OÝA BOLUŇ!
2023 ýyl – Näme üçin umydymyzy üzmeli däl? Mukaddes Kitapda näme diýilýär?
Biz her täze ýyly ýagşy umytlar bilen garşy alyp, maşgalamyza gowulyk arzuw edýäris. 2023-nji ýylda umytly bolmaga näme kömek eder?
Mukaddes Kitap umyt berýär
Mukaddes Kitapda durmuşda duş gelýän kynçylyklarymyzyň wagtlaýyndygy we tizden olaryň zym-zyýat boljakdygy aýdylýar. Hudaýyň Sözi «öwüt-nesihat bermek üçin ýazyldy. Olar umyt... we göwünlik berýär» (Rimliler 15:4).
Mukaddes Kitapda aýdylan wadalar barada köpräk bilmek isleseňiz, «Ertire ynam bilen garaň!» atly makalany okaň.
Umyt häzirden kömek edýär
Mukaddes Kitabyň berýän umydy «janymyzy berk saklaýan labyr kimindir» (Ýewreýler 6:19). Umyt adama güýç-gaýrat berýär, kynçylyklara döz gelmäge, olara dogry garaýyşda bolmaga we özümizi häzirden bagtly duýmaga kömek edýär.
Mukaddes Kitapdaky umydyň bir adama erbet endigini ýeňmäge kömek edendigi hakda bilmek üçin, «Öz bolşumdan halys ýadadym» atly wideony görüň.
Mukaddes Kitapdaky umydyň ýakynymyzy ýitirenimizde kömek edişi hakda köpräk bilmek isleseňiz, «Hasrat çekýänler üçin umyt» diýen wideony görüň.
Umydyňyzy berkidiň!
Köp adamlar ýagşy dilegde bolsalar-da, umyt edýän zadynyň boljakdygyna şübhelenýärler. Emma biz Mukaddes Kitapdaky wadalaryň ýerine ýetjekdigine asla şübhelenmän bileris. Näme üçin? Sebäbi ondaky wadalary Ýehowanyň hut özi, ýagny «ýalan sözlemeýän Hudaý» berýär a (Titus 1:2). Ýehowa çäksiz güýjüň eýesi bolansoň, hemişe «islegini amala aşyrýar» (Zebur 135:5, 6).
Biz siziň ýagty gelejege umydyňyzyň bolmagyny isleýäris. Eger siz «mukaddes kitaplardan gözleg geçirseňiz», onda wadalaryň ýerine ýetjekdigine hasam ynamly bolup bilersiňiz (Resullar 17:11). Munuň üçin size Mukaddes Kitapdan mugtuna okuw geçmegi teklip edýäris. 2023-nji ýyly ýagşy umytlar bilen garşy alyň!
a Hudaýyň ady Ýehowa (Zebur 83:18).