Maşgalaňyz agzybir we bagtly bolsun
«Öýi Reb bina etmese, bina edýänleriň zähmeti biderekdir». ZEB. 127:1a
1—3. Maşgalada nähili kynçylyklar bolýar? (Makalanyň başyndaky surata serediň).
OTUZ SEKIZ ýyldan bäri bagtly maşgalada ýaşaýan bir dogan: «Maşgalaňy bagtly etmek üçin, ýürekden tagalla edeniňde, Ýehowanyň bereketlerini alýarsyň» diýýär. Är-aýal gowy günlerinde bagtly bolşy ýaly, kyn günlerinde-de bir-birini goldap bilýär (Sül. tym. 18:22).
2 Elbetde, maşgalada «muşakgat» hem bolýar (1 Kor. 7:28). Näme üçin? Gündeki aladalar sebäpli maşgalada kynçylyk döreýär. Iň gowy maşgalada hem bikämillik sebäpli öýke-kine we düşünişmezlik bolup bilýär (Ýakup 3:2, 5, 8). Är-aýallaryň köpüsine hem işlemek, hem çagalarynyň aladasyny etmek kyn bolýar. Käbir är-aýallar gaýgy-alada we ýadawlyk sebäpli maşgalasyny berkitmek üçin bir-birine wagt tapmaýarlar. Pul ýetmezçiligi, keselçilik we başga-da kynçylyklar sebäpli, är-aýalyň biri-birine bolan söýgüsi sowaşýar, hormaty gaçýar. Agzybir bolup görünýän maşgalalar hem zynahorluk, azgynlyk, ýigrenç, gahar, dawa-jenjel we gabanjaňlyk ýaly «ten işleri» sebäpli bozulýar (Gal. 5:19—21).
2 Tim. 3:1—4). Şeýle-de maşgalalar zalym duşmana garşy göreşmeli bolýar. Petrus resul: «Ýagyňyz bolan iblis arlaýjy arslan kimin aýlanyp, ýuwutjagyny agtaryp ýörendir» diýip duýdurdy (1 Pet. 5:8; Ylh. 12:12).
3 Şu «soňky günlerde» Hudaýa ynanmaýan we diňe özüni bilip ýaşaýan adamlaryň garaýşy maşgalany zäherleýär (4. Maşgalany nädip agzybir we bagtly edip bolýar?
4 Ýaponiýaly dogan şeýle gürrüň berýär: «Men pul ýetmezçiligi sebäpli biynjalyk bolýardym. Aýalym bilen gürrüňdeş bolmaýandygym üçin, ol hem ruhdan düşýärdi. Şeýle-de ol ýaňy-ýakynda agyr keselläpdi. Käwagt bu gaýgy-aladalar sebäpli aramyzda agzalalyk döreýärdi». Her bir maşgalada kynçylyklar bolsa-da, olaryň hötdesinden gelip bolýar. Maşgalalar Ýehowanyň kömegi bilen agzybir we bagtly bolup bilerler (Zebur 127:1-i okaň). Geliň, maşgalany haýsy bäş usul bilen agzybir we bagtly edip bolýandygyna seredeliň. Soňra maşgalanyň agzybir bolmagyna söýginiň nädip kömek edýändigini bileris.
MAŞGALAŇYZDA ÝEHOWA BOLSUN
5, 6. Maşgalaňyzda Ýehowanyň bolmagy üçin näme edip bilersiňiz?
5 Maşgalanyň bagtly bolmagy üçin är-aýal, esasanam, maşgalany döreden Hudaýa tabyn bolup, oňa wepaly gulluk etmeli (Wagyz kitaby 4:12-ni okaň) *. Şeýle-de olar maşgalasynda Ýehowanyň bolmagy üçin, onuň söýgi bilen berýän görkezmesine eýermeli. Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň gadymy gullukçylaryna: «Saga, sola öwrüleniňizde, yzyňyzdan: „Ýol budur, şundan ýöräň“ diýen sesi eşidersiňiz» diýilýär (Iş. 30:20, 21). Şu günler Ýehowanyň sesini «eşitmek» üçin, är-aýal Mukaddes Ýazgylary bile okamaly (Zeb. 1:1—3). Galyberse-de, olar maşgala okuwyny yzygiderli geçirseler, birek-birege ýakynlaşarlar we ruhy taýdan berkärler. Şeýle-de olar her gün bile doga etseler, Şeýtanyň zalym dünýäsine garşy durup bilerler.
