Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ÝERMEÝA 25—28

Ýermeýa pygamber ýaly batyrgaý boluň

Ýermeýa pygamber ýaly batyrgaý boluň

Ýermeýa pygamber Iýerusalimiň Şilo ýaly harabaçylyga öwrüljekdigini duýdurdy

26:6

  • Ýehowanyň barlygyny görkezýän äht sandygy Şiloda saklanýardy.

  • Ýehowa piliştlilere äht sandygyny alyp gitmäge ýol berdi we şondan soň ol hiç haçan Şilo getirilmedi.

Ruhanylar, pygamberler we ähli halk Ýermeýa pygamberi öldürmekçi boldular

26:8, 9, 12, 13

  • Ýermeýa pygamber Iýerusalimiň we ybadathananyň weýran boljakdygy barada pygamberlik edýändigi üçin, adamlar ony tutup, daşyny gabadylar.

  • Ýermeýa ýan bermedi we gaçyp gitmedi.

Ýehowa Ýermeýa pygamberi gorady

26:16, 24

  • Ýermeýa pygamber batyrgaýdy we Ýehowa ony terk etmedi.

  • Hudaý batyrgaý Ahykam arkaly Ýermeýa pygamberi gorady.

Ýehowa Ýermeýa pygamberi goldady we ruhlandyrdy. Şol sebäpli ol 40 ýyllap adamlaryň eşitmek islemeýän habaryny wagyz etdi.