Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ruhy jenneti giňeldiň

Ruhy jenneti giňeldiň

«Aýak basýan ýerimi şöhratlandyraryn». IŞ. 60:13

AÝDYMLAR: 8, 22

1, 2. Ýewreý Ýazgylarynda «aýagynyň kürsüsi» diýen jümle nämäni aňladýar?

ÝEHOWA HUDAÝ: «Gök Meniň tagtym, ýer aýagyma kürsüdir» diýýär (Iş. 66:1). Şeýle-de ol «aýagynyň kürsüsi» barada: «Aýak basýan ýerimi şöhratlandyraryn» diýýär (Iş. 60:13). Ol muny nädip eder? Hudaýyň «aýagynyň kürsüsiniň» şöhratlanmagy adamlara nähili täsir eder?

2 Ýewreý Ýazgylarynda Hudaýyň «aýagynyň kürsüsi» diýen jümle göçme manyda ysraýyllylaryň mukaddes çadyryny aňladýar (1 Ýyl. 28:2; Zeb. 132:7). Çadyr hakyky seždäniň merkezidi we Allanyň aýak basýan ýerini şöhratlandyrýardy. Ýehowa mukaddes çadyry örän owadan hasaplaýardy.

3. Hudaýyň ruhy ybadathanasy näme üçin guruldy we onuň düýbi haçan tutuldy?

3 Şu günler Ýehowany şöhratlandyrýan ruhy ybadathana guruldy. Ol mukaddes çadyr ýaly hakyky seždäniň merkezi hasaplanylýar. B. e. 29-njy ýylynda Isa suwda çokundyrylyp, Baş ruhany edip bellenildi we Ýehowanyň ruhy ybadathanasynyň düýbi tutuldy. Şeýdip, Isa Mesihiň töleg gurbanyna iman edýän adamlar Ýehowa bilen ýaraşyp bilýärler (Ýew. 9:11, 12).

4, 5. a) Zebur 99-njy baba görä, Ýehowanyň gullukçylary näme etmeli? b) Biz özümize nähili sorag bermeli?

4 Biz adamlara Hudaýyň ady we onuň beren töleg gurbany barada gürrüň berip, ruhy ybadathanyň gurlandygyna minnetdar bolýarys. Şu günler 8 milliondan gowrak mesihçiler Ýehowany şöhratlandyrýarlar. Käbir adamlar dünýäden ötensoň, gökde Hudaýy şöhratlandyraryn diýip pikir edýärler. Elbetde, bu nädogry. Ýehowanyň Şaýatlary Allany şu wagt we ýerde şöhratlandyrmalydygyna düşünýärler.

5 Biz Zebur 99:1—3, 5—7-nji aýatlara (okaň) görä, Ýehowanyň wepaly gullukçylarynyň göreldesine eýerip, ony şöhratlandyrmak isleýäris. Mezmurda Musanyň, Harunyň we Şamuweliň hakyky seždäni goldandygy barada gürrüň berilýär. Gökde ruhany bolup höküm sürjek mesh edilen mesihçiler ruhy ybadathananyň ýerdäki howlusynda wepaly gulluk edýärler. Millionlarça «başga goýunlar» hem olary yhlasly goldaýarlar (Ýahýa 10:16). Ýerde ýa-da gökde ýaşamaga umydy bolan mesihçileriň ählisi Ýehowanyň «aýagynyň kürsüsinde» oňa sežde edýärler. Şol sebäpli biziň her birimiz özümize: «Men hakyky seždäni ýürekden goldaýarynmy?» diýen soragy bermeli.

RUHY YBADATHANADA GULLUK EDÝÄNLER

6, 7. I asyrdaky mesihçiler nähili kynçylyklara duçar boldular we 1919-njy ýylda näme boldy?

6 Pygamberlikde aýdylyşy ýaly, mesihi ýygnagyň döränine takmynan 100 ýyl geçenden soňra hakykaty ýoýýan mesihçiler köpelip başlady (Res. iş. 20:28—30; 2 Sel. 2:3, 4). Şol sebäpli Hudaýyň ruhy ybadathanasyndaky wepaly gullukçylary tanamak kyndy. Emma Ýehowa Isa Mesihi Patyşa belläp, hakyky mesihçileri tapawutlandyrmaga kömek edýär.

