OÝA BOLUŇ!
Ukrainadaky uruş bütin dünýä açlyk getirdi
2022-nji ýylyň 19-njy maýynda 75 sany ýokary wezipeli adam: «Koronawirus keseli (COVID-19), howa şertleriniň üýtgemegi, Ukrainadaky uruş sebäpli ýer ýüzünde açlyk güýjedi» diýip, BMG-niň Howpsuzlyk geňeşine habar berdi. Soňra bir žurnalda şeýle diýildi: «Adamlar şonsuzam gününi zordan görýärdi, ýöne Ukrainadaky uruş sebäpli açlykdan hasam kösenýär» («The Economist»). Mukaddes Kitapda biziň günlerimizde bütin dünýäde açlygyň boljakdygy öňünden aýdyldy. Ýöne onda beter alada etmezlige kömek edýän maslahatlaram bar.
Açlyk bolar
Isa pygamber: «Millet millete, patyşalyk patyşalyga garşy çykar, käbir ýerlerde açlyk bolar» diýdi (Matta 24:7).
Ylham kitabynda dört atly barada aýdylýar. Olaryň biri urşy aňladýar. Yzyndan gelmeli atly barada bolsa şeýle diýilýär: «Şonda gara reňkli at gördüm. Onuň üstünde oturanyň elinde terezi bardy. Dört perişdäniň arasyndan: „Bir golça bugdaý bir teňňedir, üç golça arpa hem bir teňňedir“ diýen ses eşitdim» (Ylham 6:5, 6). Aýatdaky gara atly açlygy aňladýar. Şol atly gelende iýmit ýetmezçiligi we gymmatçylyk bolmaly.
Mukaddes Kitapdaky açlyk baradaky pygamberlik şu «soňky günlerde» ýerine ýetýär (2 Timoteos 3:1). «Soňky günler» we Ylham kitabyndaky dört atly barada köpräk bilmek üçin «1914-nji ýyldan bäri dünýäniň ýüzi bulaşdy» atly wideony hem-de «Dört atly nämäni aňladýar?» diýen makalany okaň.
Mukaddes Kitapdaky maslahatlar
Mukaddes Kitapda kynçylykda, ýeter-ýetmezçilikde we gymmatçylykda kömek edýän gowy maslahatlar bar. «Nädip ýetirinmeli?» diýen makaladaky gyzykly pikirleri okaň.
Hudaý adamlaryň gowy durmuşda ýaşajakdygyna umyt berýär. Mukaddes Kitapda: «Ýer ýüzünde galla köp bolar» we adamlar doýup iýip-içer diýilýär (Zebur 72:16). Allatagala ýene nämeleri wada berýär? Oňa ynansa bolýarmy? Köpräk bilmek isleseňiz, «Ýagty gelejege umyt» atly makalany okaň.