Esasy materiala geçiň

DAŞKY SAHYPADAKY TEMA

Pornografiýa ýöne bir güýmenjemi ýa-da zyýanly?

Pornografiýa ýöne bir güýmenjemi ýa-da zyýanly?

Şu günler bütin dünýä pornografiýa çümen *. Ony islendik ýerden, reklamalardan, moda dünýäsinden, filmlerden, aýdymlardan, žurnallardan, telewizordan, oýunlardan, elektron enjamyndan, saýtlardan we surat alyş-çalyş edilýän programmalardan görse bolýar. Häzir adamlar pornografiýany utanç-haýa hasaplamaýarlar. Ony görýän adamlaryň sany gitdigiçe köpelýär (« Pornografiýa barada maglumat» diýen çarçuwa serediň).

Adamlaryň pornografiýa garaýşy gün-günden üýtgeýär. Alym Geýl Daýnsyň ýazmagyna görä, «öňler ýarym-ýalaňaç, haýasyz suratlary adamlar azgynlyk hasap etseler, häzir bolaýmaly zat ýaly garaýarlar».

Adamlaryň haýasyzlyga garaýşynyň gün-günden üýtgeýändigine siz nähili garaýarsyňyz? Siziň pikiriňizçe, pornografiýa ýöne bir güýmenjemi ýa aňyňy zaýalaýan zäher? Ýa-da ony käte görmegiň zyýany ýokmy? Isa pygamber: «Gowy agaç gowy miwe berýär, erbet agaç bolsa erbet miwe berýär» diýdi (Matta 7:17). Pornografiýa görýän adam nähili miwe berer öýdýärsiňiz? Geliň, pornografiýa barada käbir soraglaryň jogabyny bileliň.

Pornografiýa adamlara nähili täsir edýär?

HÜNÄRMENLER ŞEÝLE DIÝÝÄR: Pornografiýa adamy gul edýär. Käbir gözleg geçirijiler we lukmanlar ony hatda güýçli neşä meňzedýärler.

Internetde pornografiýa görmese oňup bilmeýän Bäşim * şeýle gürrüň berýär: «Gözüme hiç zat görünmeýärdi. Erkim elimde däldi. Ony görmesem el-aýagym titräp, başym aýlanýardy. Men näçe ýyllap goýjak bolup synanyşdym, ýöne başarmadym».

Pornografiýa görýän adamlar şeýle endiginiň bardygyny aýtmaýarlar. Olar hiç kime içini dökmeýär, özlerini başgalardan çetde tutýar. Köpüsi özüni ýeke duýýar, edýän işine utanýar, göwnüçökgünlikden kösenýär, gaharjaň, gyzma bolýar. Käbirleriniň hatda özüni öldüresi hem gelýär. Serdar şeýle gürrüň berýär: «Men her gün telefonuma pornografiýa ýükleýärdim. Hiç kim bilen gürleşmeýärdim, hiç kimi göresim gelmeýärdi. Özümi dereksiz, ýeke duýýardym, özüme erk edip bilmän ynsabym köseýärdi. Başgalardan kömek soramaga-da çekinýärdim».

Pornografiýa hatda tötänden gözi düşen adama-da erbet täsir edýär. ABŞ-da geçirilen bir mejlisde Judit Reýsman pornografiýanyň ýetirýän täsirini öwrenýänleriň adyndan şeýle çykyş etdi: «Ahlaksyz suratlar adamyň beýnisinde tagma bolup galýar, onuň beýnisini üýtgedýär. Islemese-de, onuň aňynda galýar, wagtal-wagtal ýadyna düşüp durýar. Gören zadyny aňyndan aýyrmak kyn bolýar, käte asla aýryp bilmeýär». 19 ýaşly Senem Internetden pornografiýa görýärdi. Ol şeýle diýýär: «Gören zatlarymy kellämden çykaryp bilmeýärin. Olar soň-soňlaram göz öňüme gelip durýar. Men olary hiç haçan aňymdan aýryp bilmerin öýdýärin».

NETIJESI: Pornografiýa gul edýär, durmuşyňy kül edýär (2 Petrus 2:19).

Pornografiýa maşgala nähili täsir edýär?

HÜNÄRMENLER ŞEÝLE DIÝÝÄR: Bir kitapda: «Pornografiýa maşgalany dargadýar» diýilýär (The Porn Trap, by Wendy and Larry Maltz).

Pornografiýa nikany we maşgala ojagyny ýumurýar.

  • Är-aýallaryň söýgüsi sowaýar, ynamy gaçýar we biri-birinden daşlaşýar (Nakyllar 2:12—17).

  • Diňe özüni bilýär, ýanýoldaşy bilen kanagatlanmaýar, onuň gadyryny bilmeýär (Efesliler 5:28, 29).

  • Haram, azgyn işleri göz öňüne getirip, şolary höwes edýär (2 Petrus 2:14).

  • Ýanýoldaşy bilenem gören azgyn zatlaryny etjek bolýar (Efesliler 5:3, 4).

  • Ýanýoldaşyna pikirinde-de, göni manyda-da ikilik edýär (Matta 5:28).

