Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ol güne garaşyň!

Ol güne garaşyň!

«Haýal bolsa-da, sen oňa garaş». HAB. 2:3

AÝDYMLAR: 16, 22

1, 2. Ýehowanyň gullukçylary nämä garaşýardylar?

ÝEHOWANYŇ gullukçylary pygamberlikleriň ýerine ýetmegine hemişe garaşýardylar. Meselem, Ýermeýa pygamber Ýahuda ýurdunyň harabaçylyga öwrüljekdigi barada welilik etdi. Hakykatdan-da, şäher b. e. öň 607-nji ýylda babyllylar tarapyndan weýran edildi (Ýer. 25:8—11). Işaýa pygamber bolsa şäheriň dikeldiljekdigi barada ynam bilen şeýle diýdi: «Oňa (Hudaýa) intizarlar nähili bagtly!» (Iş. 30:18). Hudaýyň gadymy halky barada pygamberlik eden Mika bolsa: «Men gözlerimi Rebbe dikerin» diýdi (Mika 7:7). Şeýle-de Hudaýyň gadymy gullukçylary Mesih hakyndaky pygamberlikleriň ýerine ýetmegine asyrlar boýy garaşypdylar (Luka 3:15; 1 Pet. 1:10—12) *.

2 Şu günlerem Ýehowanyň Şaýatlary Mesih baradaky pygamberlikleriň ýerine ýetmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Tizden Ýehowa Mesihi Patyşalyk arkaly erbetligi we zalymlygy ýok edip, horluklaryň soňuna çykar. Hudaýyň halky Şeýtanyň gol astyndaky yraň atyp duran zalym dünýäden azat bolarlar (1 Ýahýa 5:19). Geliň, bu dünýäniň soňunyň golaýdygyna şübhelenmän oýa bolalyň!

3. Dünýäniň soňuna garaşýan adamlarda nähili sorag döreýär?

3 Ýehowanyň gullukçylary hökmünde biz hem onuň isleginiň «gökde bolşy ýaly, ýerde-de» amala aşmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys (Mat. 6:10). Emma käbir adamlara bu dünýäniň soňuny uzaga çekýän ýaly bolup görnüp: «Bizde garaşmaga degerli sebäp barmy näme?» diýip biynjalyklanýarlar. Geliň, bu soragyň jogabyny bileliň.

NÄME ÜÇIN GARAŞMALY?

4. Oýa bolmak näme üçin wajyp?

4 Mukaddes Ýazgylar bu dünýäniň soňunyň gelmegine garaşýan adamlara näme etmelidigini maslahat berýär. Isa Mesih şägirtlerine «habardar» we «oýa bolmagy» duýdurdy (Mat. 24:42; Luka 21:34—36). Şol sebäpli bizem dünýäniň soňuna garaşmaly. Oýa bolmak babatda Hudaý bize guramasy arkaly görkezme berýär. Şeýle-de edebiýatlarymyz bize «Hudaýyň gününiň gelmegine garaşyp, ony çaltlandyrmaga» we bar ünsümizi Hudaýyň wada beren täze dünýäsine gönükdirmäge ýardam edýär (2 Petrus 3:11—13-nji aýatlary okaň).

5. Biz soňky günlerde näme üçin oýa bolmaly?

5 Eger I asyrda ýaşan mesihçiler dünýäniň soňuna garaşan bolsa, onda bu biziň üçin has wajypdyr. Näme üçin? Sebäbi Mesihiň gelmegi baradaky pygamberlikler amala aşýar. Onuň alamatlary 1914-nji ýyldan bäri ýerine ýetip gelýär. Durmuşyň gün-günden kynlaşmagy we Patyşalyk baradaky hoş habaryň bütin dünýäde wagyz edilmegi biziň soňky günlerde ýaşaýandygymyzy görkezýär (Mat. 24:3, 7—14). Isa soňky günleriň näçe wagt dowam etjekdigini aýtmady. Şol sebäpli biz hemişe oýa we habardar bolmaly.

