Esasy materiala geçiň

Mukaddes Kitabyň maslahatlary hemişe peýdaly

Mukaddes Kitabyň maslahatlary hemişe peýdaly

GÖZ ÖŇÜNE GETIRIŇ, siz muzeýde aýlanyp ýörsüňiz. Sergide goýlan zatlaryň hemmesi diýen ýaly döwük, bölek-bölek, poslap giden. Hatda köpüsiniň nämedigine-de düşünip bolmaýar. Birdenem, hiç ýerine zeper ýetmedik üýtgeşik zada gözüňiz düşýär. Onuň hatda kiçijik bölejikleri hem abat dur. Siz muzeýiň işgärinden:

— Muny sergä ýaňy-ýakynda goýupsyňyz ýaly? — diýip soraýarsyňyz. Şonda ol:

— Ýok, ol täze ýaly görünýändir. Aslynda welin, ol sergidäki zatlaryň iň könesi. Siz bolsa:

— Onda ony aýap saklapdyrlar-da? — diýýärsiňiz. Muzeýiň işgäri:

— Ýok. Gaýtam ony käbir adamlar ýok etjek bolup her zat etdiler. Üstesine-de, ol apy-tupan, sil içinde galdy.— diýip jogap berýär.

Siz: «Bäh, ol şonda-da abat galypdyr! Ol nämeden ýasaldyka?» diýip haýran galýarsyňyz.

Muzeýlerde gadymy döwürden galan zatlar, kitaplar bar. Ýöne olar derde ýaramaýar. Meselem, käbir gadymy kitaplaryň hiç hili peýdasy ýok. Olar häzirki ylma gapma-garşy gelýär. Lukmançylyga degişli kitaplardaky maslahatlary bolsa häzir ulanyp bolmaýar. Üstesine-de, gadymy golýazmalaryň diňe käbir bölekleri şu günlere çenli saklanyp galypdyr. Mukaddes Kitap hem örän gadymy kitap. Ýöne ondaky maslahatlar häzirem peýdaly.

Mukaddes Kitap beýleki golýazmalardan düýbünden tapawutlanýar. Ol 35 asyr mundan öň ýazylyp başlanan hem bolsa, hiç bir sahypasy ýitmedi. Asyrlarboýy adamlar Mukaddes Kitaby ýok etjek bolup her zat etdiler: ýakdylar, depelediler, okamagy gadagan etdiler. Şeýle-de Mukaddes Kitabyň ylma gabat gelmeýändigini aýtsalar-da, hiç hili subutnama tapmadylar. Aslynda, ylymda edilen açyşlar hakda Mukaddes Kitapda has öň aýdylypdy («Gadymy hem döwrebap kitap» diýen çarçuwa serediň).

MASLAHATLAR

Belki-de, siz: «Mukaddes Kitapdaky maslahatlar häzirem peýdalymyka?» diýýänsiňiz. Häzir kynçylyklar biri-birinden beter, çekip-çydardan agyr. Siz howanyň zäherlenmegi, uruş, jenaýatçylyk ýa-da parahorluk sebäpli kösenýänsiňiz. Mukaddes Kitapda berilýän maslahatlary okap görüň. Adamlar olara eýerse, köp kynçylyklar bolmazdy.

OŇŞUKLY ÝAŞAŇ

«Parahatlyk döredýän adamlar bagtlydyr, sebäbi olara Hudaýyň ogullary diýerler» (Matta 5:9). «Ähli adamlar bilen oňşup ýaşajak bolalyň» (Rimliler 12:18).

REHIMDAR WE GEÇIRIMLI BOLUŇ

«Rehimli adamlar bagtlydyr, sebäbi olara rehim ediler» (Matta 5:7). «Biriniň başga birinden öýkelemäge sebäbi bolsa-da, sabyrly bolup, bir-biriňizi ýürekden bagyşlaň. Ýehowanyň * sizi ýürekden bagyşlaýşy ýaly, siz hem biri-biriňizi ýürekden bagyşlamaly» (Koloslylar 3:13).

MILLETPARAZ BOLMAŇ

Allatagala «bir adam arkaly ähli milletleri döredip, olary ýer ýüzünde ýaşadýar» (Resullar 17:26). «Hudaý hiç kimi ala tutmaýan eken. Hudaý özünden gorkup, dogruçyl ýaşaýan islendik milletli adamdan razydyr» (Resullar 10:34, 35).