6 Germaniýaly Gerhard dogan şeýle diýýär: «Käte kynçylyk we düşünişmezlik sebäpli, keýpimiz bolmasa-da, Mukaddes Ýazgylardaky maslahatlar bize sabyrly we geçirimli bolmaga kömek edýär. Bu häsiýetler maşgalanyň bagtly bolmagy üçin örän wajypdyr». Är-aýal bilelikde Ýehowa sežde etse, Hudaýa ýakynlaşyp, agzybir we bagtly ýaşar.
ÄRLER, SÖÝGI BILEN BAŞTUTANLYK EDIŇ
7. Erkek adam aýalyna nähili garamaly?
7 Eger maşgalabaşy gowy baştutanlyk etse, maşgalasy agzybir we bagtly bolar. Mukaddes Ýazgylarda: «Her erkegiň baýary Mesih, aýalyň baýary erkek» diýilýär (1 Kor. 11:3). Bu nämäni aňladýar? Är aýalyna Isa Mesihiň şägirtlerine garaýşy ýaly garamaly. Isa hiç haçan zalym we gödek däldi. Ol hemişe mähirli, paýhasly, ýumşak, kiçigöwünlidi we adamlara söýgi bildirýärdi (Mat. 11:28—30).
8. Erkek adam nädip aýalynyň söýgüsini we hormatyny gazanyp biler?
8 Erkek adam Isanyň göreldesine 1 Pet. 3:7). Ol ýekelikde-de, başgalaryň ýanynda-da aýaly bilen sylaşykly gepleşer we oňa duýgudaşlyk bildirip, gadyryny bilýändigini görkezer (Sül. tym. 31:28). Maşgalabaşy söýgi bilen baştutanlyk edip, aýalynyň söýgüsini we hormatyny gazanar hem-de Ýehowanyň berekedini alar.
eýerse, aýalynyň hemişe oňa hormat goýmagyny talap etmez. Gaýtam, ol «aýalynyň özünden ejizdigini bilip, ony sylar» (AÝALLAR, PESGÖWÜNLILIK BILEN TABYN BOLUŇ
9. Aýal pesgöwünlilik bilen tabyn bolýandygyny nädip görkezip biler?
9 Biz Ýehowany ýürekden söýýändigimiz üçin, «Onuň güýçli elleri astynda pällerimizi pes tutýarys» (1 Pet. 5:6). Pesgöwünli aýal ýanýoldaşyny goldap, Ýehowanyň häkimiýetine hormat goýýandygyny görkezýär. Mukaddes Ýazgylarda: «Eý aýallar, Rebde ýaraşykly bolşy ýaly, äriňize tabyn boluň» diýilýär (Kol. 3:18). Käwagt äriniň gelýän karary bilen aýalynyň ylalaşmazlygy mümkin. Emma onuň gelen karary Hudaýyň kanunyna garşy gelmeýän bolsa, aýaly oňa tabyn bolup, höwes bilen goldar (1 Pet. 3:1).
10. Aýalyň ýanýoldaşyna höwes bilen tabyn bolmagy näme üçin wajyp?
10 Maşgalada aýal ärine «ýanýoldaş» bolup, Ýehowanyň ynanan hormatyna eýe bolýar (Mal. 2:14). Aýaldan ärine tabyn bolmak talap edilse-de, maşgalada bir karara gelnende, ol pikirini we duýgusyny sylaşykly aýdyp biler. Şonda ýoldaşy aýalynyň pikirini ünsli diňläp, paýhaslydygyny görkezer (Sül. tym. 31:10—31). Eger aýal ýanýoldaşyna höwes bilen tabyn bolsa, maşgalasynyň agzybir we bagtly bolmagyna goşandyny goşar. Şeýle-de olar Hudaýy razy edip ýaşaýandygyna begenerler (Efes. 5:22).
