Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ARHIWIMIZDEN

«Iň wajyp gün»

«Iň wajyp gün»

1870-nji ýylda ABŞ-nyň Pensilwaniýa ştatynyň Pitsburg (Allegeýn) şäherinde birnäçe adam Mukaddes Ýazgylary öwrenip başlaýarlar. Olar Çarlz Teýz Rasselliň ýolbaşçylygynda Mesihiň töleg gurbany barada barlag geçirip, onuň Ýehowanyň niýetinde wajyp orun tutýandygyna düşünýärler. Töleg gurbany ähli adamlara ebedi ýaşaýşa ýol açýar. Olar muny bilip, örän begenýärler! Şol sebäpli her ýyl Isanyň ölen gününi belläp, minnetdarlyk bilen belleýärler (1 Kor. 11:23—26).

Rassel dogan «Sionyň Garawul diňi» žurnalynda töleg gurbanynyň Hudaýyň söýgüsini aýan edýändiginii düşündirýär. Bu žurnalda Mesihiň ölüminiň ýatlama agşamy «Iň wajyp gün» diýip atlandyrylýar. Ony Pitsburg şäherinde we başga ýerlerde bellemäge höweslendirilýär. Şeýle-de žurnalda iň bolmanda bir adam ýa-da «iki we üç adam berk iman etse», olaryň «ýüregi Reb bilendigi» aýdylýar.

Pitsburgda geçirilýän Ýatlama agşamyna gelýän adamlaryň sany ýyl-ýyldan köpelýärdi. Şol döwürde Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler «Sizi ýürekden garşy alarlar» diýen çakylyga eýerip, imandaşlaryny myhman alýardylar. 1886-njy ýylda Ýatlama agşamy döwründe «umumy ýygnak» birnäçe günläp dowam etdi. «Sionyň Garawul diňi» žurnalynda: «Geliň, Rebbi, doganlaryny we hakykatyny ýürekden söýýändigiňizi görkeziň» diýilýärdi.

Londan çadyrynda Ýatlama agşamynda nyşanlary geçirmegiň tertibi

Pitsburgdaky Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler Ýatlama agşamy döwründe birnäçe ýyllap kongresleri gurnaýardylar. Olara töleg gurbanyna iman edýän adamlar gelýärdiler. Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň sany artdygyça, Ýatlama agşamy-da köp ýerlerde geçirilip başlandy. 1910-njy ýyllarda Ýatlama agşamyna gelen ýüzlerçe adamlaryň ählisi nyşanlardan datýardylar. Çikagodaky ýygnakda (ekklesiýada) gulluk eden Reý Bopp dogan nyşanlary elden-ele geçirmek üçin birnäçe sagat gerek bolandygyny ýatlaýar.

Nyşanlar nädip taýýarlanýardy? Isa şerap ulanmalydygyny aýtsa-da, «teni ejiz» adamlary büdretmejek bolup, «Sionyň Garawul diňi» žurnalynda täze üzümiň şiresini ýa-da gaýnadylan kişmişiň suwuny ulanmagy maslahat berýärdi. Muňa garamazdan, «hökman şerap ulanylmaly» diýen dogan-uýalara nyşan hökmünde şerap berilýärdi. Birnäçe wagtdan Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler Isanyň gany hökmünde hiç zat goşulmadyk gyzyl şeraby ulanmalydygyna düşündiler.

Nikaraguadaky türmede geçirilen Ýatlama agşamyna gatnaşanlaryň sanyny bellemek üçin şu kagyz bilen galam kameradan-kamera geçirilýärdi

Ýatlama agşamy Isanyň ölümi barada çuňňur oýlanmaga kömek edýärdi. Emma käbir dogan-uýalar ol güni tukatlyk bilen geçirýärdiler, hatda duşuşyk gutarandan soňra sessiz-üýnsüz çykyp gidýärdiler. 1934-nji ýylda çykan «Ýehowa Hudaý» atly kitapda Ýatlama agşamyny Isanyň jebir çekip ölendigine «ýas tutup» däl-de, onuň 1914-nji ýylda Patyşa bolandygyna «şatlanyp» geçirilmelidigi düşündirilýär.

Mordowiýada, Russiýada we zähmet lagerinde geçirilen Ýatlama agşamyna gatnaşan Ýehowanyň Şaýatlary (1957-nji ýyl)

1935-nji ýylda Ýatlama agşamynyň geçirilişi üýtgedildi. Sebäbi Ylham 7:9-da agzalýan «uly märekäniň» manysyna başgaça düşünip başladylar. Öň «uly märeke» diýlende yhlasly wagyz etmeýän mesihçiler göz öňüne tutulýardy. Indi bolsa, olaryň ýer ýüzünde ebedi ýaşajak Ýehowanyň sansyz-sajaksyz wepaly gullukçylarydygy belli boldy. Pogense Rassel täze düşünje barada: «Ýehowa ruhy arkaly maňa gökde ýaşamaga umyt bermändigine düşündim» diýdi. Indi Pogense dogan ýaly başga-da köp wepaly mesihçiler Ýatlama agşamyna gelse-de, nyşanlardan datmaýardylar.

Adamlar Ýatlama agşamy döwründe töleg gurbanyna minnetdarlyk bildirmek üçin wagyz kampaniýasyna gatnaşýardylar. 1932-nji ýylda çykan «Býulletende» ähli mesihçiler nyşanlardan dadyp, «Ýatlama agşamynyň keramatlary» bolmaga däl-de, hakykaty wagyz edýän «yhlasly işçi» bolmaga çagyrylýar. 1934-nji ýylda çykan «Informatorda»: «Ýatlama agşamy döwründe wagyz etmäge 1000 sany kömekçini ýygnap bolarmy?» diýilýärdi. Şeýle-de onda mesh edilen mesihçileriň «Patyşalyk barada şaýatlyk edip, hakykatdan-da, şatlanyp biljekdikleri» aýdylýar. Wagtyň geçmegi bilen bu sözler ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýän mesihçilere-de degişli boldy *.

Harold King bir adamlyk kamerada Ýatlama agşamyna bagyşlap goşgular we aýdymlar ýazýar

Ýatlama agşamy — mukaddes gün. Ýehowanyň halky kynçylyklara garamazdan, her ýyl Ýatlama agşamyny geçirýärler. Meselem, 1930-njy ýylda uýalar Pýorl we Ora Ingliş Ýatlama agşamyna barmak üçin 80 km ýol geçipdirler. Harold King bolsa Hytaýda bir adamlyk kamerada Ýatlama agşamynyň şanyna goşgular we aýdymlar ýazypdyr. Ol nyşanlary gara smorodinadan we tüwüden taýýarlapdyr. Gündogar Ýewropadan tä Merkezi Amerika, soňra Afrika çenli batyrgaý mesihçiler urşa we yzarlamalara garamazdan, Ýatlama agşamyny geçirýärdiler. Geliň, biz hem nirede, nähili ýagdaýda bolsak-da, Ýatlama agşamyny belläp, Ýehowa Hudaýy we Isa Mesihi hemişe şöhratlandyralyň!

^ abzas 10 Şu günler çykýan «Hudaýa gullugymyz» başda «Býulleten», soňra «Informator» diýlip atlandyrylýardy.