Ýehowanyň bizi söýýändigi nämeden görünýär?
«Ata bize, gör, nähili söýgi beripdir!» 1 ÝAHÝA 3:1
AÝDYMLAR: 6, 12
1. Ýahýa resul mesihçileri näme barada oýlanmaga höweslendirýär we näme üçin?
ÝAHÝA RESUL Ýehowanyň bize bolan çuňňur söýgüsi barada oýlanmaga höweslendirýär. Ol 1 Ýahýa 3:1-de: «Ata bize, gör, nähili söýgi beripdir!» diýýär. Ýahýa mesihçilere Allatagalanyň söýgüsiniň ähmiýeti, aýratynlygy we onuň söýgüsiniň nämeden görünýändigi barada pikirlenmäge höweslendirdi. Ýehowanyň bizi söýýändigine göz ýetirsek, oňa bolan söýgimiz artar we dostlugymyz berkär.
2. Käbir adamlara Hudaýyň söýgüsine ynanmak näme üçin kyn bolýar?
2 Gynansak-da, käbir adamlar Hudaýyň söýýändigine ynanmaýarlar. Olar Hudaý adamlaryň aladasyny etmeýär diýip pikir edýärler. Olar Ýehowany talap ediji we özüne gulak asmaýan adamlary jezalandyrýan Hudaý hasaplaýarlar. Sebäbi ýalan taglymatlar Hudaýy örän zalym we haýbatly edip görkezýär. Käbirleri bolsa ýagşy iş etseň-de, erbet iş etseň-de Allatagala ähli adamlary söýýär diýip pikir edýärler. Emma Mukaddes Ýazgylarda Ýehowa barada hakykat aýdylýar. Ýehowanyň esasy häsiýeti söýgüdir. Ol bizi söýýändigi üçin Ogluny töleg hökmünde gurban berdi (Ýahýa 3:16; 1 Ýahýa 4:8). Belki-de, alan terbiýäňiz sebäpli size-de Hudaýyň adamlary söýýändigine ynanmak kyn bolýandyr.
3. Ýehowanyň bizi söýýändigine düşünmäge näme kömek eder?
3 Ýehowanyň bizi söýýändigi nämeden görünýär? Bu soragyň jogabyny bilmek üçin Hudaýyň bizi ýaradandygyna we ýaşaýşy peşgeş berendigine düşünmeli (Zebur 100:3—5-nji aýatlary okaň). Mukaddes Ýazgylarda Adam ata «Hudaýyň ogly» diýilýär. Isa şägirtlerine Ýehowa ýüzlenende «göklerdäki Atamyz!» diýmelidigini öwredýär (Luka 3:38; Mat. 6:9). Ýehowa — biziň Atamyz. Başgaça aýdanyňda, mähirli atanyň çagalaryny söýşi dek, Ýehowa-da bizi söýýär.
4. a) Ýehowa ynsan atalaryndan nämede tapawutlanýar? b) Biz şu we indiki makalalarda näme barada gürrüň ederis?
4 Bikämil atalar Ýehowa ýaly doly derejede söýgüsini görkezip bilmeýärler. Zalym kakasynyň elinde önüp-ösenleriň käbiriniň henizem ýürek ýarasy biten däldir. Emma Ýehowa iň gowy Ata; ol çagalaryna hiç haçan zalymlyk bilen daraşmaýar (Zeb. 27:10). Ýehowanyň çuňňur söýýändigine we aladamyzy edýändigine düşünsek, biziňem oňa bolan söýgimiz artar (Ýakup 4:8). Biz şu makalada Ýehowanyň adamlara bolan söýgüsiniň dört aýratynlygy barada gürrüň ederis. Indiki makalada bolsa biziň Ýehowa bolan söýgimiziň dört aýratynlygyny bileris.
ÝEHOWA BIZI SÖÝGI BILEN EKLEÝÄR
5. Pawlus resul afinylylara Hudaý barada nämäni düşündirdi?
5 Pawlus resul Gresiýanyň Afiny şäherine baranda butlardan doludygyny görýär. Afinylar ýaşaýşy we gerekli zatlary butlaryň berýändigine ynanýardylar. Şol sebäpli Pawlus şeýle düşündirdi: «Dünýäni, onuň içinde bolan bütin zatlary ýaradan Hudaý... hemmelere dirilik, dem we ähli zady Onuň özi berýär... biz Onda ýaşaýandyrys, hereket edýändiris we bardyrys» (Res. iş. 17:24, 25, 28). Ýehowa biziň durmuşdan lezzet alyp ýaşamagymyz üçin «ähli zatlar» bilen üpjün edýär. Geliň, bu barada oýlanyp göreliň.
