«Seniň halaýşyň şeýledi»
«Sen bu zatlary akyldarlardan, düşünjelilerden ýaşyryp, kiçijik çagalara aýan etdiň». LUKA 10:21
1. Isa näme üçin «Mukaddes Ruh arkaly şatlanýar»? (Makalanyň başyndaky surata serediň).
ISA «Mukaddes Ruh arkaly şatlanýar». Onuň mähirli ýylgyrşyny göz öňüne getiriň! Isa näme üçin şatlanýar? Sebäbi ol 70 şägirdini Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmäge iberipdi. Indi bolsa, olaryň bu ýumşy nädip ýerine ýetirendiklerini bilmek isleýär. Bilimli we akylly hasaplanylýan kanunçylardyr fariseýler hoş habara garşy çykýardylar. Köp adamlar olaryň täsirine düşüp, Isany ýönekeý agaç ussasy, şägirtlerini bolsa «okuwsyz, garamaýak» hasaplaýardylar (Res. iş. 4:13; Mar. 6:3). Hatda jynlar-da şägirtlere garşylyk görkezýärdi. Muňa garamazdan, olar hoş habary höwes bilen wagyz edýärdiler. Isanyň şägirtlerine şadyýan we batyrgaý bolmaga näme kömek edýärdi? (Luka 10:1, 17—21-nji aýatlary okaň).
2. a) Isanyň şägirtleri haýsy manyda çaga ýalydy? b) Şägirtlere hakykata düşünmäge näme kömek edýärdi?
2 Isa Ýehowa ýüzlenip: «Saňa şükür edýärin, eý, ýeriň-gögüň Rebbi Atam! Çünki Sen bu zatlary akyldarlardan, düşünjelilerden gizläp, şu kiçijik çagalara aýan etdiň. Hawa, eý Atam, Seniň islegiň Mat. 11:25, 26). Elbetde, Isanyň şägirtleri göni manyda çaga däldi. Emma akylly, bilimli we tekepbir adamlaryň ýanynda şägirtler çaga ýalydy. Isa olar çagalar ýaly pesgöwünli we hemişe öwrenmäge taýyn bolmagy ündeýär (Mat. 18:1—4). Şägirtler näme üçin pesgöwünli bolmalydy? Ýehowa mukaddes ruhy arkaly şeýle adamlara hakykata gowy düşünmäge kömek edýär. Özlerini bilimli saýýan tekepbir adamlar bolsa, Şeýtanyň täsirine düşüp, hakykata akyl ýetirip bilmeýärler.
şeýledi» diýdi (3. Şu makalada näme barada bileris?
3 Ýehowa ähli milletden, dürli ukyply we bilimli bolan pesgöwünli adamlara hakykaty aýan edýär. Isa muňa örän begenýär! Gökdäki Atamyz hakykaty ýönekeý we aýdyň düşündirýär. Ýehowa garaýşyny özgertdimi? Bu soragyň jogabyny bilenimizde, bizem Isa ýaly şatlanarys.
HAKYKAT ÄHLI ADAMLARA AÇYLÝAR
4. Sada dilde ýazylan «Garawul diňi» žurnalyna näme üçin gymmatly sowgat diýse bolar?
4 Ýehowanyň guramasy Mukaddes Ýazgylary has ýönekeý we aýdyň düşündirmäge jan edýär. Bu babatda üç özgerişlik edildi. Birinjiden, sada dilde ýazylýan «Garawul diňi» žurnaly gowy okap bilmeýän we düşünmeýän adamlar üçin gymmatly sowgat boldy *. Maşgalabaşylaryň köpüsi çagalarynyň hem žurnaly aňsat düşünýändiklerini belläp geçdiler. Imandaşlarymyzyň käbiri doganlara minnetdarlyk hatyny ýolladylar. «Garawul diňi» duşuşygynda jogap bermäge çekinýän bir uýa sada dilde ýazylan makalalar barada şeýle diýýär: «Öň men elimi galdyrmaga-da utanýardym. Häzir bolsa köpräk jogap bermekden gorkmaýaryn. Men Ýehowa we size örän minnetdar!»
5. «Mukaddes Ýazgylaryň Täze dünýä terjimesiniň» sada dilde çap edilmeginiň size nähili peýdasy bar?