6. Biz dünýäniň ýagdaýynyň erbetleşjekdigini nireden bilýäris?

6 Käbir adamlaryň: «Belki-de, „ahyrzamana“ häzir däl-de, has kyn döwürde geler» diýmekleri mümkin. Mukaddes Ýazgylarda «soňky günlerde» erbetligiň ilerlejekdigi aýdylýar (2 Tim. 3:1, 13; Mat. 24:21; Ylh. 12:12). Şol sebäpli biz dünýäniň häzirki ýagdaýynyň has-da pese düşjekdigini bilýäris.

7. Matta 24:37—39-njy aýatlarda soňky günler barada näme aýdylýar?

7 Adamlar «ahyrzamana» has kyn döwürde geler diýmek bilen nämäni göz öňüne tutýarlar? (Ylh. 7:14). Belki-de, olar «agyr muşakgatdan» öň her bir ýurtda urşuň, her bir maşgala ojagynda açlygyň we keselçiligiň bolmagyna garaşýandyrlar? Eger şeýle ýagdaý ýüze çyksa, onda tankytçylar hem Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlikleriň ýerine ýetýändigini boýun almaly bolarlar. Emma Isa köp adamlaryň öz işleri bilen başagaý bolup, soňky günleriň alamatlaryna üns bermejekdiklerini aýtdy (Matta 24:37—39-njy aýatlary okaň). Görşümiz ýaly, Mukaddes Ýazgylar çekip-çydardan has kyn döwrüň gelmegine garaşýan adamlaryň nädogry pikir edýändigini aýan edýär (Luka 17:20; 2 Pet. 3:3, 4).

8. Isanyň «oýa boluň» diýen tabşyrygyna gulak asýan adamlar nämä göz ýetirýärler?

8 Isanyň «oýa boluň» diýen tabşyrygyna gulak asýan adamlar ahyrzamanyň alamatlarynyň amala aşýandygyna doly göz ýetirýärler (Mat. 24:27, 42). 1914-nji ýyldan bäri soňky günleriň alamatlarynyň ýerine ýetýändigi mese-mälim görünýär. Hawa, biz häzir soňky günlerde ýaşaýarys. Olar belli bir döwür dowam edip, bu zalym dünýäniň ýok edilmegi bilen tamamlanar.

9. Biz dünýäniň soňuna näme üçin garaşýarys?

9 Şu günler mesihçiler dünýäniň soňunyň gelmegine näme üçin garaşýarlar? Sebäbi olar Isa Mesihiň duýduryşyna gulak asýarlar we onuň gelmeginiň alamatyna göz ýetirýärler. Biziň imanymyz boş zatlara däl-de, Mukaddes Ýazgylardaky weliliklere esaslanýar. Şol sebäpli biz oýa bolup, zalym dünýäniň soňunyň gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.

NÄÇE WAGT GARAŞMALY?

10, 11. a) Isa özüniň gelmegi barada näme diýdi? b) Ahyrzamana entek gelmez diýip pikir edýän mesihçilere Isa näme diýdi? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

10 Biziň köpümiz ençeme ýyldan bäri ruhy taýdan oýa bolmaga jan edýäris. Emma biz dünýäniň soňy uzaga çekýän ýaly bolup görnünse-de, oňa sabyrly garaşýarys. Biz Hudaýyň çykaran hökümini ýerine ýetirjek Isanyň gelmegine taýýar bolmaly. Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Ägä, oýa boluň, doga ediň! Çünki siz ol wagtyň haçandygyny bilmeýärsiňiz. Bu uzak ýola çykan adam kimindir. Ol öýünden aýrylyp barýarka, hyzmatkärlerine ygtyýar, her haýsyna-da öz işini berip, gapynyň garawulyna-da oýa bolmagy tabşyrýandyr. Şeýlelikde, oýa boluň; çünki siz öý eýesiniň agşammy, ýary gijemi, horaz gygyrandamy, ertir irdenmi, haçan geljegini bilmeýärsiňiz. Ol birden gelip-de, ukuda üstüňizi basaýmasyn. Size aýdýanlarymy hemmelere aýdýaryn: oýa boluň!» (Mar. 13:33—37).