BIRI-BIRIŇIZI ÝÜREKDEN BAGYŞLAŇ
11. Bagyşlamak näme üçin wajyp?
11 Maşgalanyň dargamazlygy üçin, är-aýal bir-birini ýürekden bagyşlamagy öwrenmeli. Olar «biri-birine sabyr-takatly bolup... birek-biregi bagyşlasa», arasyna tow düşmez (Kol. 3:13). Emma olar ýanýoldaşynyň eden ýalňyşyny bagyşlaman, ýene-de könäni ýatlap, etmişini ýüzüne basyp dursa, maşgalasy bozular. Çat açan jaýyň berk bolmaýşy ýaly, är-aýal hem ýüreginde öýke-kine saklasa we gaharlanyp ýörse, bir-biriniň ýalňyşyny bagyşlamak kyn bolar. Emma olar Ýehowanyň bagyşlaýşy ýaly bir-biriniň günäsini bagyşlasa, agzybir ýaşarlar (Mika 7:18, 19).
12. Söýgi nädip «köp günäleri basyrýar»?
12 Hakyky söýgi «içinde hylt saklaýan däldir», ol «köp günäleri basyrýandyr» (1 Kor. 13:4, 5; 1 Petrus 4:8-i okaň). Biz birini söýýän bolsak, ony näçe gezek bagyşlaýandygymyzy sanamaýarys. Petrus resul Isadan adamy näçe gezek bagyşlamalydygyny soranda, ol: «Ýetmiş ýola ýedi gezek» diýip jogap berdi (Mat. 18:21, 22). Şeýle diýmek bilen, Isa biziň näçe gezek bagyşlaýandygymyzy sanamaly däldigimizi düşündirdi (Sül. tym. 10:12) *.
13. Bize bagyşlamak kyn bolsa näme etmeli?
13 Anetta uýa şeýle diýýär: «Är-aýal bir-birini bagyşlamak islemese, onda öýke-kine we ynanmazçylyk sebäpli olaryň arasyna tow düşýär. Emma olar bir-birini bagyşlasalar, agzybir ýaşarlar we söýgüsi sowaşmaz». Eger size ýanýoldaşyňyzy bagyşlamak kyn bolýan bolsa, onda onuň ýagşy işleriniň gadyryny bilip, minnetdarlygyňyzy bildiriň. Şeýle-de ony ýürekden öwmäge çalşyň (Kol. 3:15). Siz bagyşlamagy başarsaňyz, kalbyňyzda rahatlyk bolar, agzybir ýaşarsyňyz we Hudaýyň bereketlerini alarsyňyz (Rim. 14:19).
ALTYN DÜZGÜNE EÝERIŇ
14, 15. Altyn düzgün näme we maşgalada oňa eýermegiň nähili peýdasy bar?
14 Elbetde, her bir adam gadyrynyň bilinmegini we hormat goýulmagyny isleýär. Adamlar bizi ünsli diňlänlerinde we duýgularymyzy göz öňünde tutanlarynda begenýäris. Siz käwagt adamlaryň kimdir birine gaty gahary gelip: «Edişime bir seret!» diýýänini eşidýänsiňiz. Emma Mukaddes Ýazgylarda: «„Maňa näme eden bolsa, menem şony ederin, etmişine görä gaýtararyn“ diýme» diýilýär (Sül. tym. 24:29). Isa şeýle kyn ýagdaýy çözmegiň iň gowy usulyny aýtdy. Ol: «Adamlaryň özüňize näme etmegini isleýän bolsaňyz, siz-de olara şeýle ediň» diýdi. Muňa köplenç altyn düzgün diýilýär (Luka 6:31). Isa adamlaryň özümize näme etmegini isleýän bolsak, biziň hem olara şony etmelidigimizi aýtdy. Biz ýamanlyga ýamanlyk bilen jogap bermeli däl. Biz maşgalada-da şol düzgüne eýerjek bolmaly.
15 Bir-biriniň duýgusyny göz öňünde tutýan är-aýal ýürekdeş bolýar. Günorta Afrikaly bir dogan şeýle diýýär: «Biz altyn düzgüne eýermäge jan edýäris. Käte keýpimiz bolmasa-da, özümize näme edilmegini isleýän bolsak, bir-birimize şony edýäris. Biz birek-biregiň gadyryny bilip, hormat goýmaga çalyşýarys».
16. Är-aýal nämeden gaça durmaly?
