TERJIMEHAL
Ýehowa gulluk edenimde başdan geçiren wajyp wakalarym
1947-nji ýylda Salwadoryň Santa-Ana şäherinde katolik ruhanylary Ýehowanyň Şaýatlaryna garşy gozgalaň turuzdylar. Doganlar missionerleriň ýaşaýan öýünde «Garawul diňi» duşuşygyny geçirip otyrkalar, jaýyň gapysy açykdy. Şonda birtopar oglanlar gelip, öýi daşlap başladylar. Soňra ruhanylaryň ýolbaşçylygynda ýene-de birgiden adamlar geldi. Olaryň käbiriniň elinde otly taýaklar, käbirinde bolsa butlar bardy. Olar iki sagatlap jaýy daşlap: «Ýaşasyn keramatly Merýem!» we «Ýehowa ölüm!» diýip gygyryşýardylar. Olar missionerleriň şäherden gitmegi üçin olary gorkuzjak boldular. 67 ýyl mundan öň bolan şol ýygnakda menem bardym *.
BU WAKADAN iki ýyl öň men missioner joram Ewelin Trabert bilen Gilead mekdebiniň dördünji klasyny tamamladym. Şol wagt mekdep Nýu-Ýork ştatynyň Itaka şäheriniň golaýynda ýerleşýärdi. Gilead mekdebini tamamlanymyzdan soň, bizi Santa-Ana şäherine iberdiler. Men takmynan 29 ýyl missioner bolup gulluk etdim. Ýöne ilki men näme üçin missioner gullugyny saýlandygymy gürrüň beresim gelýär.
MAŞGALAMYZ HAKYKATY BILÝÄR
Men 1923-nji ýylda ABŞ-nyň Waşington ştatynyň Spokan şäherinde dünýä indim. Meniň enem-atam Jon bilen Ýewa Olsen lýuteran dinine uýýardy. Emma olar buthananyň dowzah ody baradaky taglymatyna ynanmaýardylar. Olar söýgüden doly Hudaýyň adamlary gynamagy mümkin däl diýýärdiler (1 Ýahýa 4:8). Kakam çörek bişirilýän kärhanada işleýärdi. Bir gün agşam onuň işgäri dowzah ody barada Mukaddes Ýazgylarda aýdylmaýandygyny düşündirýär. Şondan biraz wagt geçensoň, kakam bilen ejem Ýehowanyň Şaýatlary bilen okuw geçip başladylar we ölen adamlara näme bolýandygy barada Mukaddes Ýazgylarda näme aýdylýandygyny bildiler.
Şol wagt men bary-ýogy 9 ýaşymda bolsam-da, kakam bilen ejemiň Mukaddes Ýazgylardan öwrenen hakykaty barada joşup gürrüň berişleri ýadyma düşýär. Olar Hudaýyň adynyň Ýehowadygyny Ýahýa 8:32). Men Mukaddes Ýazgylary okamagy ýürekgysgynç hasaplaman, gaty gowy görýärdim. Men utanjaň bolsam-da, enem-atam bilen wagza gidýärdim. Olar 1934-nji ýylda suwda çokundyryldylar. Menem 1939-njy ýylda 16 ýaşymda suwda çokundyrylyp, Ýehowanyň gullukçysy boldum.
we Üç ýüzli taňry baradaky taglymatyň ýalandygyny bilip, hasam begendiler. Men teşne adamyň suwdan ganyp içişi ýaly, Mukaddes Ýazgylardaky ajaýyp hakykaty höwes bilen öwrenýärdim (1940-njy ýylyň iýul aýynda kakam bilen ejem öýümizi satdylar. Şonda biziň üçümizem Aýdaho ştatynyň Ker-d Alen şäherinde pioner gullugyna başladyk. Biz maşyn bejerilýän ussahananyň ýokarsynda ýerleşýän kireýine berilýän jaýda ýaşaýardyk. Biziň öýümizde ýygnak hem geçirilýärdi. Şol wagt diňe sanlyja ýygnaklaryň Patyşalyk zallary bolansoň, duşuşyklar köplenç dogan-uýalaryň öýünde ýa-da kireýine berilýän jaýlarda geçirilýärdi.
1941-nji ýylda biz maşgalamyz bilen Missuri ştatynyň Sent-Luis şäherinde bolan etrap kongresine bardyk. Şenbe güni «Çagalar güni» boldy. Şonda 5—18 ýaş aralygyndaky çagalary sahnanyň edil öňünde oturtdylar. Jozef Ruterford dogan nutuk bilen çykyş edende, ýaşlara ýüzlenip şeýle diýdi: «Çagalar, siziň araňyzda kim Hudaýa we onuň Patyşasyna gulak asmak isleýän bolsa, ýerinden tursun!» Şonda biziň hemmämiz ýerimizden turduk. Soňra Ruterford dogan: «Ine, 15 müňden gowrak Patyşalygyň täze wagyzçylary!» diýip, begenç bilen yglan etdi. Şonda men bütin ömrüme pioner bolup gulluk etmegi ýüregime düwdüm.
