MUKADDES KITAP DURMUŞYŇY ÜÝTGEDÝÄR
Hudaý ýok diýip ýaşaýardym
-
DOGLAN ÝYLY: 1974
-
DOGLAN ÝERI: GERMANIÝA DEMOKRATIK RESPUBLIKASY
-
GEÇMIŞI: HUDAÝYŇ BARDYGYNA YNANMAÝAR
ÖŇKI DURMUŞYM
Men Germaniýa Demokratik Respublikasynyň Saksoni obasynda dünýä indim. Biziň maşgalamyz agzybirdi, biri-birimizi gowy görýärdik. Ene-atamam meni gowy adam edip ýetişdirdi. Germaniýa Demokratik Respublikasy kommunistik ýurt bolansoň, adamlar din bilen känbir gyzyklanmaýardy. Menem Hudaý ýok diýip ýaşaýardym. 18 ýaşyma çenli şu iki pikir aňyma gowy siňipdi: Hudaý ýok hem-de kommunistik düşünje.
Näme üçin kommunistleriň düşünjesini halandyryn öýdýäňiz? Olar üçin hemme adamlaram deňdi. Menem baýlaryň mal-mülküniň garyplara paýlanmagyny dogry hasaplaýardym. Şonda adamlary baý-garyp diýip aýyrmazdylar. Şonuň üçinem men kommunistik ýaşlar guramasyna goşuldym. Men 14 ýaşymda tabigaty goramak we kagyzy gaýtadan işlemek üçin geçirilen ýörite taslama gatnaşdym. Maňa Aue şäherçesiniň döwlet işgärleri yhlasly işländigim üçin baýrak berdiler. Men eýýäm 14 ýaşymda ady belli syýasatçylaryň köpüsini tanaýardym. Men dogry ýoldan barýandygyma we gelejegimiň gowy boljagyna ynamlydym.
Ýöne meniň umyt eden zatlarym bir günde weýran boldy. 1989-njy ýylda Berlin diwary bilen Günorta Ýewropada kommunistik düzgüni hem ýykyldy. Ondan soň men ýene bir şum habar eşitdim. Görüp otursam, Germaniýa Demokratik Respublikasynda köp adalatsyzlyk edilýärdi. Olar kommunistleriň yzyna eýermedik adamlary kemsidýärdiler, arzyny diňlemeýärdiler. Bu nädip beýle bolýar? Biz, kommunistler hemme adamlary deň görýärdig-ä?! Onda kommunistik düzgünlerem biderek ekeni-dä?! Umytsyzlykdan ýaňa, ýüregimi gaýgy-alada gaplap aldy.
Şondan soň men durmuşymy aýdym-saza we suratkeşlige bagyş etdim. Sazçylyk mekdebini, gutaranymdan soň ýokary okuw jaýynda okamaga mümkinçiligim boldy. Men suratkeş we sazanda bolmagy arzuw edýärdim. Indi men ene-atamyň öwredişi ýaly däl-de, edenimi edip ýaşaýardym. Men boş wagtlarymy keýpi-sapalykda geçirýärdim, şol bir wagtyň özünde birnäçe gyz bilen duşuşýardym. Aýdym-saz, suratkeşlik, keýpi-sapada ýaşamak, başa barmadyk umytlarymyň ýerini dolmady. Hatda çekýän suratlarymda-da gaýgy-alada, gorky görünýärdi. «Durmuşym nähili bolar? Özi men näme üçin ýaşap ýörün?» diýen soraglardan ýaňa ýatyp bilmeýärdim.
* diýen bir gyz maňa: «Andreas, soraglaryňa jogap tapasyň gelse, Mukaddes Kitaby okaý» diýdi. Ol Ýehowanyň Şaýady eken.
