Bu dünýäde aýypsyz galalyň
«Eliňizi arassalaň... ýüregiňizi saplaň». ÝAKUP 4:8
1. Adamlar aýypsyzlyga nähili garaýarlar?
ŞU GÜNLER adamlaryň aýypsyzlygy wajyp saýmaýandygy aýdyň görünýär. Köp ýurtlarda zyna etmeklige we erkek bilen erkegiň jynsy gatnaşygyna adaty zat hökmünde garaýarlar. Reklamalar we göwün açmagyň käbir görnüşleri ahlaksyz işleri etmäge höweslendirýär (Zeb. 12:8). Şol sebäpli siz: «Aýypsyz galyp bolarmyka?» diýýänsiňiz. Hawa, mesihçi Ýehowanyň kömegi bilen aýypsyz galyp biler (1 Selanikliler 4:3—5-nji aýatlary okaň).
2, 3. a) Erbet höweslere garşy göreşmek näme üçin wajyp? b) Biz şu makalada näme barada gürrüň ederis?
2 Biz ahlaksyz höweslere garşy dursak aýypsyz galyp bileris. Meselem, çeňňekdäki gurçugyň balygy özüne çekişi ýaly, ahlaksyz pikirler we azgyn höwesler mesihçini tora salyp biler. Eger biz şeýle zatlar barada oýlanyp başlasak, ten höweslerini oýararys. Şeýdip, erbet höwesler özüne çekip, günä işlere iterer. Synag dörände bolsa, Ýehowanyň gullukçysy-da günä edip biler. Hawa, «höwes bogaz bolup, günäni dogurýandyr» (Ýakup 1:14, 15-nji aýatlary okaň).
Gal. 5:16). Geliň, erbet höweslere garşy göreşmäge kömek edýän üç zat: Ýehowa bilen dostlaşmak, Hudaýyň Sözündäki maslahatlar we ruhy taýdan ösen mesihçileriň kömegi barada gürrüň edeliň.
3 Az wagtlyk höwesiň günäli işlere iterýändigi barada oýlanmaklyk aýypsyz galmaga kömek edýär. Emma erbet höwesleri ýüregimizden sogrup taşlamasak, ahlaksyzlykdan we onuň erbet netijesinden gaça durup bilmeris («HUDAÝA ÝAKYNLAŞYŇ»
4. Ýehowa bilen dostlaşmak näme üçin wajyp?
4 Mukaddes Ýazgylarda Hudaý bilen dostlaşmak isleýänleriň ählisine: «Eliňizi arassalaň... ýüregiňizi saplaň» diýip maslahat berilýär (Ýakup 4:8). Biz Ýehowa bilen dostlugymyzy gymmat saýsak, onda pikirimizde we ähli zatda Onuň göwnünden turmaga jan ederis. Eger biz arassa, wajyp we öwgä mynasyp zatlar hakynda oýlansak, «ýüregimizi sap» saklap bileris (Zeb. 24:3, 4; 51:6; Flp. 4:8). Elbetde, Ýehowa biziň bikämildigimizi we erbet pikirlere ýykgyndygymyzy bilýär. Emma biz göreşmegiň deregine, ýüregimizde erbet pikirleri ösdürsek Hudaýy gynandyrarys (Gel. çyk. 6:5, 6). Şeýle zatlar barada çuňňur oýlanmaklyk pikirimizi arassalamaga kömek eder.
5, 6. Doga erbet pikirlere garşy göreşmäge nädip kömek edýär?
5 Biz nädogry pikirlere garşy durmak we Ýehowa doly bil baglamak üçin doga etmeli. Şonda biz Ýehowa ýakynlaşarys, ol hem bize ýakynlaşar. Biz aýypsyz galmak üçin ahlaksyz pikirlere garşy göreşsek, Ýehowa jomartlyk bilen mukaddes ruhuny berer. Şeýle-de dogamyzda Hudaýy ýürekden razy etmek isleýändigimizi aýtmaly (Zeb. 19:14). Günä iterýän «erbet ýol», ýagny nädogry höwes dörände, biz kiçigöwünlilik bilen Hudaýdan özümizi barlamagyny dileýärismi? (Zeb. 139:23, 24). Synaga düşenimizde aýypsyz galmak üçin Alladan hemişe kömek soraýarysmy? (Mat. 6:13).
