Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

28 aprel—4 maý

NAKYLLAR 11

28 aprel—4 maý

90-njy aýdym we doga | Giriş sözler (1 min).

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR

1. Diliňi dişle!

(10 min).

Diliň bilen «goňşyňa» ýara salma (Nak 11:9; w02 15/5 sah. 26, abz. 4).

Agzalalyk döretmäň (Nak 11:11; w02 15/5 sah. 27 abz. 2, 3).

Syr saklamagy başaryň (Nak 11:12, 13; w20.03 sah. 22, abz. 12, 13).

OÝLANMAK ÜÇIN SORAG: Luka 6:45-nji aýat ýürege ýara salýan sözleri aýtmazlyga maňa nädip kömek edýär?

2. Dürdäne pikirler

(10 min).

  • Nak 11:17. Mähirli adam bolmagyň nähili peýdasy bar? (w18.11 sah. 30, abz. 4—6).

  • Şu hepde okalýan aýatlardan nähili dürdäne pikirleri tapdyňyz?

3. Mukaddes Kitaby okamak

(4 min). Nak 11:1—20 (th sapak 5).

WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ

4. Gürrüňdeşlige başlaň

(4 min). MÜMKINÇILIKDEN PEÝDALANYP WAGYZ ETMEK. Ýygnakda halan pikiriňizi tanyş-bilişleriňize gürrüň beriň (lmd sapak 2, abz. 4).

5. Gaýtadan ideg ediň

(4 min). MÜMKINÇILIKDEN PEÝDALANYP WAGYZ ETMEK. «Okuw esbaplaryndan» wideony görkeziň we wagyz ediň (lmd sapak 8, abz. 3).

6. Şägirt taýýarlaň

(4 min). KÖPÇÜLIK ÝERLERINDE WAGYZ ETMEK. Mukaddes Kitap okuwuny teklip ediň we geçirilişini görkeziň (lmd sapak 10, abz. 3).

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

157-nji aýdym

7. Diliň bilen agzybirligi bozma

(15 min). Söhbetdeşlik.

Biziň ählimiz bikämil, şol sebäpli dilimizi saklap bilmän göwne degiji söz aýdýarys (Ýak 3:8). Emma dörejek kynçylyk hakda öňünden oýlansak, ýalňyşmarys we dilimizi saklap bileris. Geliň, ýygnakda agzybirligi bozýan ýagdaýlara seredeliň.

  • Öwünmek. Öwünjeň adam men-menlik, bäsdeşlik we göriplik edýär (Nak 27:2).

  • Ýalan. Ýalan söz diňe bir nädogry zady aýtmak däl-de, aýlawly gepläp adamyň pikirini garyşdyrmak. Ýarym-ýalan, ýarym-çyn sözleýän adam ynamdan gaçýar we abraýdan düşýär (Nes 10:1).

  • Gybat. Gybat biri hakda ýalan gep-gürrüň etmek ýa-da onuň syryny paş etmek (1Tm 5:13). Gybat dawa-jenjel turuzýar we agzalalyk döredýär.

  • Hapa söz. Göwnüňe degen adama bolan gahar-gazap sebäpli aýdylýan awuly söz (Efs 4:26). Hapa söz adamyň ýüregine ýara salýar (Nak 29:22).

«Parahatlygy bozýan „häsiýetleri egniňizden çykaryň“» (parça) diýen wideony görkeziň. Soňra şu soragy beriň:

  • Gep-gürrüňiň dogan-uýalaryň agzybirligini bozup bilýändigi barada näme öwrendiňiz?

Agzybirligi dikeldip bolýandygyny bilmek üçin «Parahatlygy agtaryň, ony gorap saklaň» diýen wideony görüň.

8. Mukaddes Kitaby öwreneliň

Jemleýji sözler (3 min) | 2025-nji ýylyň kongresiniň täze aýdymy we doga