Günlerde bir gün men ýaňky soraglaryma jogap tapdym. Bir gün okuwdan soň talyplar bilen gelejek hakda gürrüň etdik. Şonda MandiMandiniň aýdanlary meniň üçin gülkünjem eşidildi, ýöne gyzyklam boldy. Bilesigelijiligimden ýaňa durup bilmedim. Mandi maňa Danyýar kitabynyň 2-nji babyndaky pygamberlikleri düşündirdi. Şonda men agzymy açdym. Ol ýerde dünýä şalyklary hakda jikme-jik aýdylýan eken, şol şalyklar biziňem durmuşymyza täsir edýän eken. Şeýle-de Mandi maňa gelejek baradaky aýatlary okap berdi. Ahyry, men ähli soraglaryma jogap tapdym. Bäh, gelejek hakda kim beýle anyk ýazyp bildikä? Dur hany, Hudaý barmy onda?
MUKADDES KITAP DURMUŞYMY ÜÝTGETDI
Mandi meni Horst we Angelika diýen är-aýal bilen tanyşdyrdy. Olar bilen men Mukaddes Kitap okuwyny geçip başladym. Men Ýehowanyň Şaýatlarynyň Hudaýyň adyny tutup, ol hakda adamlara gürrüň berýän ýeke-täk dini guramadygyna düşündim (Zebur 83:18; Matta 6:9). Şeýle-de men hak Hudaýyň adamlary ýer ýüzünde ebedi ýaşatjakdygyny bildim. Zebur 37:9-da şeýle sözler bar: «Ýehowa umyt baglaýanlar ýeri miras alar». Şu sözler ýüregime jüňk boldy, sebäbi Hudaýyň talaplary boýunça ýaşamaga jan edýän adamlaryň ählisi gowy ýaşap bilýärler.
Ýöne maňa häsiýetlerimi üýtgetmek birbada aňsat bolmady. Men ökde sazanda hem suratkeş bolanym üçin özüme göwnüm ýetýärdi. Şonuň üçin pesgöwünli bolmagy öwrenmelidim. Men keýpi-sapalykda ýaşamagymy hem goýmalydym. Ýehowanyň sabyrlylygyna, rehimdarlygyna, öwredýän zatlary boýunça ýaşamak isleýän adamlaryň ýagdaýyna düşünýändigine örän minnetdardyryn.
Men 18 ýaşyma çenli Hudaý ýok diýip we kommunistik düşünje bilen ýaşadym. Indi bolsa Mukaddes Kitabyň maslahatlary boýunça ýaşamagy ýüregime düwdüm. Men gelejegimi alada etmegimi goýdum, durmuşyň manysynyň nämededigini bildim. Men 1993-nji ýylda suwa çümdürildim, 2000-nji ýylda bolsa Tawita öýlendim. Biz bile yhlasly wagyz edip, adamlara Mukaddes Kitapdaky hakykaty öwredýäris. Biz köplenç wagyzda Hudaý ýok diýýän we häzirem kommunistik düşünje bilen ýaşaýan adamlara duşýarys. Men şeýle adamlara Ýehowa hakda gürrüň bermegi gowy görýärin.
HÄZIRKI DURMUŞYM
Ýehowanyň Şaýatlary bilen okuw geçip başlanymda ene-atamyň gaty gahary geldi. Ýöne meniň gowulyga tarap üýtgeýändigimi görenlerinde köşeşdiler. Häzir olaryň özlerem Mukaddes Kitaby okap, ýygnaklara barýarlar. Men muňa örän begenýärin.
Tawita ikimiz örän bagtly, sebäbi biz Mukaddes Kitapdaky är-aýallar üçin berilýän maslahatlara eýerip ýaşaýarys. Biz biri-birimize wepaly bolup, maşgala ojagymyzy hasam berkidýäris (Ýewreýler 13:4).
Indi meniň gelejegim garaňky bolup görnenok. Meniň diňe bir Germaniýada däl, bütin dünýäde agzybir maşgalam bar. Olar biri-birini söýýär, parahat ýaşaýar. Olar uly-kiçi diýmän, biri-birini deň görýärler. Ine, indi meniň ýürek arzuwlarym amala aşdy.
^ par. 12 Ady üýtgedildi.