MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Siz ykdysady kynçylyklara taýýarmy?
Şu günler ykdysady kynçylyklar sebäpli bütin dünýädäki adamlar ýeter-ýetmezçilikden kösenýär. Ýöne biz muňa geň galmaýarys. Mukaddes Kitapda biziň soňky günleriň soňky sagatlarynda ýaşaýandygymyz we «ýalan baýlyga» bil baglamaly däldigimiz aýdylýar (1Tm 6:17; 2Tm 3:1). Biz ykdysady kynçylyklara duş gelenimizde Ýehoşapat patyşanyň göreldesine eýerip bileris.
Duşmanlar hüjüm edende, Ýehoşapat Ýehowa bil baglady (2Tr 20:9—12). Şeýle-de ol söweşe taýýarlyk gördi we şäherleriň diwarlaryny berkidip, esgerlerini goýdy (2Tr 17:1, 2, 12, 13). Biz hem Ýehoşapat ýaly Ýehowa bil baglasak we öňünden taýýarlyk görsek, kynçylyklara döz geleris.
«SIZ BETBAGTÇYLYGA TAÝÝARMY?» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
-
Betbagtçylyga her birimiz aýratynlykda nädip taýýarlyk görüp bileris?
-
Başgalara kömek etmäge nädip taýýar bolup bileris?