). Maşgaladaky borjuňyzy ýürekden ýerine ýetiriň. Mähirli, duýgudaş boluň we ünsli diňläň (Ýak 1:19). Sabyrly boluň, ýanýoldaşyňyzy söýýändigiňizi görkeziň. Ol siziň bilen mähirli we sylaşykly bolmasa-da, wepalylygyňyzy Ýehowanyň gymmat saýýandygyny unutmaň (1Pe 2:19, 20).

«ÝEHOWA ÝÜKÜMIZI GÖTERMÄGE GÜÝÇ BERÝÄR» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Greýs Li uýamyz durmuşa çykan döwri nähili ýaşaýardy?

  • Onuň hakykata gelmegine näme sebäp boldy?

  • Li uýamyz suwa çümdürileninden soň, kynçylyklara nädip çydady?

  • Uýamyz adamsy hakda näme diýip doga etdi?

  • Uýamyz päk ýaşaýşy we çuňňur hormaty bilen nähili bereketleri aldy?

Päk ýaşaýşyň we çuňňur hormatyň täsiri güýçli!