TEBIGATY HAPALAMAŇ

«Ýehowa Hudaý Erem bagyny bejersin we gözegçilik etsin diýip, adamy şol ýere getirdi» (1 Musa 2:15). Hudaý «ýer ýüzüni dargadýanlary... ýok eder» (Ylham 11:18).

AÇGÖZLÜGI WE AHLAKSYZLYGY ÝIGRENIŇ

«Açgözlügiň her hili görnüşinden seresap boluň. Adamyň baýlygy ömrüni uzaltmaýar» (Luka 12:15). «Araňyzda ahlaksyzlygyň, her hili haramlygyň ýa-da açgözlügiň ady-da agzalmasyn, sebäbi şeýle zatlar mukaddeslere ýaraşýan däldir» (Efesliler 5:3).

HALAL ÝAŞAŇ

«Ähli zatda dogruçyl boluň» (Ýewreýler 13:18). «Ogry indi ogurlyk etmesin... öz elleri bilen zähmet çeksin» (Efesliler 4:28).

KÖMEGIŇIZI GAÝGYRMAŇ

«Göwnüçökgünlere göwünlik berip, ejizleri goldamagyňyzy we hemmelere sabyrly bolmagyňyzy ündeýäris» (1 Selanikliler 5:14). «Ýetimleri we dul aýallary kyn gününde goldaň» (Ýakup 1:27).

Mukaddes Kitapda ýokardaky maslahatlara haýsy ýagdaýda eýermelidigi hem düşündirilýär. Adamlar şol maslahatlara eýerse, köp kynçylyklaryň öňüni alar. Dogrudanam, Mukaddes Kitapdaky maslahatlar şu günler bize hasam gerek. Siz Mukaddes Kitapdaky maslahatlara nädip eýerip bilersiňiz?

MUKADDES KITAP SIZE NÄHILI PEÝDA BERER?

Geçmişde ýaşan iň akyldar adam şeýle diýdi: «Adamyň akyldarlygy edýän işlerinden görünýär» (Matta 11:19). Bu dogrudanam şeýlemikä? Agajyň nähilidigini miwesinden bilip bolşy ýaly, berlen maslahatyň hem peýdasyny oňa eýereniňden soň bilip bolýar. Mukaddes Kitapdaky maslahatlaryň peýdasy barmy? Olar kynçylyklara döz gelmäge kömek edýärmi?

Geliň, Dilberiň * düşen ýagdaýy hakda bileliň. Başda onuň durmuşy gülala-güllükdi, işi, maşgalasy bardy. Ýöne birden hemme zat üýtgeýär. Gyzy aradan çykýar, äri taşlap gidýär, kör-köpüksiz galýar. Dilber şeýle gürrüň berýär: «Durmuşym kül boldy. Meniň ne çagam, ne maşgalam, ne-de öýüm bar. Indi maňa hiç zat gerek däl. Hemme zatdan göwnüm geçdi».

Dilber şu sözleriň hakykatdygyna göz ýetirdi: «Ömrümiz 70 ýyldyr, jany sag adam, belki, 80 ýaşar. Günlerimiz jebir-jepa içinde geçer, ömrümiz tiz öter, uçup gider» (Zebur 90:10).

Dilber şeýle kyn döwürde Mukaddes Kitapdaky maslahatlaryň kömegi bilen kynçylyklaryny ýeňip bildi. Köp adamlar Mukaddes Kitapdaky maslahatlara görä ýaşap, kynçylyklaryna döz gelendigini gürrüň berýärler. Olar Mukaddes Kitabyň gadymy hem üýtgeşik kitapdygyna göz ýetirdiler. Gadymy kitaplaryň köpüsiniň häzir hiç hili peýdasy ýok. Mukaddes Kitap bolsa hemişe peýda berýär. Sebäbi onda adamyň däl-de, Hudaýyň sözi ýazylan (1 Selanikliler 2:13).

Belki, sizem bäş gün ýalançy dünýäden doýdum diýýänsiňiz. Gaýgy-aladalar basanda adama rahatlyk, göwünlik, kömek gerek bolýar. Ýöne olary kim berip bilýär?

Geliň...

  1. kynçylyklaryň öňüni almak

  2. kynçylyklary çözmek

  3. kynçylyklara döz gelmek

üçin Mukaddes Kitapdan iň gowy maslahatlary tapyp bolýandygyny bileliň.

^ par. 15 Mukaddes Kitapda aýdylyşy ýaly, Allatagalanyň ady Ýehowa (Zebur 83:18).

^ par. 29 Käbir atlar üýtgedildi.