6. Ýer şary Ýehowanyň söýgüsini nädip aýan edýär? (Makalanyň başyndaky surata serediň).
6 Ýehowa Ýeri ýaradyp, ony «adam ogullaryna berdi» (Zeb. 115:15, 16). Alymlar älem giňişliginde gözleg geçirip, Ýer şary ýaly planetalary tapmak üçin ençeme çykdajy edýärler. Olar ýüzlerçe planetalaryň bardygyny anykladylar, ýöne olarda ýaşaýyş şertleri ýokdy. Göz öňüne getiriň, Akmaýanyň ýolunda sansyz-sajaksyz planetalar bar, ýöne Ýehowa Ýer şaryny örän täsin tärde ýaratdy. Ol Ýeri ýaşaýyş üçin diňe bir gerekli zatlar bilen üpjün etmän, eýsem, ony amatly, owadan we howpsyz öý edip ýaratdy (Iş. 45:18). Bu Ýehowanyň adamlara bolan çuňňur söýgüsini görkezmeýärmi näme?! (Eýýup 38:4, 7; * Zebur 8:3—5-nji aýatlary okaň).
7. Ýehowa ynsany ýaradanda söýgüsini nädip aýan etdi?
7 Ýehowa bizi söýgi bilen ýaradyp, Özünden görelde almaga mümkinçilik berdi (Gel. çyk. 1:27). Bu bize Ýehowanyň söýgüsini duýmaga, oňa söýgi bildirmäge we bagtly ýaşamaga kömek edýär. Çaga ata-enesiniň söýgi bilen aladasyny edýändigini görende, özüni bagtly duýýar. Isanyň aýtmagyna görä, bizem gökdäki Atamyz Ýehowa bilen dostlaşsak, bagtly bolup bileris (Mat. 5:3). Ýehowa bize ähli zady «lezzet almak» üçin berýär. Dogrudan-da, söýgüden doly Ýehowa örän jomart Hudaý (1 Tim. 6:17; Zeb. 145:16).
ÝEHOWA HAKYKATY ÖWREDÝÄR
8. Biz näme üçin Ýehowadan öwrenmek isleýäris?
8 Çagalaryny söýýän ata olaryň azaşmagyny we aldanmagyny islemeýär. Gynansak-da, ata-eneleriň köpüsi çagalaryna dogry görkezme berip bilmeýärler. Sebäbi olaryň özi Hudaýyň kada-kanunlaryna eýermekden ýüz öwürýärler. Netijede, olar köp ýalňyşlyk goýberip, lapykeç bolýarlar (Sül. tym. 14:12). Ýehowa — «hakykat Hudaýy» (Zeb. 31:5). Ol perzentlerini söýüp, özüni tanadýar we sežde etmek babatda görkezme berýär. Ýehowa hakykatyň nur kimin şöhle saçýandygyna begenýär (Zebur 43:3-i okaň). Ol nähili hakykaty aýan edip, söýgüsini bildirýär?
9, 10. a) Ýehowa özüni näme üçin tanadýar? b) Ýehowa adamzat babatda hakykaty aýan edip, söýgüsini nädip görkezýär?
9 Ilki bilen, Ýehowa öz adyny aýan edip, hakykaty açdy. Mukaddes Ýazgylarda onuň ady beýleki atlara garanyňda, has köp agzalýar. Bu bolsa bize Ýehowany gowy tanamaga kömek edýär (Ýakup 4:8). Şeýle-de Ýehowa häsiýetleri barada gürrüň berýär. Älem-jahan Allatagalanyň akyldarlygyny we güýjüni wasp edýär. Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň adalatlylygy we çäksiz söýgüsi beýan edilýär (Rim. 1:20). Biz Hudaýyň Sözüni okanymyzda, Ýehowanyň adalatly we söýgüden doly Hudaýdygyna göz ýetirýäris. Biz onuň häsiýetleri barada näçe köp bilsek, şonça-da onuň bilen ýakyndan dostlaşarys.