7 1919-njy ýylda Ýehowanyň razylygyny gazanýan we ruhy ybadathanada wepaly gulluk edýän mesihçiler aýan boldy. Olar ruhy taýdan arassalanyp, Hudaýa ýaramly gulluk etmelidiler (Iş. 4:2, 3; Mal. 3:1—4). Şeýlelikde, Pawlus resulyň gören görnüşi kiçi möçberde ýerine ýetip başlady.

8, 9. Pawlus görnüşinde nähili «jenneti» görýär?

8 Pawlus resulyň gören görnüşi 2 Korintoslylar 12:1—4-nji aýatlarda (okaň) beýan edilýär. Ol Hudaý tarapyndan ylhamlanyp, gelejekde boljak wakalary aýan edýän täsin görnüş görýär. Pawlus «üçünji göge äkidilende» nähili «behişdi», ýagny jenneti görýär? Belki-de, ol ruhy jenneti, gökde ýa-da ýerde boljak jenneti görendir. Tizden ýerde Jennet dikeldiler (Luka 23:43). Pygamberlikdäki ruhy jennet hem täze dünýäde doly möçberde ýerine ýeter. Gökdäki jennet «Hudaýyň jennetini» — gökdäki gowy şertleri aňladýandyr (Ylh. 2:7).

9 Pawlus resul näme üçin «adamzada sözlemäge rugsat edilmedik, aýdyp bolmajak sözleri eşidendigini» aýdýar? Sebäbi oňa şol wagty gören görnüşini jikme-jik düşündirmäge rugsat berilmeýär. Emma şu günler bizde Hudaýyň halkynyň alýan bereketlerini gürrüň bermäge mümkinçilik bar.

10. «Ruhy jennet» bilen «ruhy ybadathananyň» tapawudyny düşündiriň.

10 Edebiýatlarymyzda «ruhy jennet» barada köp gürrüň edilýär. Ruhy jennet bize Ýehowa Hudaý, dogan-uýalarymyz bilen dostlaşmaga kömek edýär we ruhy bereketleri berýär. Emma «ruhy jennet» bilen «ruhy ybadathana» tapawutlanýar. Allatagala ruhy ybadathanany özüne sežde edilmegi üçin gurnady. Allanyň razylygyny gazanyp, ruhy ybadathanasynda gulluk edýän adamlar ruhy jenneti aňladýar (Mal. 3:18).

11. Ruhy jennet babatda nähili hormatly iş tabşyryldy?

11 1919-njy ýyldan başlap, Ýehowa bikämil adamlara ruhy jenneti dikeltmegi, berkitmegi we giňeltmegi tabşyrdy. Ýehowa bilen işleşmek nähili hormat! Sizem Hudaýyň işdeşlerimi? Siz Ýehowanyň «aýak basýan ýerini» şöhratlandyrmaga goşant goşýandygyňyza begenýärsiňizmi?

ÝEHOWANYŇ GURAMASYNYŇ ÖSÜŞI

12. Biz Işaýa 60:17-däki pygamberligiň ýerine ýetýändigine näme üçin ynanýarys? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

12 Işaýa 60:17-de (okaň) * Ýehowanyň ýerdäki guramasynyň üstünlik gazanjakdygy barada pygamberlik edilýär. Muny ýaşlar we ýaňy-ýakynda suwda çokundyrylanlar okap ýa-da eşidip bilýärler. Emma dogan-uýalaryň köpüsi pygamberligiň ýerine ýetmegine goşant goşýarlar. Olar Ýehowanyň Patyşamyz Isa arkaly ýolbaşçylyk edýändigine ynanýarlar. Dogan-uýalaryň yhlasly edýän gullugy barada eşidenimizde, biziň Ýehowa has-da umydymyz berkäp, Oňa bil baglaýarys.

13. Biz Zebur 48:12—14-nji aýatlara görä näme etmeli?

13 Biz Ýehowa ençeme ýyldan bäri gulluk edip, adamlara onuň guramasy barada gürrüň berýäris. Biz azgyn, ýigrenç we zalymlykdan doly dünýäde ruhy jennetiň bardygyna begenýäris! Biz «geljek nesle» Ýehowanyň guramasy, «Sion» we ruhy jennet barada şatlyk bilen gürrüň berýäris (Zebur 48:12—14-nji aýatlary okaň).

14, 15. 1970-nji ýyllarda nähili özgerişikler boldy we nähili netije berdi?

