Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

«Biziň imanymyzy köpelt!»

«Biziň imanymyzy köpelt!»

«Meniň imanymy berkit!» MAR. 9:24, TD

AÝDYMLAR: 9, 11

1. Iman etmek näme üçin wajyp? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

SIZ: «Ýehowa meni agyr muşakgatdan halas edip, Jennetde ýaşadarmy?» diýip, oýlanyp görüpmidiňiz? Elbetde, halas bolmak üçin käbir talaplara laýyk gelmeli. Pawlus resul olaryň iň wajybyny nygtap geçdi. Ol: «Iman etmezden, Hudaý tarapyndan halanmak mümkin däldir» diýdi (Ýew. 11:6). Iman etmek aňsat ýaly bolup görünse-de, adamlaryň hemmesi iman etmediler (2 Sel. 3:2). Bu aýatlar bize imanymyzy berkitmegiň wajypdygyna düşünmäge kömek edýär.

2, 3. a) Petrusyň iman babatda aýdan sözlerinden näme öwrenýäris? b) Biz şu makalada haýsy soraglara serederis?

2 Petrus resul imanyň wajypdygyny aýtdy. Ol: «Siziň synagdan geçen imanyňyz... Isa Mesih gelende, sizi hormata, şöhrata we öwgä eýe eder» diýdi (1 Petrus 1:7, TD). Bizem agyr muşakgat golaýlaşdygyça, imanymyzy has-da berkitmek islemeýärismi näme? Sebäbi berk iman Patyşamyz gelende, ony şöhratlandyrýan adamlaryň arasynda bolmaga kömek eder. Elbetde, biz «iman edip gutulmak» isleýäris (Ýew. 10:39). Şol sebäpli bizem: «Imansyz bolmazlygym üçin maňa kömek et!» diýip ýalbarýarys (Mar. 9:24). Şeýle-de resullar ýaly: «Biziň imanymyzy köpelt!» diýýäris (Luka 17:5).

3 Biz şu makalada şeýle soraglara serederis: imanymyzy berkitmäge näme kömek eder? Biz imanymyzy iş ýüzünde nädip görkezip bileris? Allatagala biziň imanymyzy köpeltmek babatda edýän doga-dileglerimize nädip jogap berýär?

HUDAÝA ÝARAMLY IMANY ÖSDÜRIŇ

4. Biz imanymyzy berkitmek üçin kimden görelde alyp bileris?

4 Mukaddes Ýazgylarda «näme öňden ýazylan bolsa, bary... bize taglym üçin ýazylandygy» aýdylýar. Şol sebäpli biz Mukaddes Ýazgylarda gürrüň berilýän berk imanly adamlardan köp zady öwrenip bileris (Rim. 15:4). Meselem, Ybraýym, Sarra, Yshak, Ýakup, Musa, Rahap, Gedegon, Barak ýaly Hudaýyň gullukçylarynyň galdyran göreldesi bize imanymyzy berkitmäge kömek edýär (Ýew. 11:32—35). Şu günlerem dogan-uýalaryň görkezýän berk imany baradaky wakalary okanymyzda, biziňem imanymyz berkeýär *.

5. Ylýas Ýehowa berk iman edýändigini nädip görkezdi we ol bize nähili görelde galdyrdy?

5 Mukaddes Ýazgylarda Ylýas pygamberiň galdyran göreldesi barada aýdylýar. Ol Ýehowa berk iman edýärdi. Geliň, onuň durmuşynda bolan bäş ýagdaýa seredeliň. 1) Ylýas pygamber ynam bilen Ahap patyşa: «Ysraýyl Hudaýy Rebden ant içýärin. Tä men buýruk berýänçäm, ýurtda iki-üç ýyllap ne çyg bolar, ne-de ýagyn» diýip, Ýehowanyň gurakçylyk etjekdigini aýtdy (1 Pat. 17:1). 2) Ol gurakçylyk döwründe Ýehowanyň adamlaryň we özüniň aladasyny etjekdigine ynanýardy (1 Pat. 17:4, 5, 13, 14). 3) Ylýas Ýehowanyň dul aýalyň ogluny direltjekdigine iman edýärdi (1 Pat. 17:21). 4) Ol Karmel dagynda beren gurbanlygyny Ýehowanyň kabul etjekdigine şübhelenmeýärdi (1 Pat. 18:24, 37). 5) Ylýas ýagyş entek ýagmasa-da, Ahaba: «Git-de, iýip-iç, çünki güýçli ýagşyň sesi gelýär» diýip, ynam bilen aýtdy (1 Pat. 18:41). Bu wakalar bize imanymyzyň berkdigini barlamaga kömek eder.

