Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Hakyky söýgi näme?

Hakyky söýgi näme?

Nikany döreden Ýehowa är-aýalyň biri-birine ömürboýy wepaly bolmagyny isleýär (Gelç 2:22—24). Olaryň biri zyna etse, diňe şonda aýrylyşmaga rugsat berilýär (Ml 2:16; Mt 19:9). Ýehowa maşgalalaryň bagtly bolmagyny isleýär. Şonuň üçin ol mesihçilere ýanýoldaşyny paýhasly saýlamaga we maşgalasynyň bagtly bolmagyna kömek edýän prinsipleri berýär (Wg 5:4—6).

«HAKYKY SÖÝGI NÄME?» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU AŞAKDAKY SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Liziň ene-atasynyň oňa beren düzedişi näme üçin paýhasly hem ýerliklidi?

  • Halaşýan oglanyňy üýtgederin diýip pikir etmek näme üçin akylsyzlyk?

  • Pol bilen Priskilla Liza nähili paýhasly maslahat berdiler?

  • Zak bilen Meganyň maşgalasynda näme üçin kynçylyklar döredi?

  • Jon bilen Liziň nähili ruhy maksatlary bardy?

  • Näme üçin durmuş gurmaga söz bermänkäň, ilki adamyň ýüreginde nämäniň bardygyny bilmeli? (1Pt 3:4)

  • Hakyky söýgi näme? (1Kr 13:4—8)