Ýehowany söýýändigimiz nämeden görünýär?
«Biz Ony söýýäris, çünki öňinçä Ol bizi söýdi». 1 ÝAHÝA 4:19
AÝDYMLAR: 22, 25
1, 2. Ýehowa nädip söýmegi öwredýär?
KAKASY gowy görelde görkezip, çagasyna terbiýe berýär. Ol çagasyna söýgi bildirmek bilen, oňa söýmegi öwredýär. Gökdäki Atamyz Ýehowa ýaly bizi hiç kim söýýän däldir. Biz Ýehowadan söýmegi öwrenýäris, «çünki öňinçä Ol bizi söýdi» (1 Ýahýa 4:19).
2 Ýehowanyň «öňinçä... bizi söýendigi» nämeden görünýär? Pawlus resul: «Hudaý bize bolan söýgüsini, biz entek günäkärkäk, Mesihiň biziň ugrumyzda ölmegi bilen görkezdi» diýýär (Rim. 5:8). Ýehowa Özüne iman edýän adamlaryň halas bolmagy üçin Ogluny töleg hökmünde berdi. Şeýdip, ol hakyky söýgini görkezdi. Söýgi öz peýdasyna çapmaýar, janyny aýamaýar we bermäge taýyn bolýar. Allatagala rehimdarlyk bildirip, töleg gurbanyny berdi. Şol sebäpli bizem oňa ýakynlaşýarys we söýgimizi bildirýäris (1 Ýahýa 4:10).
3, 4. Biziň Allatagala bolan söýgimiz nämeden görünýär?
3 Söýgi — Ýehowanyň esasy häsiýeti. Isa Hudaýyň ilkinji tabşyrygy barada şeýle diýdi: «Öz Hudaýyň Rebbi bütin ýüregiň, bütin janyň, bütin düşünjäň, bütin güýjüň bilen söý!» (Mar. 12:30). Ýehowa biziň ony «bütin ýüregimiz» bilen söýmegimizi isleýär. Eger biz kimdir birini ýa-da nämedir bir zady Ýehowadan artyk söýsek, ony gynandyrarys. Ýöne biziň Ýehowa bolan söýgimiz diňe bir duýga esaslanman, eýsem, ony «bütin düşünjämiz» we «bütin güýjümiz bilen» söýmeli. Hawa, biziň Ýehowa bolan söýgimiz sözde we iş ýüzünde görünmeli (Mika 6:8-i okaň) *.
4 Biziň gökdäki Atamyza bolan söýgimizi ýene-de nämeden görse bolýar? Biz Ýehowany çäksiz söýmeli. Isanyň sözlerinden görnüşi ýaly, biz Ýehowany söýmek üçin beden, duýgy we ruhy taýdan tagalla etmeli. Geçen makalada Ýehowanyň perzentlerine bolan söýgüsiniň dört aýratynlygy barada gürrüň etdik. Geliň, häzir Ýehowa bolan söýgimiziň nämeden görünýändigi we bu söýgini artdyrmaga nämäniň kömek edýändigini bileliň.
ÝEHOWANYŇ EDÝÄN ALADASYNA MINNETDAR BOLUŇ
5. Biz Ýehowanyň edýän aladasyna nähili garamaly?
5 Siz sowgat beren adama sag bol aýdýarsyňyzmy? Eger sowgady gymmat saýsaňyz, ony aýawly saklarsyňyz gerek. Ýakup resul: «Ähli oňat, kämil sowgat ýokardan, nurlar Atasyndan inýändir; Onda ne üýtgeme, ne-de çalşyk kölegesi bardyr» diýdi (Ýakup 1:17). Ýehowa gerekli zatlar bilen üpjün edip, biziň bagtly ýaşamagymyzy isleýär. Şeýle sowgatlar üçin Hudaýa minnetdar bolmaly dälmi näme?!
6. Ysraýyllylar Ýehowanyň berekedini almak üçin näme etmelidiler?
6 Ýehowa ysraýyllylara ençeme bereketleri berdi. Ol ýüzlerçe ýylyň dowamynda halkyna kanun we görkezme berip, olary gerekli zatlary bilen üpjün edýärdi (Kan. tag. 4:7, 8). Ysraýyllylar Allatagalanyň kanunyna gulak asyp, minnetdardygyny görkezýärdiler. Meselem, olar «ýerlerinden önen ilkinji miwelerini» Ýehowa sadaka hökmünde bermelidiler (Müs. çyk. 23:19). Olar Ýehowa gulak asyp, iň gowy zadyny oňa berseler, bereket aljakdyklaryny bilýärdiler (Kanun taglymaty 8:7—11-nji aýatlary okaň) *.