BIZ IMANYMYZY NÄDIP BERKIDIP BILERIS?

6. Imanymyzy berkitmek üçin Ýehowadan näme dilemeli?

6 Biz öz güýjümiz bilen imanymyzy berkidip bilmeýäris. Sebäbi iman — Hudaýyň mukaddes ruhunyň miwesi (Gal. 5:22). Isa: «Ataňyz Özünden dilänlere has-da köp mukaddes ruhy berer!» diýdi. Biz onuň maslahatyna eýerip, mukaddes ruh barada doga etsek paýhasly bolar (Luka 11:13).

7. Imanyňy nädip berkitmelidigini düşündiriň.

7 Biz Ýehowa berk iman edýän bolsak-da, ony hemişe ösdürip durmaly. Imany ýanyp duran oda meňzetse bolýar. Ody ýakan badymyza güýçli tutaşyp başlaýar. Emma oňa odun taşlap durmasak, kem-kemden sönüp, kül bolup galar. Şonuň üçin oňa odun taşlap durmaly. Biziň imanymyz babatda-da şeýle diýse bolar. Biz her gün Mukaddes Ýazgylary okap, özleşdirip dursak, Ýehowa we onuň Sözüne bolan söýgimiz artyp, imanymyz berkär.

8. Imanyňy berkitmek üçin ýene-de näme etmeli?

8 Imanyňy berkitmek üçin ýene-de näme etmeli? Elbetde, munuň üçin suwda çokundyrylmazdan öň öwrenen zatlarymyz ýeterlikli däl (Ýew. 6:1, 2). Şol sebäpli imany berkitmek üçin Mukaddes Ýazgylardaky ýerine ýeten pygamberlikleri çuňňur özleşdirmeli. Şeýle-de Hudaýyň Sözünde imany berk adamdan näme talap edilýändigini bilip, imanymyzy barlap durmaly (Ýakup 1:25; 2:24, 26-njy aýatlary okaň).

9, 10. a) Ýagşy dostlar, b) ýygnak duşuşyklary, w) wagyz işi biziň imanymyzy nädip berkidýär?

9 Pawlus resul mesihçilere: «Biri-birimizde bolan iman arkaly bilelikde teselli tapmalysyňyz» diýdi (Rim. 1:12). Biz dogan-uýalar, esasan-da, «imany barlananlar» bilen gürrüňdeşlik edip, biri-birimizi berkidip bileris (Ýakup 1:3). Erbet adamlar bilen gatnaşmaklyk imanymyzy «kül» edýär, ýagşy dostlar bolsa imanymyzy berkitmäge kömek edýär (1 Kor. 15:33). Şol sebäpli biz ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşyp, «biri-birimizi ruhlandyrýarys» (Ýewreýler 10:24, 25-nji aýatlary okaň). Şeýle-de ýygnak duşuşyklarynda alýan bilimimiz imanymyzy berkidýär. Pawlus hem «eşitmek arkaly» imanymyzyň berkeýändigini aýtdy (Rim. 10:17). Biz özümize şeýle sorag bermeli: «Men ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli barýarynmy?»

10 Biz adamlara wagyz edenimizde, diňe bir olaryň imanyny däl, eýsem, öz imanymyzy hem berkidýäris. Şeýle-de I asyrda ýaşan mesihçileriň göreldesine eýerip, bizem Ýehowa bil baglamagy we her bir ýagdaýda özümizi dogumly alyp barmagy öwrenýäris (Res. iş. 4:17—20; 13:46).