MAŞGALAMYZ BAŞGA ÝERE GULLUK ETMÄGE IBERILÝÄR
Etrap kongresinden birnäçe aý geçensoň, doganlar maşgalamyzyň Kaliforniýa ştatynyň günortasynda ýerleşýän Oksnard şäherine göçmegini haýyş etdiler. Bizi ol ýere täze ýygnak döretmek üçin iberdiler. Biz içinde ýekeje krowady bolan maşyna tirkelýän kiçijik jaýda ýaşaýardyk. Men her gije nahar iýýän stolumyzyň üstünde ýatýardym. Öňki ýaşan jaýymyzda öz ýatýan otagym bolansoň, bu meniň üçin uly özgerişikdi!
1941-nji ýylyň dekabr aýynyň 7-sine Ýaponiýa Gawaýi ştatynyň Pirl-Harbor şäherine çozýar. Şol günüň ertesi ABŞ-da II Jahan urşy başlanýar. Şol wagt biz Kaliforniýa ýaňy-ýakynda göçüp barypdyk. Ýaponiýanyň suwasty gämileri Kaliforniýanyň kenar ýakasyny nyşana alýardy. Hökümet ýolbaşçylary garaňky bolar ýaly, öýlerdäki çyralary ýakmazlygy tabşyrdy. Sebäbi kenarda tüm garaňkylyk bolsa, duşmanlar oňa hüjüm edip bilmeýärdi. Şonuň üçin biz gijelerine hemme çyralarymyzy öçürmeli bolýardyk.
Şondan birnäçe aý geçensoň, 1942-nji ýylyň sentýabr aýynda biz Ogaýo ştatynyň Kliwlend şäherinde geçirilen Täze dünýä teokratik kongresine gatnaşdyk. Bu kongresde Neýtan Norr dogan «Parahatlyk bolarmy?» diýen nutuk bilen çykyş etdi. Ol Ylham kitabynyň 17-nji babynda aýdylýan «bir wagtlar bar bolan, ýöne indi ýok» «janawar» baradaky pygamberlige salgylandy (Ylh. 17:8, 11). Norr dogan «janawaryň» Milletler Ligasyny aňladýandygyny we onuň 1939-njy ýylda güýjüni gaçyrandygyny düşündirdi. Mukaddes Ýazgylarda Milletler Ligasyna derek ýer ýüzünde belli bir derejede parahatlygy dikeltjek başga bir guramanyň dörejekdigi pygamberlik edilipdi. Bu sözler 1945-nji ýylda II Jahan urşy tamamlanyp, Milletler Ligasyna derek Birleşen Milletler guramasy döredilende ýerine ýetdi. Soňra Ýehowanyň Şaýatlary bütin dünýäde hoş habary wagyz edip başladylar we olaryň sany barha artýardy. Şeýle ösüş hiç haçan bolmandy!
Hudaýyň Sözündäki şol pygamberlik arkaly men wagyz işinde entek köp zatlaryň edilmelidigine düşündim. Bize indiki ýyl Gilead mekdebiniň açyljakdygyny yglan edenlerinde, menem şol mekdepde okap, missioner bolasym geldi. 1943-nji ýylda meni Oregon ştatynyň Portlend şäherine pioner bolup gulluk etmäge iberdiler. Şonda biz öýden-öýe wagyz edenimizde patefony ulanýardyk we adamlara Hudaýyň Patyşalygy baradaky edebiýatlary hödür edýärdik. Şol ýyl men diňe missioner gullugy barada oýlanýardym.
1944-nji ýylda meni mähriban joram Ewelin Trabert bilen Gilead mekdebine çagyranlarynda örän begendim. Bäş aýyň dowamynda mugallymlarymyz bize Mukaddes Ýazgylar okuwyny nädip gowy geçirip bolýandygyny öwretdiler. Biz olaryň kiçigöwünliligine haýran galdyk. Hatda olar biziň nahar iýýän wagtymyz ofisiant bolup hyzmat edýärdiler. Biz Gilead mekdebini 1945-nji ýylyň ýanwar aýynyň 22-sine tamamladyk.