7. Biz Hudaýa gymmatly zadymyzy berip söýgimizi nädip görkezýäris?
7 Biz barada näme diýse bolar? Elbetde, şu günler biz göni manyda gurbanlyk bermeýäris. Emma biz Allatagala iň gymmatly zadymyzy berip, ony hormatlaýandygymyzy we söýýändigimizi görkezip bileris (Sül. tym. 3:9). Nädip? Meselem, ýaşaýan ýerimizde we bütin dünýäde alnyp barylýan Patyşalyk işlerini serişdämiz bilen goldap bileris. Biz az zat bersek-de, köp zat bersek-de, Ýehowany ýürekden söýýändigimizi görkezýäris (2 Kor. 8:12). Emma biz Ýehowa bolan söýgimizi başga zatlar arkaly hem görkezip bilýäris.
8, 9. Allatagala nädip bil baglamaly? Mysal getiriň.
Mat. 6:31—33). Biz Ýehowanyň wadasyny berjaý etjekdigine ynanýarys we Oňa bil baglaýarys. Elbetde, siz birini ýürekden söýseňiz, oňa ynanýarsyňyz. Biz Ýehowa näçe köp bil baglasak, şonça-da oňa bolan söýgimiz artar (Zeb. 143:8). Her bir adam özüne şeýle soraglary berip biler: «Meniň maksatlarymdan we özümi alyp barşymdan Ýehowa bil baglaýandygym görünýärmi? Men her gün Hudaýyň aladamy edýändigine ynanýarynmy? Muny iş ýüzünde gökezýärinmi?»
8 Isa şägirtlerine Patyşalygy birinji orunda goýmalydygyny we iýmitiň, egin-eşigiň çendenaşa aladasyny etmeli däldigini öwretdi. Sebäbi gökdäki Atamyz bize gerekli zatlar bilen üpjün etjekdigini wada berdi (9 Maýk atly mesihçi hakyky söýgini bildirip, Hudaýa bil baglaýar. Maýk ýaşlykdan daşary ýurtda wagyz etmegi maksat edinipdi. Ol iki çaganyň kakasy bolsa-da, maksadyndan el üzmeýärdi. Maýk maşgalasy bilen wagyzçylaryň ýetmeýän ýerlerinde gulluk edýän dogan-uýalar baradaky makalalary okap, sada ýaşamaly diýen karara gelýär. Olar uly jaýyny satyp, kiçeňräk jaý alýar. Maýk tämizleýji hususy kärhanasynyň işini azaldýar we ony Internet arkaly daşary ýurtdan nädip dolandyryp bolýandygyny öwrenýär. Şeýlelikde, olar daşary ýurda göçüp, şatlyk bilen gulluk edýärler. Mundan iki ýyl geçenden soň Maýk: «Biz Isanyň Matta 6:33-de aýdan sözleriniň hakdygyna göz ýetirdik!» diýýär.
HAKYKATY ÝÜREKDEN KABUL EDIŇ
10. Dawut patyşadan görelde alyp, Ýehowa barada oýlanmagyň näme peýdasy bar?
10 Üç müň ýyl mundan ozal Dawut patyşa asmana syn edip: «Gökler Hudaýyň şöhratyny yglan edýär, gök gümmezi Onuň elleriniň işinden habar berýär» diýip ýazdy. Ol Hudaýyň kanunlaryna geň galyp: «Rebbiň kanuny kämildir, ol jany täzeleýändir. Rebbiň şaýatlygy ygtybarlydyr, ol mön adamy hem akyldar edýändir» diýdi. Dawudyň bu zatlar barada oýlanmagy Ýehowa bilen dostlugyny berkitdi we oňa bolan söýgüsini artdyrdy. Ol: «Agzymyň sözleri, ýüregimiň oý-pikirleri Seniň göwnüňden tursun, ýa Reb, meniň Gaýam, Halasgärim» diýdi (Zeb. 19:1, 7, 14).
11. Allatagalanyň berýän bilimi näme etmäge höweslendirýär? (Makalanyň başyndaky surata serediň).
11 Şu günler Ýehowa bize özüni tanadyp, niýetini aýan edýär we ýaradan zatlary, Sözi barada öwredýär. Bu dünýä ýokary bilim almagy we wezipe gazanmagy öňe sürýär. Emma şeýle maksatlar köplenç Hudaýa bolan söýgiňi we imanyňy gowşadýar. Mukaddes Ýazgylar bolsa bilimden gaýry, akyldarlyk we düşünje gazanmagy ündeýär. Ýehowa biziň öwrenen zatlarymyzy dogry ulanmagymyza we adamlara kömek etmegimize garaşýar (Sül. tym. 4:5—7). Hudaý «bütin adamlaryň gutulmagyny, hakykat bilimine ýetmegini isleýär» (1 Tim. 2:4). Biz Patyşalyk baradaky hoş habary gürrüň berip, Ýehowanyň adamzat babatdaky niýetine düşünmäge kömek etsek, Allatagala bolan söýgimizi görkezýäris (Zebur 66:16, 17-nji aýatlary okaň).