10 Ýehowa bize niýetini aýan edip, Öz maşgalasynyň agzasy hasaplaýar. Şeýle-de ol gökde we ýerde parahatlygyň, agzybirligiň dikeldilmegi üçin, biziň näme etmelidigimizi düşündirýär. Mukaddes Ýazgylarda adamlaryň Hudaýdan garaşsyz we özbaşdak ýaşamak üçin ýaradylmandygy aýdylýar. Şu hakykaty inkär edýän adamlar pajygaly ýagdaýa uçraýarlar (Ýer. 10:23). Ýehowa bize nämäniň gerekdigini gowy bilýär. Biz onuň hökümdarlygyna tabyn bolsak, asuda we agzybir ýaşarys. Ýehowa söýgi bilen bize şeýle gymmatly hakykaty aýan edýär!
11. Söýgüden doly Atamyz nähili gelejegi wada berýär?
11 Söýýän ata çagalarynyň gelejegi barada alada edýär. Ol çagalaryň durmuşynyň manyly bolmagyny isleýär. Gynansak-da, köp adamlar gelejege umyt etmeýärler. Şol sebäpli olar wagtlaýyn şatlyk getirýän zatlara kowalaşyp, bütin ömrüni kül edýärler (Zeb. 90:10). Biz söýgüden doly gökdäki Atamyzyň bardygyna begenýäris. Ol şu günler biziň bagtly ýaşamagymyzy öwretmek bilen çäklenmän, eýsem, ajaýyp gelejegi-de wada berýär.
ÝEHOWA MASLAHAT WE TERBIÝE BERÝÄR
12. Ýehowanyň Kabyl bilen Baruga beren maslahatyndan söýgüsi we aladasy nädip görünýär?
12 Ýehowa Kabyla: «Näme üçin gaharlanýaň? Näme ýüzüňi sallaýarsyň?.. Ýöne sen günäniň üstünden agalyk etmelisiň!» diýip maslahat berdi. Şeýdip, Ol Kabyla howp abanýandygyny duýdurdy. (Gel. çyk. ). Gynansak-da, Kabyl Ýehowa gulak asman ejir çekdi ( 4:6, 7Gel. çyk. 4:11—13). Şeýle-de Ýehowa Ýermeýanyň kömekçisi Barugyň nädogry garaýyşdan ýaňa ýadaw we sustupesdigine üns berýär. Şonda Ol Baruga nädogry garaýşyny düzetmelidigini aýtdy. Kabyldan tapawutlylykda Baruk Ýehowanyň maslahatyna gulak asyp, janyny halas etdi (Ýer. 45:2—5).
13. Ýehowa wepaly gullukçylarynyň synaglara duş gelmegine näme üçin ýol berýär?
13 Pawlus: «Reb söýýänini terbiýeleýändir, ogullyga kabul edenini çalýandyr» diýýär (Ýew. 12:6). Emma terbiýe diňe bir temmi bermegi däl-de, köp zady aňladýar. Mukaddes Ýazgylarda Ýehowa gulluk eden adamlaryň köp kynçylyklardan geçendigi aýdylýar. Muňa garamazdan, olar kynçylyklara döz gelip, köp zady öwrendiler. Meselem, Ýusup, Musa we Dawut barada oýlanyp göreliň. Mukaddes Ýazgylarda bu pygamberleriň agyr durmuşy jikme-jik we doly beýan edilýär. Ýehowa olara hemişe goldaw berýärdi. Olaryň toplan tejribesi Ýehowanyň jogapkärli ýumuşlaryny ýerine ýetirmäge kömek edýärdi. Biz Mukaddes Ýazgylardan şu wakalary okanymyzda, Ýehowanyň öz gullukçylaryny söýýändigine we aladasyny edýändigine göz ýetirýäris (Süleýmanyň tymsallary 3:11, 12-nji aýatlary okaň).
14. Ýehowanyň berýän terbiýesi bize bolan söýgüsini nädip aýan edýär?
14 Ýehowanyň berýän terbiýesi bizi söýýändigini görkezýär. Günä eden adam Ýehowanyň terbiýesini kabul edip, toba etse, «Reb oňa rehim eder» (Iş. 55:7). Bu nämäni aňladýar? Dawut Ýehowanyň geçirimliligi barada şeýle täsirli sözleri aýdýar: «Ähli ýazyklaryňy bagyşlaýan, ähli keselleriňi bejerýän, ýaşaýşyňy heläkçilikden halas edýän, saňa merhemet we rehim täjini geýdirýän, gündogar günbatardan nähili uzak bolsa, şonça-da Ol jenaýatlarymyzy bizden uzaklaşdyrdy» (Zeb. 103:3, 4, 12). Ýehowa bize-de dürli ýollar arkaly maslahat berip terbiýeleýär. Şonda biz derrew özgerişlik edýärismi? Ýehowanyň söýýändigi üçin terbiýeleýändigini hemişe ýatda saklalyň (Zeb. 30:5).