5 Ikinjiden, 2013-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda geçirilen Ýyllyk ýygnagynda sada dilde ýazylan «Mukaddes Ýazgylaryň Täze dünýä terjimesiniň» çap edilendigi yglan edilýär *. Ol has ýönekeý we düşnükli edilip ýazyldy. Mysal üçin, öň Eýýup 10:1-de 27 söz bardy, indi 19; Süleýmanyň tymsallary 8:6-da 20 söz bardy, indi 13 söz bar. Şeýlelikde, aýatlar has düşnükli boldy. Köp ýyldan bäri Hudaýa wepaly gulluk edýän mesh edilen dogan: «Men sada dilde ýazylan Mukaddes Ýazgylaryň Eýýup kitabyny okanymda, ony birinji sapar elime alan ýaly boldum!» diýýär. Hawa, köp adamlar onuň aýdanlaryna goşulsa gerek!
6. Matta 24:45—47-nji aýatlaryň ýönekeý düşündirilmegi nähili täsir edýär?
6 Üçünjiden, Mukaddes Ýazgylardaky käbir wakalar ýönekeý düşündirilýär. Meselem, 2013-nji ýylyň 15-nji iýulynda çykan «Garawul diňi» žurnalynda «sadyk hem akylly hyzmatkär» barada has ýönekeý düşündirilişe Mat. 24:45—47). Biz «sadyk hem akylly hyzmatkäriň» Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalaryny aňladýandygyny, beýleki mesh edilenleriň we «başga goýunlaryň» bolsa «hyzmatkärlere» degişlidigini bildik (Ýahýa 10:16). Biz muny öwrenip we adamlara gürrüň berip şatlyk tapýarys. Ýehowanyň ýönekeý we aýdyň düşündirilişi halaýandygyny ýene näme görkezýär?
begendik (WAKALARYŇ HAS ÝÖNEKEÝ WE AÝDYŇ DÜŞÜNDIRILIŞI
7, 8. Pygamberlik wakalarynyň käbirini gürrüň beriň.
7 Köp ýyldan bäri Ýehowa gulluk edýän dogan-uýalar Mukaddes Ýazgylardaky wakalaryň has ýönekeý düşündirilýändigine üns berdiler. Nädip beýle bolýar? Öň edebiýatlarymyzda Mukaddes Ýazgylardaky wakalara we olaryň uly möçberde ýerine ýetişine has köp üns berilýärdi. Mukaddes Ýazgylarda aýdylýan wakalaryň ählisi gelejekde boljak zatlaryň kölegesi hasaplanýardy. Şeýle düşündiriliş Mukaddes Ýazgylara esaslanýarmy? Hawa. Meselem, Isa «Ýunus pygamber» baradaky wakany gürrüň berýär (Matta 12:39, 40-njy aýatlary okaň). Isa Ýunusyň uly balygyň garnynda birnäçe wagt bolandygyny aýdýar. Eger Ýehowa ony halas etmedik bolsa, balygyň garny pygamber üçin mazar bolardy. Isanyň sözlerinden görnüşi ýaly, bu pygamberlik onuň özüniň hem birnäçe wagt mazarda boljakdygyny aýan edýär.
8 Mukaddes Ýazgylarda başga-da wakalar we olaryň uly möçberde ýerine ýetişi barada gürrüň berilýär. Pawlus resul olaryň käbirini gürrüň berdi. Meselem, ol Ybraýym pygamberiň aýaly Sarra we gyrnagy Hajar bilen gatnaşygyny, Ýehowanyň guramasynyň gökdäki bölegi hem-de ysraýyl halky bilen gatnaşygyna deňeşdirýär (Gal. 4:22—26). Şeýle-de Musanyň kanunyndaky mukaddes çadyr, ybadathana, baş ruhanynyň orny we Günäden saplanma güni ýaly zatlar «geljekki oňat zatlaryň asly däl-de, kölegesidir» diýilýär (Ýew. 9:23—25; 10:1). Şeýle pygamberlik wakalarynyň düşündirilmegi biziň imanymyzy berkidýär we gyzykly bolýar. Mukaddes Ýazgylarda agzalýan adamlaryň, wakalaryň we zatlaryň ählisi kimdir birini ýa-da bir zady aňladýarmy?