11. Kalep bilen Ýeşuwanyň näme üçin imany berkdi we biz olaryň göreldesine nädip eýerip bileris?

11 Biz Ýehowanyň edýän doga-dileglerimize jogap berip, kömek edýändigini görenimizde, imanymyz has-da berkeýär. Muny Kalep we Ýeşuwa bilen bolan wakadan görse bolýar. Olar Ýehowa bil baglaň baglap, iman bilen Wada edilen diýary gözden geçirmäge gitdiler. Olar Ýehowanyň hemişe kömek edýändigini görüp, imanyny has-da berkitdiler. Şol sebäpli Ýeşuwanyň ysraýyllylara: «Rebbiň size beren ähli ajaýyp wadalarynyň ýekejesi hem ýerine ýetmän galmady... Şonuň üçin hem indi siz Rebden gorkuň, Oňa ak ýürekden we yhlas bilen gulluk ediň... hojalygym bilen men bolsa Rebbe gulluk etjekdirin» diýen sözleri geň galdyrmaýar (Ýeş. 23:14; 24:14, 15). Eger bizem Ýehowanyň kömegini görsek we Oňa bil baglasak, imanymyzy berkidip bileris (Zeb. 34:8).

IMANYŇYZY IŞ ÝÜZÜNDE GÖRKEZIŇ

12. Ýakup iman babatda näme diýdi?

12 Biz imanymyzyň berkdigini nädip görkezip bileris? Ýakup şägirt: «Imanymy amallarym bilen görkezeýin» diýdi (Ýakup 2:18). Hakykatdan-da, biziň imanymyzyň berkdigi edýän işlerimizden görünýär. Geliň, bu babatda käbir mysallara seredeliň.

Biz wagyz işini birinji orunda goýmak bilen imanymyzyň berkdigini görkezýäris (13-nji abzasa serediň)

13. Biz näme üçin wagyz edýäris?

13 Biz wagyz etmek bilen imanymyzy iş ýüzünde görkezýäris. Näme üçin şeýle diýse bolar? Sebäbi biz bu dünýäniň soňunyň ýakyndygyna we «eglenmejekdigine» iman edip, wagyz edýäris (Hab. 2:3). Biz imanymyzy barlamak üçin özümize şeýle soraglary berip bileris: «Wagyz işi meniň üçin wajypmy? Men Allatagala barada yhlas bilen gürrüň berýärinmi? Men Ýehowa köpräk gulluk etmäge jan edýärinmi?» (2 Kor. 13:5). Geliň, «gutulyş üçin agyz bilen ykrar edip», imanymyzyň berkdigini subut edeliň (Rimliler 10:10-ny okaň).

14, 15. a) Biz imanymyzy iş ýüzünde nädip görkezip bileris? b) Berk imany bolan uýa barada gürrüň beriň.

14 Şeýle-de biz durmuşda bolýan kynçylyklar bilen göreşip, imanymyzyň berkdigini görkezýäris. Biz keselçilik, lapykeçlik, göwnüçökgünlik, mätäçlik ýaly synaglara duş gelenimizde, Ýehowa bilen Isanyň «gerek wagtynda bize kömek berjekdigine» ynanýarys (Ýew. 4:16). Eger-de biz doga edip, Ýehowadan kömek sorasak, oňa iman edýändigimizi subut ederis. Isa bize «gündelik çöregimiz» hakda doga etmelidigimizi aýtdy (Luka 11:3). Mukaddes Ýazgylardaky wakalardan görnüşi ýaly, Ýehowa biziň aladamyzy edýär. Meselem, Ýehowa Ysraýylda gurakçylyk döwri Ylýas pygamberi suw we iýmit bilen üpjün etdi. Ýehowanyň emri bilen «gargalar Ylýasa ertirine-de, agşamyna-da çörek bilen et getirip berýärdiler, ol çeşmäniň suwundan içýärdi» (1 Pat. 17:3—6). Hawa, bizem Ýehowanyň gerekli zatlar bilen üpjün etjekdigine iman edýäris.