14 Gartaşan dogan-uýalar Ýehowanyň ýerdäki guramasynda käbir özgerişikleriň şaýady boldular. Meselem, öň ýygnaga gulluk hyzmatçysy gözegçilik edýän bolsa, indi ýaşulular maslahaty ýolbaşçylyk edýär. Şu günler filial gullukçysy däl-de, filial komiteti gulluk edýär. Öň Garawul diňi jemgyýetiniň prezidenti görkezme berýän bolsa, indi Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýolbaşçylyk maslahaty karar çykarýar. Öň guramanyň prezidentine Hudaýa wepaly doganlar kömek etseler-de, ýygnaklarda, filiallarda we Baş edarada özgerişleri etmek babatda prezident karara gelýärdi. Emma 1970-nji ýyllardan başlap, diňe bir adam däl-de, birnäçe ýaşulular maslahatlaşyp, karar kabul edýärler.

15 Bu özgerişikler gowy netije berdimi? Elbetde! Näme üçin şeýle diýse bolar? Sebäbi bizem I asyrda ýaşan mesihçileriň göreldesine eýerýäris. Indi guramada karar kabul etmeli bolanda, diňe bir adam däl-de, Ýehowanyň «sylag» hökmünde beren doganlaryň ählisi gatnaşýarlar (Efes. 4:8; Sül. tym. 24:6).

Ýehowa bütin dünýädäki adamlaryň aladasyny edýär (16, 17-nji abzaslara serediň)

16, 17. Siz nähili özgerişleri haladyňyz we näme üçin?

16 Şeýle-de guramamyzda edebiýatlaryň görnüşi, mazmuny we olaryň ýaýradylyş usullary babatda özgerişler edildi. Siz şu günki kynçylyklaryň hötdesinden gelmäge kömek edýän owadan žurnallar arkaly wagyz edip bilýändigiňize begenýärsiňizmi? Galyberse-de, hoş habar jw.org web-saýtymyz arkaly bütin dünýäde ýaýradylýar. Bu bolsa Ýehowanyň dünýäniň ähli künjeginde ýaşaýan we görkezmä mätäç adamlaryň aladasyny edýändigini aýan edýär.

17 Edilen özgerişler maşgala we şahsy okuwyna köp wagt sarp etmäge mümkinçilik döretdi. Kongresler ýyl-ýyldan has täsirli geçirilýär. Biz teokratik mekdepleriň açylandygyna çäksiz begenýäris! Bu özgerişler Ýehowanyň ýolbaşçylyk edýändigini aýdyň görkezýär. Biz onuň guramasynyň ösýändigine we ruhy jennetiň giňelýändigine begenjimizden ýaňa ganat baglap uçýarys.

RUHY JENNETI GIŇELTMÄGE GOŞANT GOŞALYŇ

18, 19. Biz ruhy jennetiň giňemegine nädip goşant goşýarys?

18 Biz Ýehowanyň ruhy jenneti giňeltmäge mümkinçilik berendigine minnetdarlyk bildirip, Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz edýäris we şägirt taýýarlaýarys. Adamlara Hudaýa özüni bagyş edip, suwda çokundyrylmaga kömek edenimizde, ruhy jenneti giňeldýäris (Iş. 26:15; 54:2).

19 Şeýle-de biz ruhy jenneti giňeltmek üçin mesihi häsiýetlerimizi ösdürmeli. Şonda adamlar ruhy jennetiň bardygyna göz ýetirerler. Käte adamlar aýdýan hoş habarymyza däl-de, ýokary ahlak kadalaryna eýerýändigimize, edim-gylymymyza üns berýärler. Bu bolsa olara Hudaýy we Isa Mesihi tanamaga, Ýehowanyň guramasynyň agzasy bolmaga kömek edýär.

Ruhy jenneti giňeltmäge goşant goşalyň (18, 19-njy abzaslara serediň)

20. Biz Süleýmanyň tymsallary 14:35-e görä näme etmeli?

20 Ýehowa bilen Isa biziň ruhy jennete goşýan goşandymyza diýseň begenýär! Biz ruhy jennetimizi giňeltmekden lezzet alýarys. Gelejekde biz ýer ýüzünde boljak Jenneti bagy-bossanlyga öwrüp, has-da köp şatlyk taparys. Süleýmanyň tymsallary 14:35-de: «Patyşanyň mähri özüni paýhasly alyp barýan hyzmatkär üçindir» diýilýär. Geliň, paýhasly işçiler kimin ruhy jenneti giňeltmäge jan edeliň!

^ abzas 12 Işaýa 60:17 Bürünç ýerine altyn, demir ýerine kümüş bererin Men; agaç ýerine bürünç, demir bererin daş ýerine. Parahatçylygy baştutanyň, dogrulygy gözegçiň edip bellärin.