12. Ýaş uýa Ýehowanyň beren sowgadyna nädip minnetdarlygyny bildirdi?
12 Ýaşlar hem Ýehowanyň öwredýän zatlary barada oýlanyp, oňa bolan söýgüsini görkezip bilerler. Şennon 11 ýaşyndaka 10 ýaşly uýasy we ata-enesi bilen «Hudaýa wepaly bolalyň!» atly welaýat kongresine gatnaşdy. Olaryň her birine «Ýaşlaryň sowallary» atly owadan kitap berildi. Şennon muňa örän begendi. Şonda ol Ýehowa Hudaý barada näme pikir etdikä? Şennon şeýle diýýär: «Indi men Ýehowanyň hak Hudaýdygyna we meni biçak söýýändigine doly göz ýetirdim. Men beýik Ýehowa Hudaýymyzyň şeýle ajaýyp we owadan sowgatlary berýändigine örän minnetdar».
Şonda ýaşlardan ýörite bellenen ýerde oturmagy haýyş etdiler. Şennon biraz tolgunsa-da, görkezilen ýerde oturdy.HUDAÝYŇ MASLAHATYNY WE TERBIÝESINI KABUL EDIŇ
13, 14. Ýehowanyň berýän maslahatlaryna nähili garamaly we näme üçin?
13 Mukaddes Ýazgylarda: «Ata halaýan ogluny nähili terbiýeleýän bolsa, Reb hem söýýänini terbiýeleýändir» diýilýär (Sül. tym. 3:12). Biz Hudaýyň berýän terbiýesine nähili garamaly? Pawlus resul: «Her hili terbiýe edilmek öňürti şatlykly zat däl-de, gaýgyly zat bolup görünýändir» diýdi. Ol terbiýe bermek erbet ýa-da wajyp däl diýjek bolmady. Sebäbi ol: «Bu soňra şeýle ýetişdirilenler üçin dogrulygyň dynçlyk miwesini öndürýändir» diýip, sözüni dowam etdi (Ýew. 12:11). Biz Ýehowany söýýän bolsak maslahatyny höwes bilen kabul ederis we nägile bolmarys. Biz Ýehowany söýýändigimiz üçin oňa gulak asyp, gerekli özgerişler ederis.
14 Malaky pygamberiň ýaşan döwründe ýehudylaryň köpüsi Allatagala gulak asmaýardylar. Olaryň beren gurbanlygy Hudaýyň göwnünden turmaýardy. Şol sebäpli Ýehowa olara berk tabşyryk berdi (Malaky 1:12, 13-nji aýatlary okaň) *. Munuň netijesi nähili boldy? Ýehowa olara: «Men siziň üstüňize nälet ibererin we alkyşlaryňyzy nälete öwrerin. Men olary eýýäm näletledim, sebäbi siz muny ýürekden islemediňiz» diýdi (Mal. 2:1, 2). Bizem Ýehowanyň söýgi bilen berýän maslahatlaryny bilgeşleýin äsgermezlik etsek, onuň bilen dostlukly gatnaşygymyz bozular.
15. Biz nähili garaýyşdan gaça durmaly?
15 Şu günler köp adamlar tekepbir we diňe özüni bilip ýaşaýarlar. Şol sebäpli olar maslahaty we terbiýäni asla kabul etmeýärler. Käbirleri bolsa göwünli-göwünsiz diňleýärler. Mesihçiler «bu dünýä meňzeş bolman», «Hudaýyň... kämil islegine» görä ýaşamaga jan edýärler (Rim. 12:2). Ýehowa guramasy arkaly bize başga jynsdaky adamlar bilen gatnaşmak, dost-ýarlary saýlamak we dynç almak ýaly meselelerde wagtly-wagtynda maslahat berýär. Biz görkezmäni kabul etsek we oňa eýersek, Ýehowa minnetdar bolup, ony söýýändigimizi subut ederis (Ýahýa 14:31; Rim. 6:17).
ÝEHOWA GORAÝJYMYZ WE HALASGÄRIMIZ
16, 17. a) Biz näme üçin Ýehowanyň islegine görä karara gelmeli? b) Ysraýyllylaryň Ýehowany söýmeýändigi we oňa bil baglamaýandygy nämeden görünýär?