6 Adamyň alan terbiýesi ýa-da durmuşy Ýehowanyň halaýan işlerini etmäge päsgel berip biler. Emma Hudaý bize gerekli özgerişleri edip, mynasyp gullukçysy bolmaga kömek edýär. Dawut patyşa Batşeba bilen zyna edende, Hudaýyň goldaw berýändigini bilip: «Mende tämiz ýürek ýarat... içime täzeden durnukly ruh ber» diýip ýalbardy (Zeb. 51:10, 12). Hawa, günäli höwesler bize täsir etse-de, Ýehowa özüne gulak asmaga kömek edýär. Belki, erbet höwesler ýüregimizde kök urup, arassa pikirleri bogýandyr. Emma Ýehowa bize görkezme berýär we kanunyna görä ýaşamaga kömek edýär. Geliň, Allatagalanyň goldawy bilen günäniň agalyk etmegine ýol bermäliň! (Zeb. 119:133).
«SÖZI ÝERINE ÝETIRIJI BOLUŇ»
7. Mukaddes Ýazgylar erbet pikirlere garşy göreşmäge nädip kömek edýär?
7 Ýehowa biziň dogalarymyza Mukaddes Ýazgylar arkaly jogap berýär. Hudaýyň Sözündäki akyldarlyk, «ilki bilen, sap» bolýandyr (Ýakup 3:17). Mukaddes Ýazgylary her gün okasak we okan zatlarymyz barada oýlansak, ahlaksyz pikirlere garşy göreşmäge kömek eder (Zeb. 19:7, 11; 119:9, 11). Şeýle-de pikirimizi arassa saklamak üçin Mukaddes Ýazgylarda gerekli maslahatlar we aýdyň mysallar berilýär.
8, 9. a) Ýaş ýigit ahlaksyz aýala nädip sataşdy? b) Biz Süleýmanyň tymsallary 7-nji bapdan nähili sapak edinip bileris?
8 Süleýmanyň tymsallary 5:8-de: «Ýoluňy ol (ahlaksyz) aýaldan uzaklaşdyr, öýüniň gapysyna golaý barma» diýip duýdurylýar. Süleýmanyň tymsallary 7-nji bapda bolsa, bu maslahata eýermedik bir ýaş ýigit barada gürrüň berilýär. Agşam düşüpdi. Ýigit ahlaksyz aýalyň öýüniň deňinden geçip, köçäniň çatrygyna ýetende, ýarym-ýalaňaç ahlaksyz aýal onuň ýanyna barýar. Ol ýigidi gujaklap ogşaýar. Ol mähirli sözleri bilen onda güýçli höwes döredýär welin, ýigit özüne erk edip bilmerin öýdýär. Şeýlelikde, ol ahlaksyzlyga baş goşýar. Belki-de, ýaş ýigit ýola düşende ol aýalyň ýanyna barmak barada pikirem eden däldir. Ol ýaş bolany üçin paýhassyz hereket etdi. Nähili bolaýanda-da, ol eden etmişiniň miwesini ormalydy. Ýaş ýigit şol köçä sowulmadyk bolsa, howply ýagdaýa uçramazdy! (Sül. tym. 7:6—27).
9 Ýaş ýigit ýaly bizem paýhassyzlyk edip, erbet höwesleriň toruna düşüp bilerismi? Meselem, telewizoryň käbir kanallarynda gijelerine ahlaksyz zatlar görkezilýär. Biz kanallary eýläk-beýläk geçirip dursak näme bolar? Ýa-da biz Internetde güýmenip otursak, hat ýazyşylýan, habarlaşylýan saýtlarynda we sahypalarynda çykýan ahlaksyz suratlaryň, teklipleriň üstünden barsak näme? Olar bizde erbet höwesleri döretse, aýypsyz galyp bilerismi?