Biz her gün kynçylyklar bilen göreşip, imanymyzyň berkdigini görkezýäris (14-nji abzasa serediň)

15 Biz Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine eýersek, gündelik çöregimiziň boljakdygyna iman edip bileris. Meselem, Aziýada ýaşaýan dört çagaly Rebekka uýa Matta 6:33-däki we Süleýmanyň tymsallary 10:4-däki prinsiplere eýerip, jan aýaman işländigini hem-de Patyşalygy birinji orunda goýandygyny aýdýar. Uýanyň ýanýoldaşy hem işiniň ruhy zatlara päsgel berendigi üçin işinden çykýar. Rebekka şeýle gürrüň berýär: «Biz gün-güzeranymyzy görmek üçin birnäçe ýyllap kemput ýasap satdyk. Ýehowa bizi hiç haçan terk etmedi. Biz çörege zar bolmadyk». Sizem Mukaddes Ýazgylarda ynsan üçin iň gowy görkezmäniň bardygyna iman eýdändigiňizi iş ýüzünde görkezýärsiňizmi?

16. Ýehowa bil baglamagyň nähili peýdasy bar?

16 Biz Ýehowanyň görkezmesine eýersek, bereket aljakdygymyza şübhelenmän bileris. Pawlus resul Habakuk pygamberiň sözlerine salgylanyp: «Dogry adam iman bilen ýaşar» diýdi (Gal. 3:11; Hab. 2:4). Şol sebäpli biz Ýehowanyň hemişe ýardam berjekdigine iman etmeli. Pawlus resul Hudaýyň «bizde işleýän gudratyna görä, her haýyşymyzdan, oýlanyşymyzdan hem has ýokary zatlary etmegi başarýandygyny» aýtdy (Efes. 3:20). Dogan-uýalar ýagdaýynyň çäklidigine garamazdan, Ýehowanyň islegini ýerine ýetirmek üçin elinde baryny edýärler. Biz Ýehowanyň goldaýandygyna we edýän tagallamyza ak pata berýändigine örän minnetdar.

ÝEHOWA DOGA-DILEGLERIMIZE JOGAP BERÝÄR

17. a) Resullar iman babatda eden dogasyna nädip jogap aldylar? b) Biz dogamyza jogap aljakdygymyza näme üçin ynanyp bileris?

17 Biz şu makalany okap, resullar ýaly: «Biziň imanymyzy köpelt!» diýip, doga etsek gerek (Luka 17:5). B. e. 33 ýylynyň Pentikost güni resullaryň üstüne mukaddes ruh inip, Hudaýyň niýetlerine düşünmäge ukyp berildi. Şeýlelikde, resullar dogasyna jogap aldylar we olaryň imany berkedi. Netijede, olar has yhlasly wagyz edip başladylar (Kol. 1:23). Bizem imanymyzy köpelt diýip eden dogamyza jogap alarysmy? Mukaddes Ýazgylarda «Onuň (Hudaýyň) islegine görä bir zat dilesek», başarmajak işimiziň bolmajakdygy aýdylýar (1 Ýahýa 5:14). Şeýle-de onda: «Oňa (Hudaýa) iman eden kişi utandyrylmaz» diýilýär (Rim. 10:11).

18. Ýehowa imany berk adamlara nädip pata berýär?

18 Hawa, biz Ýehowa doly bil baglasak, onuň razylygyny gazanarys. Şeýle-de Ýehowa biziň imanymyzy köpeltmek babatda edýän dogamyza jogap berer we imanymyz has-da berkär. Şonda biz «Hudaýymyzyň Patyşalygyna mynasyp saýylarys» (2 Sel. 1:3, 5).

^ abzas 4 Lillian Gobaýtas Klozeniň (g93-U 22/07), Feliks Borisiň (g94-U 22/02) we Jozefina Eliasyň (g09-U 09) terjimehallaryna serediň.