MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Kitapça arkaly nädip gürrüňe başlamaly?
2018-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri «Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderiniň» daşky sahypasynda gürrüňdeşlik üçin teklipler ýerleşdirildi. Şonda wagyzçylar adamlara diňe bir edebiýat bermän, eýsem olar bilen gürrüňdeş bolmaga höweslendirildi. Wagyzçylara kömek bolar ýaly, Mukaddes Kitaby ulanyp, adamlar bilen nädip gürrüňe başlap bolýandygy hakda wideolar görkezilip başlandy. Bu öýden-öýe wagyz edenimizde edebiýatlarymyzy ulanmaly däldigini aňladýarmy? Elbetde, ýok. Meselem, gürrüňdeşlige aňsatlyk bilen başlamaga kömek edýän iň gowy gurallaryň biri — kitapçalar. Olary ulananymyzda, aşakdaky usullardan peýdalanyp bileris:
-
Birinji sahypadaky soragy beriň.
-
Ikinji sahypanyň ýokarsyndaky Mukaddes Kitapdaky aýatlardan getirilen jogaby görkeziň. Eger adamyň wagty bolsa, kitapçanyň içindäki başga-da maglumatlary okap, gürrüňdeş boluň.
-
Kitapçany adama berip, mümkinçiligi bolsa galan ýerini hem okamaga höweslendiriň.
-
Gaýtmazyňyzdan öň, «Oýlanyp görüň» diýen çarçuwadaky soragy berip, Mukaddes Kitapdan jogabyny görkezmek üçin indiki gezek görşüp bilýändigiňizi aýdyň.
Indiki sapar görşeniňizde, galdyran soragyňyzyň jogabyny aýdyp, ýene-de sorag berip bilersiňiz. Saýtymyzdaky ýa-da edebiýatlarymyzdaky soraglary berse bolýar. Amatly bolanda, «Hudaýyň hoş habary» atly broşýurany ýa-da «Öwretmek üçin niýetlenen esbaplaryň» birini okuw geçer ýaly berip bilersiňiz.