Mukaddes Kitapda är-aýallara «biwepalyk etmäň» diýip maslahat berilýär (Melek 2:16). Biwepalyk maşgalany dargadýar, är-aýalyň aýrylyşmagyna sebäp bolýar. Hatda aýrylyşýan är-aýallaryň çagalary hem kösenýär.

Pornografiýa çagalara-da erbet täsir edýär. Ýokarda agzalan Bäşim şeýle diýýär: «On ýaşymdakam gizlenpeçek oýnap ýörkäm, kakamyň pornografiýaly žurnalyny tapdym. Žurnaldaky suratlaryň näme üçin özüne çekenine düşünmesem-de, olary öýdäkilerden ogryn görýärdim. Ulalýançam şol erbet endigimi goýup bilmedim». Geçirilen barlaglara görä, pornografiýa görýän ýaşlar ýetginjeklik döwründen jynsy gatnaşyk edip başlaýar, gören adamy bilen ýatyp-turýar, jynsy gatnaşykda zorlugy ulanýar, duýgy we pikir taýdan näsag bolýar.

NETIJESI: Pornografiýa är-aýallaryň söýgüsini sowadýan, ýürege ýara salýan we göwnüçökgünlige düşürýän zäher (Nakyllar 6:27).

Mukaddes Kitapda pornografiýa barada näme diýilýär?

HUDAÝYŇ SÖZÜNDE ŞEÝLE DIÝILÝÄR: «Şol sebäpli beden agzalaryňyzdaky ahlaksyzlygy, haramlygy, ahlaksyz islegleri, erbet höwesleri we butparazlyk bolan açgözlügi öldüriň» (Koloslylar 3:5).

Bir söz bilen aýdanyňda, Ýehowa * Hudaý pornografiýany ýigrenýär. Elbetde, Hudaý jynsy gatnaşyk etmegi ýazgarmaýar. Ol är-aýallara biri-birine mähir bildirsin, ysnyşsyn we çaga dünýä indersin diýip, jynsy gatnaşyk etmek islegini berdi (Ýakup 1:17).

Geliň, Ýehowanyň pornografiýany ýigrenýändiginiň käbir sebäplerini bileliň.

  • Ol pornografiýanyň adamlaryň durmuşyny kül edýändigini bilýär (Efesliler 4:17—19).

  • Ol bizi söýýär, erbetlikden goramak isleýär (Işaýa 48:17, 18).

  • Ýehowa maşgalanyň bagtly, nikanyň ömürlik bolmagyny isleýär (Matta 19:4—6).

  • Hudaý ahlak taýdan arassa bolmagymyzy, başgalaryň hak-hukugyna hormat goýmagymyzy isleýär (1 Selanikliler 4:3—6).

  • Allatagala maşgala ojagyna hormat goýmagymyzy isleýär (Ýewreýler 13:4).

  • Ýehowa pornografiýanyň adamyň aňyny zäherleýändigini, diňe özüni bilmäge, Şeýtanyň garaýşyna eýermäge iterýändigini bilýär (1 Musa 6:2; Ýahuda 6, 7).

NETIJESI: Pornografiýa adamyň Hudaý bilen dostlugyna zyýan ýetirýär (Rimliler 1:24).

Ýehowa pornografiýanyň duzagyndan gutulmak isleýän adamlara kömek edýär. Mukaddes Kitapda: «Ýehowa rehimdar, mähirli, giň göwünli, wepaly söýgä baý. Sebäbi ol nähili ýaradylandygymyzy bilýär, toprakdandygymyz ýadynda» diýilýär (Zebur 103:8, 14). Ol kömege mätäç pesgöwünli adamlara «hökman rehim eder, ýagşylygyny gaýgyrmaz» (Ýewreýler 4:16; « Pornografiýadan dynyp bolýar» diýen çarçuwa serediň).

Köp adamlar Hudaýyň kömegi bilen pornografiýa görmek endigini ýeňdiler. Mukaddes Kitapda erbet endigini ýeňen adamlar barada şeýle diýilýär: «Siziň hem käbiriňiz... ýuwlup arassalandyňyz, mukaddes edildiňiz, Halypamyz Isa Mesihiň ady we Hudaýyň ruhy arkaly dogruçyl hasaplandyňyz» (1 Korinfliler 6:11). Pawlus resul ýaly olaram: «Maňa güýç berýän Hudaý arkaly ähli zada güýjüm ýetýändir» diýýär (Filipililer 4:13).

Pornografiýa görmek endigini goýan Senem şeýle diýýär: «Ýehowa bolmadyk bolsa, men erbet endigimi asla goýup bilmezdim. Eger sizem Ýehowadan kömek hem görkezme sorasaňyz, Hudaýyň öňünde arassa bolup bilersiňiz. Ol size hökman kömek eder».

^ par. 3 Pornografiýa adamyň jynsy höweslerini oýarmak üçin ýaýradylýan haýasyz suratlar, wideolar, hatlar we ses ýazgylary.

^ par. 8 Käbir atlar üýtgedildi.

^ par. 25 Mukaddes Kitapda Allatagalanyň adynyň Ýehowadygy aýdylýar.