9. Nabot bilen bolan waka nädip düşündirilipdi?
9 Öň wakalar we olaryň uly möçberde ýerine ýetişi düşündirilýärdi. Meselem, Ahap patyşa bilen aýaly Izebel Nabotyň üzümçilik ýerini almak üçin, ony adalatsyzlyk bilen öldürýärler (1 Pat. 21:1—16). 1932-nji ýylda Ahap bilen Izebeli Şeýtana we onuň tarapdarlaryna, Naboty Isa Mesihe, onuň öldürilmegini bolsa, Isanyň pürsde jebir çekip ölmegi bilen deňeşdirilýärdi. 1961-nji ýylda «Adyň mukaddes bolsun» (iňl.) atly kitap çap edilýär. Onda Naboty mesh edilen mesihçilere, Izebeli bolsa hristian dünýäsiniň agzalaryna meňzedilýär. Sebäbi Nabotyň Izebeliň elinden ejir çekişi ýaly, şol günlerde ýaşaýan mesh edilen mesihçiler köp yzarlanmalara sezewar boldular. Şeýle deňeşdirmeler Hudaýyň halkynyň imanyny berkidýärdi. Onda şu günler näme üçin beýle düşündirilmeýär?
10. a) Mukaddes Ýazgylardaky wakalar öň nädip düşündirilýärdi? b) Şu günler wakalar nädip düşündirilýär?
10 Ýehowa «sadyk hem akylly hyzmatkäre» paýhaslylyk bilen öwretmäge kömek edýär. Ol wakalary we olaryň uly möçberde ýerine ýetmegini Mukaddes Ýazgylara esaslanyp düşündirýär. Köp adamlara öňki düşündirişlere, ondaky jikme-jikliklere we meňzetmelere düşünmek kyn bolýar. Şeýle-de kimiň kimi aňladýandygyna we onuň sebäbine dogry düşünmek, ýatda saklamak we durmuşda ulanmak aňsat bolmaýar. Şonuň üçin biz Mukaddes Ýazgylardaky wakalary we olaryň ýerine ýetişini çintgäp öwrensek, ahlak kadalaryna eýerip, sapak edinip bilmeris. Şu günler edebiýatlarymyzda iman, aýypsyzlyk we wepalylyk ýaly wajyp häsiýetlere eýermegimize has-da köp üns berilýär *.
11. a) Nabot bilen bolan waka nädip düşündirilýär we biz näme üçin ondan görelde almaly? b) Şu günler näme üçin wakalar we olaryň ýerine ýetişi barada köp öwedilmeýär? (Žurnalyň şu sanyndaky «Okyjylaryň sowallary» diýen makala serediň).
11 Şu günler Nabot bilen bolan waka nähili düşündirilýär? Has aýdyň we ýönekeý: bu dogruçyl adam aýypsyz galandygy üçin öldürilýär. Onuň ölümi Isa ýa-da mesh edilen mesihçiler bilen deňeşdirilmeýär. Nabot yzarlamalara garamazdan, Ýehowanyň kanunyny bozmaýar (San. 36:7; 1 Pat. 21:3). Ol biziň üçin gowy görelde galdyrýar. Sebäbi her birimiz şeýle ýagdaýa uçrap bileris (2 Timoteos 3:12-ni okaň). Wakalaryň ýönekeý düşündirilmegi her bir adamyň imanyny berkitmäge, ýadynda galmaga we durmuşynda ulanmaga kömek edýär.
12. a) Biz Mukaddes Ýazgylardaky wakalar babatda nähili netijä gelmeli däl? b) Hakykatyň çuň pikirlerine düşünmäge näme kömek edýär? (Çykgyda serediň).