11 Mesihçiler Isanyň 1914-nji ýylda höküm sürüp başlandygyny bilýärler we dünýäniň soňunyň tiz geljekdigine düşünip, taýýarlyk görýärler. Şol sebäpli olar Patyşalyk barada yhlasly wagyz edýärler. Belki-de, Isa «horaz gygyranda» ýa-da «ertir irden» diýmek bilen, özüniň biraz eglenjekdigini aýdandyr. Onda mesihçiler näme etmeli? Isa: «Oýa boluň» diýdi. Diýmek, uzak wagtlap garaşýandygyň sebäpli, mesihçiler ahyrzamana entek gelmez ýa-da oňa garaşmak gerek däl diýip pikir etseler nädogry bolardy.

12. Habakuk näme sorady we Ýehowa oňa näme aýtdy?

12 Habakuk pygamber Iýerusalimiň weýran ediljekdigi barada welilik etdi. Şäheriň harabaçylyga öwrüljekdigi barada ençeme ýyldan bäri pygamberlik edilýärdi. Şol günler şäherde «erbetler dogruçyllardan üstün çykýardy, şeýdibem, hakykat ýoýulýardy». Şonuň üçin Habakuk pygamberiň: «Ýa Reb, haçana çenli medet diläp perýat edeýin?» diýmegi geň galdyrmaýar. Ýehowa pygambere ol günüň haçan geljekdigini anyk aýtmasa-da, şäheriň «eglenmän» weýran ediljekdigini we oňa «garaşmalydygyny» aýtdy (Habakuk 1:1—4; 2:3-nji aýatlary okaň) *.

13. Habakuk nähili nädogry pikirlere ýol berip bilerdi we onuň netijesi nähili bolardy?

13 Göz öňüne getiriň, Habakuk ruhdan düşüp, şeýle pikir edýär: «Iýerusalimiň weýran boljakdygy birnäçe ýyldan bäri jar edilýär. Ol güne kän garaşmaly bolsa näme? Şäheriň weýran boljagy barada wagyz etmek gaty gülkünç görünýär. Kim pygamberlik etse-de, men bir etmäýinle». Eger-de Habakuk şeýle pikirlere ýol beren bolsa, Ýehowanyň merhemetinden mahrum bolup, Iýerusalimi basyp alan babyllylaryň elinden gaçyp gutulyp bilmezdi.

14. Biz pygamberlikleriň ýerine ýetjekdigine näme üçin ynanýarys?

14 Biz täze dünýä geçenimizde ahyrzamana degişli pygamberlikleriň öz wagtynda ýerine ýetendigine aýdyň düşüneris. Bu barada oýlansak, Ýehowanyň wadalarynyň doly ýerine ýetjekdigine ynamly bolarys we Oňa bil baglarys (Ýeşuwa 23:14-i okaň) *. «Wagt ýa möwsümlerini» «öz ygtyýaryna tabyn eden» Allatagala bize «bütin zatlaryň soňunyň ýakynlaşandygyny» duýdurýar. Biz munuň üçin Ýehowa minnetdar bolup, berýän görkezmesine eýermeli (Res. iş. 1:7; 1 Pet. 4:7).

ELIŇIZ SOWAMASYN!

Siz yhlasly wagyz edýärsiňizmi? (15-nji abzasa serediň)

15, 16. Biz näme üçin yhlasly wagyz etmeli?

15 Ýehowa guramasy arkaly bize yhlasly wagyz etmegi häli-şindi ýatladyp durýar. Şeýle ýatlatmalar bize Hudaýa gulluk etmek bilen çäklenmän, eýsem, Mesihiň gelmeginiň alamatlarynyň ýerine ýetişini görmäge kömek edýär. Biz bu ýatlatmalara nähili garamaly? Biz hoş habary yhlasly wagyz edip, Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýup, Onuň dogrulygyny agtarmaly (Mat. 6:33; Mar. 13:10).

