MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Sen taýýarmy?
Ýaşaýan ýeriňizde tebigy betbagtçylyk bolýan bolsa, siz olara taýýarmy? Ýertitremeler, harasatlar, tokaý ýangynlary we suw joşgunlary duýdansyz bolup, uly weýrançylyk getirýär. Şeýle-de käbir ýerlerde terrorçylyk, gozgalaňlar we gyrgynçylyk garaşylmadyk ýagdaýda bolmagy mümkin (Nes 9:11). Biz ýaşaýan ýerimizde şular ýaly betbagtçylyklar bolmaz diýip arkaýyn bolmaly däl.
Betbagtçylyk bolanda paýhasly hereket eder ýaly, olara öňünden taýýarlanmaly (Nak 22:3). Ýehowanyň guramasy betbagtçylyk ýagdaýynda gerekli kömegi berýän bolsa-da, bu biziň öz tarapymyzdan hiç zat etmeli däldigimizi aňlatmaýar (Gal 6:5, çykgyt).
«SEN TEBIGY BETBAGTÇYLYGA TAÝÝARMY?» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
-
Tebigy betbagtçylyga ruhy taýdan nädip taýýarlyk görüp bileris?
-
Näme üçin...
-
• ýaşulular bilen betbagtçylyk başlamazdan öň, betbagtçylyk döwri we soň aragatnaşykda bolmak wajyp?
-
• gerekli zatlary taýýarlap goýmaly? (g17.5 sah. 6, çarçuwa)
-
• tebigy betbagtçylyk barada we her bir ýagdaýda nähili hereket etmelidigini öňünden gürleşmeli?
-
-
Biz haýsy üç ýol bilen tebigy betbagtçylykdan ejir çekenlere kömek edip bileris?