Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Haýwanlardan batyrgaý bolmagy nädip öwrenip bileris?

Haýwanlardan batyrgaý bolmagy nädip öwrenip bileris?

Ýehowa geçmişde ýaşan hudaýhon adamlaryň göreldesi arkaly özüne ýaraýan gowy häsiýetleri ösdürmegi öwredýär. Şeýle-de ol ýaradan zatlarynyň üsti bilenem bize köp zatlary öwredýär (Eýp 12:7, 8). Biz ýolbarsdan, atdan, mangustdan, kolibri guşundan hem-de pilden batyrgaý bolmagy nädip öwrenip bileris?

«ÝARADYLAN ZATLARDAN BATYRGAÝ BOLMAGY ÖWRENIŇ» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Ene ýolbarslar çagalaryny goranlarynda, batyrgaýlygyny nädip görkezýärler?

  • Atlar söweşde gorkmaz ýaly, olara nädip tälim berilýär?

  • Mangustlar zäherli ýylanlardan näme üçin gorkmaýar?

  • Kiçijik kolibri guşlary batyrgaýlygyny nädip görkezýärler?

  • Piller sürüsindäki beýleki pilleri nädip batyrgaýlyk bilen goraýarlar?

  • Şu haýwanlardan batyrgaý bolmakda näme öwrendiňiz?