Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Halfpoint Images/Moment via Getty Images

OÝA BOLUŇ!

Saglyk guramalary Internet ulgamynyň ýaşlara erbet täsir edýändigini aýdýar. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

Saglyk guramalary Internet ulgamynyň ýaşlara erbet täsir edýändigini aýdýar. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

 2023-nji ýylyň 23-nji maýynda ABŞ-nyň Saglyk guramasynyň baş lukmany Internet ulgamynyň köp ýaşlara erbet täsir edýändigini aýdýar.

  •    «Internet ulgamy çagalara we ýetginjeklere käbir zatlarda kömek edip biler, ýöne onuň uly zyýanynyň hem bardygy anyklandy. Internet ulgamlary ýaşlaryň pikirlenişine, duýgularyna hatda saglygyna-da erbet täsir edýär (Social Media and Youth Mental Health: The U.S. Surgeon General’s Advisory, 2023).

 Baş lukman geçirilen barlaglaryň netijesine esaslanyp, Interneti köp ulanýan ýaşlara uly howpuň abanýandygyny habar berdi.

  •    Internet ulgamlarynda her gün üç sagatdan köp oturýan 12—15 ýaşlaryndaky ýetginjekler göwnüçökgünlige we howsala iki esse köp düşýär.

  •    Interneti köp ulanýan 14 ýaşly ýetginjekleriň bolsa ukusy bozulýar, daş keşbinden nägile bolup başlaýar, özünden göwni geçýär, göwnüçökgünlige düşýär we Internetde kemsidilýär. Şeýle ýagdaýlar oglanlara garanyňda, gyzlarda has köp bolýar.

 Ene-atalar çagalaryny nädip gorap biler? Mukaddes Kitapda peýdaly maslahatlar bar.

Ene-atalar näme etmeli?

 Ünsli boluň. Ene-atalar, çagaňyz Interneti ulansa nähili howplaryň boljakdygyny anyklaň we ony ulanmaga rugsat bermelimi ýa bermeli däldigini çözüň.

 Çagaňyza Interneti ulanmaga rugsat berseňiz, ýetirjek zyýanlaryndan habarly bolup duruň. Çagaňyzyň Internetde wagty näme edýändigine gözegçilik ediň. Muny nädip etmeli?

 Çagaňyzy goraň. Çagaňyza maglumatlary saýgarmagy we erbet zatlardan gaça durmagy öwrediň.

  •    Mukaddes Kitapdan maslahat: «Araňyzda ahlaksyzlygyň, her hili haramlygyň ýa-da açgözlügiň ady-da agzalmasyn... Haýasyz adamlar ýaly bolmaň, biderek gürrüňleri we ýaramaz degişmeleri aýtmaň (Efesliler 5:3, 4).

  •    Peýdaly maslahatlary öwrenmek üçin «Çagaňyza Interneti howpsuz ulanmagy öwrediň» atly makalany okaň.

 Çäk goýuň. Çagaňyza haçan we näçe wagt Interneti ulanyp biljekdigini aýdyň.

  •    Mukaddes Kitapdan maslahat: «Paýhasly adamlar ýaly ýaşamak üçin her bir ädimiňize ünsli boluň... Wagtyňyzy paýhasly ulanyň (Efesliler 5:15, 16).

  •    Çagaňyza çäk goýmagyň wajypdygyny düşündirmek üçin «Interneti paýhasly ulan!» atly wideony görkeziň.