16 Çaga howp abananda ata-enesinden pena gözleýär. Hatda uly adamlar hem ata-enesinden maslahat soraýarlar. Olaryň özleri karara gelip bilseler-de, ata-enesiniň has gowy maslahat berjekdigini bilýärler. Gökdäki Atamyz Ýehowa bize karara gelmäge mümkinçilik berýär. Ýöne biz ony söýýändigimiz we oňa bil baglaýandygymyz üçin karara gelmezimizden öňürti ondan kömek sorap, pikirini bilmäge jan edýäris. Ol bolsa bize mukaddes ruhuny berip, dogry karara gelmäge kömek edýär (Flp. 2:13).
17 Şamuweliň ýaşan döwründe ysraýyllylar piliştliler bilen söweşde ýeňildiler. Ysraýyllylar kömege we goraga mätäçdiler. Olar näme etdiler? Ysraýyllylar: «Geliň, Rebbiň Äht sandygyny Şilodan şu ýere alyp geleliň. Goý, ol biziň aramyzda bolup, bizi duşmanyň elinden halas etsin» diýdiler. Netijede, «uly gyrgynçylyk boldy, ysraýyllylaryň otuz müň pyýada esgerini öldürdiler. Hudaýyň sandygy elden gitdi» (1 Şam. 4:2—4, 10, 11). Ysraýyllylar Äht sandygyny ýanlary bilen alyp, Ýehowanyň goramagyny we halas etmegini islediler. Emma olar Ýehowadan kömek soramadylar, onuň pikirini hem bilmek islemediler. Olar öz nazarynda dogry görünýän zatlary edip, köp ejir çekdiler (Süleýmanyň tymsallary 14:12-ni okaň).
18. Mukaddes Ýazgylarda Ýehowa bil baglamak babatda näme diýilýär?
18 Mezmurçy: «Hudaýa umyt baglaýaryn, çünki gutaryşy üçin men Oňa ýene şükür ederin. Eý Hudaýym, meniň janym içimde sussupes, munuň üçin men Seni... ýatlaýaryn» diýip, özüniň dogry garaýyşdadygyny görkezdi (Zeb. 42:5, 6). Gör, nähili çuňňur söýgi! Sizem gökdäki Atamyzy söýüp, oňa bil baglaýarsyňyzmy? Eger şeýle bolsa, durmuşyň ähli ýagdaýlarynda Oňa bil baglamaga jan ediň. Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda: «Rebbe bütin ýüregiň bilen bil bagla, öz düşünjäňe daýanma. Bütin ýollaryňda ony tana, Ol hem seniň ýodalaryňy dogrular» diýilýär (Sül. tym. 3:5, 6).
19. Siz Ýehowany söýýändigiňizi nädip görkezýärsiňiz?
19 Ýehowa öňürti bizi söýmek bilen, bize özüni söýmegi öwretdi. Geliň, onuň söýgüsi we elleriniň işi barada hemişe oýlanalyň! Şonda biz Ýehowany bütin ýüregimiz, janymyz, düşünjämiz we güýjümiz bilen söýüp bileris (Mar. 12:30).
^ abzas 3 Mika 6:8 Eý, adamzat, Reb ýagşynyň nämedigini saňa bildirdi. Adalaty berjaý etmekden, merhemeti söýmekden, Hudaýyňyzyň öňünde kiçi göwünli gezmekden başga Reb sizden näme talap edýär?
^ abzas 6 Kanun taglymaty 8:7 Hudaýyňyz Reb sizi gowy ýurda getirýär. Ol ýerde çeşmeler, bulaklar, şeýle hem, jülgelerden we daglardan akýan ýerasty suwlary bardyr. 8 Ol ýerde bugdaý, arpa, üzüm, injir, nar, zeýtun agaçlary we bal bardyr. 9 Ol ýerde garnyňyz dok bolar, hiç zada zar bolmarsyňyz. Ol ýurduň daşlary demirden bolup, daglaryndan bolsa mis gazyp çykararsyňyz. 10 Siz iýip-içip doýanyňyzdan soň, özüňize gowy ýurt bereni üçin Hudaýyňyz Rebbe alkyş aýdarsyňyz. 11 Şonuň üçin hem siz ägä boluň, Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän tabşyryklaryny, hökümleridir parzlaryny ýerine ýetirmekden ýüz öwrüp, öz Hudaýyňyz Rebbi unutmaň.
^ abzas 14 Malaky 1:12 Ciz: «Rebbiň saçagy haramdyr, çöregidir ir-iýmişini kemsitsek hem bolar» diýip, Meniň adyma ysnat getirýärsiňiz. 13 «Bu nähili irginlik!» diýip, siz muny äsgermezlik etdiňiz, Hökmürowan Reb diýýär. Gurbanlyk hökmünde siz talanyp alnan, agsak ýa-da kesel mal hödürleýärsiňiz! Ony Men kabul ederin öýdýäňizmi? Muny Reb aýdýandyr.