Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Meniň üçin näme has wajyp?

Meniň üçin näme has wajyp?

Ýakup bir wajyp zat, ýagny Ýehowanyň ak patasy üçin perişde bilen göreşdi (1Ms 32:24—31; Hoş 12:3, 4). Bizem özümize Ýakup ýaly diýip bilerismi? Ýehowa gulak asmak hem-de onuň ak patasyny almak üçin has köp tagalla etmäge taýynmy? Meselem, birnäçe sagat goşmaça işlemeli bolan işimizi saýlarysmy ýa-da ýygnak duşuşyklaryna barmagy? Eger biz Ýehowa üçin wagtymyzy, güýjümizi hem-de özümizde bar bolan zatlarymyzy gaýgyrmasak, ol «bereket ýagdyryp, zada zar» etmez (Mel 3:10). Ýehowa bize dogry ýol görkezip, gorar hem-de gerekli zatlarymyzy berer (Mat 6:33; Ýew 13:5).

«ÜNSÜŇI RUHY MAKSATLARA GÖNÜKDIR» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Uýamyza gowy görýän işi nädip synag boldy?

  • Biziň hem işimiz nädip synag bolup biler?

  • Timoteos ruhy taýdan ösen bolsa-da, näme üçin täze ruhy maksatlary goýmagyny dowam etmelidi? (1Tm 4:16).

  • Meniň üçin durmuşymda iň wajyp zat näme?

    Biziň üçin nämäniň has wajypdygyny nädip görkezip bileris?