10. Näz-kereşme etmek näme üçin howply? (Makalanyň başyndaky surata serediň).
10 Mukaddes Ýazgylarda başga jynsly adam bilen özüňi nädip alyp barmalydygy barada maslahat berilýär (1 Timoteos 5:2-ni okaň). Bu maslahata eýerýän adam näz-kereşme etmeýär. Emma käbirleri näzli bakyşyň, sözleriň we hereketleriň hiç hili zyýany ýokdur öýdýärler. Şeýle adamlar jynsy gatnaşyk etmeýäris diýip özüni aklaýarlar. Ýöne näz-kereşme ahlaksyz pikirlere we günä işlere iterýär. Şeýle ýagdaý geçmişde-de, şu günlerem boldy.
11. Ýusup nähili görelde galdyrdy?
11 Ýusup paýhasly bolmakda gowy görelde galdyrdy. Potyparyň aýaly Ýusuba näz-kereşme edip, onuň bilen jynsy gatnaşyk etmek isledi. Ýusup oňa garşy dursa-da, aýal niýetinden dänmedi. Ol her gün Ýusuby özi bilen ýatmaga yrjak bolýardy (Gel. çyk. 39:7, 8, 10). Bir alym: «Potyparyň aýaly Ýusuba: „Gel, bir salym bileje oturaly“ diýip, onda jynsy höwesi oýarjak boldy» diýýär. Emma Ýusup geleňsizlik edip, onuň teklibine gulak gabartmady. Ol aýalyň näz-kereşmesine jogap bermedi. Şol sebäpli erbet pikirler onuň ýüreginde kök urmady. Potyparyň aýaly onuň eşiginden tutanda, Ýusup aýgytly hereket edip, «eşigini onuň elinde galdyryp, gaçyp daşary çykdy» (Gel. çyk. 39:12).
12. Görýän zadymyzyň ýüregimize täsir edýändigini nireden bilýäris?
12 Mukaddes Ýazgylarda görýän zadymyzyň ýüregimize täsir edip, erbet işlere iterýändigi barada aýdylýar. Eger görýän zadymyza ünsli bolmasak, bizde ahlaksyz höwesiň döremegi ýa-da güýjemegi mümkin. Isa: «Bir aýala azgyn nebis bilen bakan adam öz ýüreginde eýýäm onuň bilen zyna edendir» diýdi (Mat. 5:28). Dawut patyşa bilen bolan wakany ýadymyza salalyň. Ol «köşgüň üçegine çykanda... suwa düşünip duran bir aýala... gözi düşdi» (2 Şam. 11:2). Şonda ol gözüni başga tarapa sowmagyň deregine, erbet höwesiň döremegine ýol berdi. Şeýlelikde, Dawut patyşa başga biriniň aýalyna göz gyzdyryp, onuň bilen zyna etdi.
13. Biz näme üçin we nädip gözümiz bilen äht baglaşmaly?
13 Biz Eýýup pygamber ýaly gözümiz bilen äht baglaşyp, ahlaksyz pikirlere garşy göreşmeli (Eýýup 31:1, 7, 9). Geliň, ahlaksyz zatlara seretmezligi we başga kişä näz-kereşme etmezligi ýüregimize düweliň! Şonda biz kompýuterdäki, reklamalardaky, gazet-žurnallardaky ýa-da başga ýerlerdäki ahlaksyz şekillere seretmeris.
