MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Wagyz etmek tejribämizi artdyrýarys— Ýygnagymyzyň territoriýasyndaky her bir adam bilen gürrüňdeş bolýarys
NÄME ÜÇIN WAJYP? Zakarýa dürli halkdan bolan adamlaryň hoş habara seslenjekdigini pygamberlik etdi (Zk 8:23). Olara kim tälim bererkä? (Rm 10:13—15). Biz ýygnagymyzyň territoriýasyndaky adamlara hoş habary gürrüň bermegi uly hormat hasaplaýarys. Emma bu jogapkärçiligi hem talap edýär (od sah. 84, abz. 10, 11).
NÄDIP ETMELI?
-
Öňünden taýýarlanyň. Siz başga dilde gepleýän adamlara duşýarsyňyzmy? Onda JW Language programmasyndan bir ýönekeý teklibi öwreniň. Ýa-da elektron enjamyňyz arkaly jw.org saýtymyzdan oňa öz dilinde has köp maglumaty nädip tapyp bolýandygyny görkeziň.
-
Ünsli boluň. Öýden-öýe wagyz edeniňizde, ýolda barýan ýa-da duralgada awtobusa garaşyp oturan adamlar bilen gürrüňdeş bolmak üçin dörän mümkinçilikleriň hiç birini elden gidirmäň. Eger köpçülik ýerlerinde wagyz edýän bolsaňyz, birkemsiz şaýatlyk edip biler ýaly, başga zatlara ünsüňizi sowmaň.
-
Erjel boluň. Öýünde bolmadyk adamlary tapmaga jan ediň. Meýdançaňyzdaky her bir adam bilen görüşmek üçin eliňizde baryny ediň. Meselem, dürli wagtda ýa-da hepdäniň dürli günleri baryp bilersiňiz. Mümkin, käbir adamlara hat we telefon arkaly ýa-da ýolda wagyz etmeli bolar.
-
Yzygider baryp duruň. Hatda sähelçe gyzyklanan adamy hem ideg ediň. Eger ol başga dilde gepleýän bolsa, gürrüňdeşligi dowam edip biler ýaly, onuň öz dilinde gepleýän dogan-uýalaryň biri bilen baryň. Gyzyklanan adam oňa öwrenişýänçä, ony bile idemegiňizi dowam ediň (od sah. 94, abz. 39, 40).
«BÜTIN ÝER ÝÜZÜNDE WAGYZ EDIŇ» DIÝEN WIDEONY GÖRÜŇ, SOŇRA AŞAKDAKY SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
-
Dogan-uýalar uzak ýerlerde wagyz etmek üçin nähili taýýarlyklary gördüler? (1Kr 9:22, 23)
-
Olar nähili päsgelçilikleri ýeňdiler?
-
Nähili bereketleri aldylar?
-
Siz köpräk adamlara wagyz etmek üçin näme edip bilersiňiz?