ÝEHOWA BIZI GORAÝAR
15. Ýehowanyň halkyny gymmat saýýandygy nämeden görünýär?
15 Elbetde, maşgalasyny söýýän ata hemişe olary howpdan goramaga jan edýär. Göklerdäki Atamyz Ýehowa-da bizi goraýar. Mezmurçy Ýehowa barada: «Ol takwalarynyň janlaryny goraýandyr, erbetler elinden olary halas edýändir» diýýär (Zeb. 97:10). Siz gözüňize zeper ýetirmezlik üçin ony derrew goraýansyňyz. Sebäbi ol size gymmatly. Şonuň ýaly-da, Ýehowa öz halkyny derrew goraýar, sebäbi olar onuň üçin gymmatly (Zakarýa 2:8-i okaň) *.
16, 17. Ýehowa halkyny geçmişde we şu günler nädip goraýar?
16 Geçmişde-de, şu günlerem Ýehowa perişdeleri arkaly halkyny goraýar (Zeb. 91:11). Bir gezek Ýehowanyň perişdesi Iýerusalimi goramak üçin assiriýalylaryň 185 müň esgerini bir gijede gyrýar (2 Pat. 19:35). I asyrda perişdeler Petrusy, Pawlusy we beýleki adamlary türmede halas edipdiler (Res. iş. 5:18—20; 12:6—11). Şu günlerem Ýehowanyň eli gysga däl. Ýaňy-ýakynda Afrika döwletinde elhenç uruş boldy. Ýurduň ähli künjeginde uruş, talaňçylyk, zorluk we adam öldürmek ýaly zalym işler möwç urýardy. Adamlaryň köpüsi öz ýakynlaryny ýitirseler-de, dogan-uýalaryň ählisi aman galdy. Dogan-uýalar Ýehowanyň söýýändigine we aladasyny edendigine göz ýetirdiler. Olar köp ejir çekseler-de, özlerini örän bagtly duýýarlar. Baş edaramyzyň wekili Afrika gelip, olaryň hal-ýagdaýyny soranda, olar: «Ýehowa minnetdar! Hemme zat gowy» diýdiler.
17 Elbetde, Ýehowanyň wepaly gullukçylarynyň käbirine Stefanus ýaly ölüm jezasy berildi. Ýehowa köplenç şeýle ýagdaýyň öňüni almaýar. Emma Hudaý Şeýtanyň gurýan duzaklary barada duýduryp, halkynyň bütinleý ýok edilmegine ýol bermeýär (Efes. 6:10—12). Biz bu duýduryşlar barada Mukaddes Ýazgylardan we oňa esaslanan edebiýatlardan okap bilýäris. Meselem, biz Internetiň, pula bolan söýginiň, ahlaksyzlygy we zalymlygy görkezýän kinolaryň, kitaplardyr käbir oýunlaryň howpludygyny bilýäris. Hawa, Ýehowa bizi söýýändigi üçin goramak isleýär.
ULY HORMATA EÝE BOLUŇ
18. Ýehowanyň sizi söýýändigine nähili garaýarsyňyz?
18 Musa pygamber Ýehowanyň söýgüsine ynanýardy we oňa gulluk eden ýyllaryny ýatlap: «Ertirine merhemetiň bilen bizi doýur, şonda biz bütin günümizde begenip şatlanarys» diýýär (Zeb. 90:14). Ýehowanyň söýgüsini duýmak uly hormat we bereketdir! Bizem Ýahýa resulyň: «Ata bize, gör, nähili söýgi beripdir!» diýen sözlerine goşulýarys (1 Ýahýa 3:1).
^ abzas 6 Eýýup 38:4 Men ýeriň düýbüni tutanymda, sen niredediň? Bilýän bolsaň, aýt hany! 7 Şonda daň ýyldyzlary aýdym aýdyşdylar, ähli ylahy barlyklar begenjinden gygyryşdylar.
^ abzas 15 Zakarýa 2:8 Hökmürowan Reb meni Öz şöhraty üçin iberdi. Sizi talan halklar babatda Ol şeýle diýýär: «Siýona degen hut Meniň görejime degýändir».