14. Aýypsyz galmak üçin näme etmeli?
14 Eger siz ýokarda agzalan käbir Ýakup 1:21—25-nji aýatlary okaň).
zatlaryň üstünde işlemeli bolsaňyz, onda aýgytly hereket ediň. Günä iterýän işlerden gaça durmak we aýypsyz galmak üçin Hudaýyň Sözündäki maslahaty höwes bilen kabul ediň (ÝAŞULULARY «ÇAGYRYŇ»
15. Biz näme üçin kömek soramaly?
15 Imandaşlarymyz bize ahlaksyz pikirlere garşy göreşmäge kömek edip biler. Elbetde, birine duýgularyňy aýtmak aňsat däl. Emma biz ynamdar, ruhy taýdan ösen mesihçä ýüregimizi döksek, erbet höwesleri ýeňip bileris (Sül. tym. 18:1; Ýew. 3:12, 13). Ol biziň bilmeýän zadymyza düşünmäge kömek eder. Şonda biz gerekli özgerişleri edip, Ýehowanyň söýgüsinde galyp bileris.
16, 17. a) Ýaşulular nädip kömek edýärler? b) Pornografiýanyň duzagyna düşenler näme üçin derrew kömek soramaly?
16 Ýehowa bize kömek etmek üçin ýörite ýygnak ýaşulularyny belledi (Ýakup 5:13—15-nji aýatlary okaň). Braziliýaly bir ýaş ýigit birnäçe ýyllap erbet höwesleri bilen göreşýärdi. Ol şeýle diýýär: «Men pikirlerimiň Ýehowany gynandyrýandygyna düşünýärdim, ýöne başgalara duýgularymy aýtmaga utanýardym». Bir güni ýygnak ýaşulusy onuň bilen gürrüňdeş bolup, ýaşululara ýüz tutmaga höweslendirýär. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men ýaşulularyň eden aladasyna, mähirli gürrüňdeşligine we duýgularyma düşünýändigine örän haýran galdym. Men beýle zada garaşmandym. Olar meni ünsli diňläp, Ýehowanyň maňa bolan söýgüsine ynandyrmak üçin Mukaddes Ýazgylardan aýatlary okadylar we meniň bile doga etdiler. Şol sebäpli maňa olaryň Mukaddes Ýazgylaryň esasynda beren maslahatyny kabul etmek kyn bolmady». Aradan birnäçe ýyl geçýär, ol ruhy taýdan ösen mesihçi bolup ýetişýär. Ol: «Indi ýüki ýeke götermegiň deregine, kömek soramagyň wajypdygyna göz ýetirdim» diýýär.
17 Pornografiýa ahlaksyz höwesleri oýarýar. Ony görýän adam ruhy kömege has-da mätäç bolýar. Eger şeýle adam wagtynda kömek soramasa, onuň höwesi «bogaz bolup, günäni dograr», dogan-garyndaşlarynyň ýüregine ýara salar we Ýehowanyň adyna ysnat getirer. Ýehowany razy edip, onuň halkynyň agzasy bolmak isleýän mesihçileriň her biri söýgi bilen berlen kömegi kabul edýärler (Ýakup 1:15; Zeb. 141:5; Ýew. 12:5, 6).
AÝYPSYZ GALMAGY ÝÜREGIŇIZE DÜWÜŇ!
18. Siz näme etmegi ýüregiňize düwdüňiz?
18 Şeýtanyň zalym dünýäsiniň ahlak kadalary gün-günden pese düşýär. Emma Ýehowanyň gullukçylary pikirini arassa saklamaga we ýokary ahlak kadalaryna eýermäge jan edýärler. Alla olaryň edýän tagallasyna guwanýar. Geliň, Ýehowanyň Sözünde we guramasynda berilýän görkezmelere eýerip, Onuň bilen dostlugymyzy berkideliň! Biz aýypsyz galsak, kalbymyzda rahatlyk taparys we durmuşymyz manyly bolar (Zeb. 119:5, 6). Şeýtan ýok edilende, bütin dünýä onuň azgyn täsirinden azat bolar. Şonda biz arassa dünýäde ebedi ýaşarys!