MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Hudaýyň göze görünmeýän häsiýetlerini görýärsiňizmi?
Siz owadan reňkli gülleri, ýyldyzly asmany, şaggyldap akýan şaglawugy synlanyňyzda, Ýaradyjynyň elleriniň işini görýärsiňizmi? Daş-töweregimizdäki ýaradylan zatlar Ýehowanyň görünmeýän häsiýetlerini aýan edýär (Rm 1:20). Görýän zatlarymyz barada birsalym durup oýlansak, Hudaýyň güýjüni, söýgüsini, akyldarlygyny, adalatlylygyny hem-de jomartlygyny görüp bileris (Zb 104:24).
Siz her gün Ýehowanyň haýsy ýaradan zatlaryna üns berýärsiňiz? Hatda şäherde ýaşasaňyz-da, guşlary we agaçlary görýänsiňiz. Ýehowanyň ýaradan zatlaryna syn etsek, ýükümizi ýeňletmäge, has wajyp zatlara ünsümizi gönükdirmäge we Ýehowanyň ebedilik aladamyzy edip bilýändigine imanymyzy berkitmäge kömek edýär (Mt 6:25—32). Çagalaryňyza hem Ýehowanyň ajaýyp häsiýetlerini görmäge kömek ediň. Ýaradylan zatlara näçe minnetdar bolsak, şonça-da Ýaradyjymyza ýakynlaşarys (Zb 8:3, 4).
«TÄSIN ÝARADYLAN ZATLAR HUDAÝY ŞÖHRATLANDYRÝAR. ÝAGTYLYK WE REŇK» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
-
Biz näme üçin reňkleri görüp bilýäris?
-
Öwşün atýan reňkler nädip emele gelýär?
-
Biz näme üçin asmanda dürli reňkleri görýäris?
-
Daş-töweregiňizdäki ýaradylan zatlarda nähili owadan reňkleri görýärsiňiz?
-
Biz näme üçin tebigaty ünsli synlamaga wagt tapmaly?