16 Bir uýa: «Biz Hudaýyň Patyşalyk baradaky hoş habaryny wagyz etmek bilen... adamlara halas bolmaga kömek edýäris» diýýär. Ol halas etmegiň wajypdygyna düşünýärdi. Sebäbi 1945-nji ýylda ol «Wilgelm Gustof» atly ägirt uly gämide barýarka heläkçilige uçraýar. Bu heläkçilikden uýa bilen ýanýoldaşy we birnäçe adamlar halas bolýarlar. Käbir adamlar pajygaly ýagdaýda nämäniň wajypdygyna düşünmeýärler. Uýa bir aýalyň: «Waý, sumkalarym, sumkalarym! Meniň altynlarym! Ähli altynlarym aşakda, gämide galdy-la! Men hiç zatsyz galdym!» diýip, möňňürip aglaýşyny ýatlaýar. Ýöne beýleki adamlar janyny howp astyna salyp, buz ýaly suwda gark bolup barýanlary halas edýärdiler. Bizem janymyzy aýaman adamlara kömek etmek üçin elimizde baryny etsek, adamlara ýetip gelýän heläkçilikden halas bolmaga ýardam ederis.

Siziň gelýän kararyňyz oýa bolmaga kömek edýärmi? (17-nji abzasa serediň)

17. Ahyrzamanyň duýdansyz geljekdigini näme subut edýär?

17 Dünýäde bolýan wakalar Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlikleriň ýerine ýetýändigini we ahyrzamanyň örän golaýdygyny subut edýär. Ylham 17:16-da «janawaryň we on şahyň» Beýik Babylyň — ýalan diniň dünýä imperiýasynyň üstüne topuljakdygy aýdylýar. Biz bu pygamberlik entek ýerine ýetmez diýip pikir etsek ýalňyşarys. Sebäbi Hudaý muny etmegi «olaryň ýüregine guýar» we ol gün duýdansyz, örän tiz geler (Ylh. 17:17). Bu dünýäniň soňy golaýlap gelýär! Isa: «Habardar boluň! Horanlyk, serhoşluk, ýaşaýşyň gaýgylary ýüregiňize ýük bolup, ol gün duýdansyzlykda üstüňize abanaýmasyn. Çünki ol gün bütin ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň ählisiniň üstüne duzak kimin geler» diýip duýdurdy. Biz muňa biparh garamaly däl (Luka 21:34, 35; Ylh. 16:15). Geliň, «umyt baglaýanlar üçin şeýle işleri eden Hudaýa» yhlasly gulluk edeliň (Iş. 64:4).

18. Biz indiki makalada näme barada gürrüň ederis?

18 Geliň, bu zalym dünýäniň soňuna garaşyp, Ýahudanyň şu sözlerine eýereliň: «Eý söýgüli doganlar, siz özüňizi iň mukaddes imanyňyzyň üstünde gurup, Mukaddes Ruhda doga edip, ebedi ýaşaýyş üçin Rebbimiz Isa Mesihiň rehimine garaşyň, özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň» (Ýahuda 20, 21). Biz Hudaýyň wada beren täze dünýäsine sabyrsyzlyk bilen garaşýandygymyzy nädip görkezip bileris? Bu barada indiki makalada gürrüň ederis.

^ abzas 1 «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» kitabyndan Mesih baradaky pygamberlikler we olaryň ýerine ýetişi barada okaň (sah. 200).

^ abzas 12 Habakuk 1:1 Habakuk pygambere aýanlyk üsti bilen gelen pygamberlik. 2 Ýa Reb, haçana çenli medet diläp perýat edeýin? Sen gulak salýaňmy? Zulumdan perýat edýän, ýöne Sen halas etmeýäň. 3 Näme üçin pisligi maňa gördürýäň? Ýamanlyga neneň çydaýaň? Zorluk we zulum gözümiň alnynda, uruş-galmagalyň, jenjeliň soňy gelenok. 4 Şonuň üçin kanunyň güýji ýok, adalata ýol ýok, erbetler dogruçyllardan üstün çykýarlar, şeýdibem, hakykat ýoýulýar. 2:3 Aýanlyk bellenen wagt üçindir, ol kyýamat barada aýdýar, bu ýalan däl, haýal bolsa-da, sen oňa garaş, ol wagt hökman geler, eglenmez.

^ abzas 14 Ýeşuwa 23:14 Ine, görşüňiz ýaly, meniň sanalgym doldy. Siziň hemmäňiz bütin ýüregiňiz bilen jan-tenden bilýärsiňiz, çünki Hudaýyňyz Rebbiň size beren ähli ajaýyp wadalarynyň ýekejesi hem ýerine ýetmän galmady. Onuň her bir sözi amala aşdy, ýekejesi hem hakykata öwrülmän galmady.