ÝATLAMA AGŞAMY ÜÇIN KAMPANIÝA
Isa pygamber ýeter-ýetmezçiligiň soňuna çykar
Isa pygamber ýer ýüzünde ýaşanda ähli adamlara, esasanam garyp-gasarlara, hor-homsy ýaşaýanlara söýgüsini görkezdi (Matta 9:36). Hatda ol adamlar üçin öz şirin janyny gurban berdi (Matta 20:28; Ýahýa 15:13). Isa Mesih tizden Hudaýyň bellän patyşasy hökmünde bütin ýer ýüzünden garyplygy, ýeter-ýetmezçiligi aýrar.
Mukaddes Kitapda Isa pygamberiň etjek işleri barada şahyrana beýan edilýär:
«Patyşa ejizleriň hakyny alyp bersin, garyp-gasarlaryň perzentlerini gorasyn» (Zebur 72:4).
Isa pygamberiň biz üçin eden we etjek işlerine minnetdarlygymyzy nädip görkezip bileris? Luka 22:19-da Isa pygamber şägirtlerine ölen gününi ýatlamagy tabşyrdy. Şonuň üçin Ýehowanyň Şaýatlary her ýyl bilelikde Isa pygamberiň ölümini ýatlaýarlar. Biz sizi 2024-nji ýylyň 24-nji martynda, ýekşenbe güni geçiriljek Isa pygamberiň ölüminiň Ýatlama agşamyna çagyrýarys.