12 Indi biz Mukaddes Ýazgylardaky *.
wakalary hiç zat bilen deňeşdirmän, ondan diňe sapak edinmeli diýen netijä gelmelimi? Ýok. Olar bize ýatlatma ýa-da mysal hökmünde kömek edýär. Mukaddes Ýazgylardaky wakalar we olaryň uly möçberde ýerine ýetişi käte düşündirilýär. Meselem, Nabotyň soňky demine çenli aýypsyz galmagy Isa Mesihiň, mesh edilen mesihçileriň we «başga goýunlaryň» Hudaýa wepalylygy bilen deňeşdirilýär. Hawa, şeýle ýönekeý we aýdyň deňeşdirmeler Hudaýyň öwredýändigini görkezýärTYMSALYŇ ÝÖNEKEÝ DÜŞÜNDIRILIŞI
13. Isanyň tymsallarynyň ýönekeý we aýdyň düşündirilişini gürrüň beriň.
13 Isa Mesih — ýer ýüzünde ýaşan Beýik Mugallym. Ol tymsallar arkaly öwredýärdi (Mat. 13:34). Onuň açyk-aýdyň tymsallary adamlaryň ýüregine täsir edýärdi. Şu günler Isanyň tymsallary has ýönekeý we aýdyň düşündirilýärmi? Meselem, 2008-nji ýylyň 15-nji iýulynda çykan «Garawul diňi» žurnalynda gorçisa tohumy, hamyrmaýa we tor baradaky tymsallar aýdyň düşündirilýär. Biz tymsallaryň Hudaýyň Patyşalygyna degişlidigine we olaryň bu zalym dünýäde Mesihiň şägirtlerini taýýarlamak işiniň üstünlikli amala aşmagyny görkezýändigine düşünýäris.
14. a) Samariýaly adam baradaky tymsal nädip düşündirilipdi? b) Bu tymsal şu günler nädip düşündirilýär?
14 Isanyň başga-da jikme-jik gürrüň beren wakalary we tymsallary barada näme diýse bolar? Olaryň käbiri göçme manyda aýdylýar, uly möçberde ýerine ýetişi deňeşdirilip düşündirilýär we durmuşda peýdaly maslahat hökmünde ulanylýar. Biz olary nädip bilmeli? Elbetde, bu soraglaryň jogaby wagtyň geçmegi bilen aýdyňlaşýar. Meselem, samariýaly adam baradaky tymsala seredeliň (Luka 10:30—37). 1924-nji ýylda çykan «Garawul diňi» žurnalynda samariýaly adamy — Isa; Iýerusalimden Eriha barýan ýoly — Erem bagynda turan pitneden başlap, ahlak kadalaryň pese düşmegi; garakçylary — uly kärhanalar, haram gazanç edýän täjirler; ruhanyny we lewilini — dini guramalar bilen deňeşdirilip düşündirilýär. Şu günler bolsa bu tymsal mätäçlere duýgudaşlyk bildirip, ruhy taýdan gowşan adamlara kömek etmelidigini görkezýär. Biz Ýehowanyň ýönekeý we aýdyň düşündirýändigine begenmeýärismi näme!
15. Indiki makalada näme barada gürrüň ederis?
15 Biz indiki makalada Isanyň on gyz tymsaly barada gürrüň ederis (Mat. 25:1—13). Isa tymsaly arkaly näme aýtmak isledi we onuň bize nähili peýdasy bar? Ondaky her bir adamyň we zadyň pygamberlik manysy barmy? Biz ondan nähili sapak edinip bileris? Bu soraglaryň jogabyny indiki makaladan taparys.
^ abzas 4 2011-nji ýylyň iýul aýynda «Garawul diňi» žurnalynyň sada iňlis dilinde ýazylan ilkinji sany çykyp başlady. Indi ol başga dillerde-de çap edilýär.
^ abzas 5 Sada dilde ýazylan «Mukaddes Ýazgylaryň Täze dünýä terjimesi» başga dillere hem terjime edilýär.
^ abzas 10 «Imanyndan görelde alyň» atly kitapda 14 sany adam barada gürrüň berilýär. Ondaky wakalaryň göçme manysy we olaryň ýerine ýetişi barada aýdylman, adamlaryň imanyndan görelde almaga has köp üns berilýär.
^ abzas 12 Hudaýyň Sözünde «düşünmesi kyn» bolan ýerleri bar. Meselem Pawlusyň hatlarynyň käbirine düşünmek aňsat däl. Emma adamlar ony mukaddes ruhuň kömegi bilen ýazdylar. Şol ruh mesihçiler bikämil bolsa-da, «Hudaýyň çuň pikirlerine» dogry we aýdyň düşünmäge kömek edýär (2 Pet. 3:16, 17; 1 Kor. 2:10).