16 Ýanýoldaşyň kemçiligi barada başgalara gürrüň berip, zeýrenmek, hatda ol hakda degişmek hem nädogrudyr. Maşgalada ýanýoldaşyňa el galdyrmagyň, gygyrmagyň ýa-da awuly sözleri pürkmegiň ýerlikli däldigini unutmaň. Elbetde, bikämil adamlar käwagt bir-biriniň göwnüne degýärler. Emma är-aýal hiç haçan bir-birine gyjalat berip, kemsitmeli däl. Iň erbedi hem olar bir-biri bilen uruşmaly däl (Süleýmanyň tymsallary 17:27; 31:26-njy aýatlary okaň).
17. Ärler nädip altyn düzgüne eýerip biler?
17 Käbir medeniýetde är aýalyna el galdyrsa, ony sözüni ýöredip bilýän erkek kişi hasaplaýarlar. Emma Hudaýyň Sözünde: «Sabyrly adam güýçlülerden üstündir, özüne erk edýän şäheri basyp alandan üstündir» diýilýär (Sül. tym. 16:32). Isa Mesihiň göreldesine eýerip, özüňe erk etmek üçin tagalla etmeli. Aýalyňy urup-ýençmek batyrlyk däl-de, gowşaklykdyr. Şeýle adam, wagtyň geçmegi bilen, Ýehowa bilen dostlugyny hem ýitirer. Batyrgaý we edermen mezmurçy Dawut: «Gaharlanyp, günä galmaň siz; düşegiňizde oýlanyň, ümsüm boluň» diýdi (Zeb. 4:5, MK).
«SÖÝGINI GEÝIŇ»
18. Söýgini ösdürmek näme üçin wajyp?
18 1 Korintoslylar 13:4—7-nji aýatlary okaň. Söýgi — maşgalada iň gerekli häsiýet. Şol sebäpli biz «rehimdarlyk ýüregini, ýagşylygy, kiçigöwünliligi, ýumşaklygy we sabry geýmeli. Bularyň hemmesiniň üstünden-de kämil birligiň bagy bolan söýgini geýmeli» (Kol. 3:12, 14). Är-aýal Isanyň göreldesine eýerip, janaýamaz söýgini bildirmeli. Är-aýalyň arasynda şeýle söýgi höküm sürse, maşgalasynda keselçilik, pul ýetmezçiligi we dogan-garyndaşlary sebäpli kynçylyklar dörese-de ýa-da bir-biriniň kemçiliklerine gaharlansalar-da, maşgalasy berk bolar.
19, 20. a) Maşgalasynyň agzybir we bagtly bolmagy üçin är-aýal näme etmeli? b) Biz indiki makalada nämä serederis?
19 Maşgalasynyň bagtly bolmagy üçin, är-aýal bir-birini söýüp, wepaly bolmaly we ýürekden tagalla etmeli. Olar kynçylyk dörände, ýanýoldaşyny taşlamaly däl, gaýtam, ony goldamaly. «Söýgi asla tükenmeýär», şol sebäpli Ýehowany we bir-birini söýýän är-aýal kynçylyklaryny bile çözmegi berk ýüregine düwmeli (1 Kor. 13:8; Mat. 19:5, 6; Ýew. 13:4).
20 Şu «soňky kyn pursatlarda» maşgalany agzybir we bagtly etmek aňsat bolmasa-da, muny Ýehowanyň kömegi bilen edip bolýar (2 Tim. 3:1). Bu azgyn dünýäde är-aýallar özüni ahlaksyzlykdan goramaly bolýar. Biz indiki makalada är-aýalyň maşgalasyny ruhy taýdan goramak üçin näme etmelidigi barada gürrüň ederis.
^ abzas 5 Wagyz kitaby 4:12 Biriniň ýeke kişiden üstün çykmagy ähtimal, ýöne iki kişi oňa garşylyk görkezer. Üç tar ýüp aňsatlyk bilen üzülmez.
^ abzas 12 Mukaddes Ýazgylarda är-aýala bir-birini bagyşlamak we kynçylyklaryna bile döz gelmek maslahat berilýär. Ýöne olaryň biri zyna etse, bigünä ýanýoldaşy ony bagyşlamalymy ýa-da bagyşlamaly däldigini özi çözýär (Mat. 19:9). «Hudaýyň söýgüsi» kitabynyň «Mukaddes Ýazgylaryň aýrylyşmaga we aýry ýaşamaga garaýşy» diýen goşmaça maglumatyna serediň (sah. 251—253).