MISSIONER GULLUGYM
1946-njy ýylyň iýun aýynda men joram Ewelin, Leo we Ester Mehan bilen Salwadoryň Santa-Ana şäherine gitdim. Biz ol ýeriň «oraga taýyndygyna» göz ýetirdik (Ýahýa 4:35). Şähere gelenimize birnäçe aý geçensoň, biz ilkinji etrap kongresini geçirdik. Biz adamlary kongrese çagyrdyk we oňa takmynan 500 adamyň gelenini görüp, örän begendik. Biziň adamlara wagyz edýändigimiz üçin, buthananyň ruhanylary gahar-gazaba mündüler. Şol etrap kongresinden bir hepde geçensoň, başda gürrüň berişim ýaly, ruhanylar bize garşy gozgalaň turuzdylar. Olar şäherden gitmegimiz üçin bizi gorkuzjak bolsalaram biz ol ýerde galyp, akýürekli adamlara kömek etmeli diýen netijä geldik. Ruhanylar adamlara Mukaddes Ýazgylary okamazlygy tabşyrýardy we ony satyn almaga diňe käbir adamlaryň ýagdaýy bardy. Emma şonda-da hakykaty bilmek isleýän adamlar gaty köpdi. Biz olara hak Hudaý Ýehowa we onuň ýer ýüzünde Jenneti dikeltjekdigi barada wagyz edip biler ýaly, ispan dilini öwrenýärdik. Olar muňa ýürekden minnetdar bolýardylar.
Meniň ilkinji Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçen adamlarymyň biri Roza Asensiody. Ol Mukaddes Ýazgylary öwrenip başlansoň, nikasyz ýaşaşyp ýören adamsy bilen aýrylyşdy. Soňra ol adam hem okuw geçip başlady we olar nikasyny resmileşdirdiler. Netijede, olar suwda çokundyrylyp, Ýehowanyň yhlasly Şaýatlary boldular. Santa-Ana şäherinde ilkinji pioner bolan Rozady *.
Rozanyň kiçijik azyk dükany bardy. Ol wagza gidende, dükanyny ýapyp, Ýehowanyň gerekli zatlary berjekdigine ynanýardy. Ol gelip, dükanyny açanda, onuň gapysy alyjylardan ýaňa doly bolýardy. Roza Matta 6:33-däki sözleriň hakykatdygyna öz durmuşynda göz ýetirdi we ölýänçä Ýehowa wepaly galdy.
Biz alty sany missioner bolup, bir telekeçiniň kireýine berýän jaýynda ýaşaýardyk. Bir gezek ruhany şol adamyň ýanyna baryp, eger ol bize jaýyny kireýine bermegini dowam etse, ony we
aýalyny buthanadan çykarjakdygyny duýdurýar. Şonda bu abraýly telekeçi ruhanynyň özüni alyp barşyny halamaýar we onuň täsirine düşmeýär. Hatda ol ruhana buthanadan çykarylmagyna garşy däldigini hem aýdýar. Şeýle-de ol bize onuň öýünde näçe wagt islesek, ýaşap biljekdigimizi aýtdy.ABRAÝLY ADAM ÝEHOWANYŇ ŞAÝADY BOLÝAR
San-Salwador şäherinde başga bir missioner uýa Baltasar Perla atly inžener adamyň aýaly bilen okuw geçýär. Bu akýürekli adam dini ýolbaşçylaryň ikiýüzliligi sebäpli Hudaýa ynanmaýardy. Filial gurulmaly bolanda, Baltasar entek hakykatda bolmasa-da, mugtuna onuň proýektini çyzmagy we gurluşyk işlerine kömek etmegi teklip edýär.
Baltasar gurluşygyň dowamynda Ýehowanyň Şaýatlary bilen işleşip, hakyky dini tapandygyna göz ýetirýär. Ol 1955-nji ýylyň iýul aýynyň 22-sine, onuň aýaly bolsa şondan biraz soňra suwda çokundyrylýar. Olaryň ogul-gyzy hem Ýehowa wepaly gulluk edýär. Olaryň ogly Jr. Baltasar 49 ýyldan bäri Bruklindäki Beýtelde gulluk edip, bütindünýä wagyz işine wajyp goşant goşýar. Häzir ol ABŞ-da filial komitetiniň agzasy bolup gulluk edýär *.
Biz Salwadorda ilkinji kongresleri Perla doganyň kömegi bilen uly sport zalynda geçirýärdik. Ilkibada, kongresde sport zalynyň sanlyja setirleri adamdan dolýardy. Emma ýyl geçdigi saýyn Ýehowanyň berýän berekedi bilen ýerleriň ählisi dolup, hatda soňabaka gelýän adamlar sport zalyna sygman başlady! Şol kongreslerde men okuw geçen adamlarym bilen hem görşüp bilýärdim. Meniň okuw geçen adamlarym hem başgalara hakykata gelmäge kömek etdiler. Men kongreslerde olaryň okuw geçenleriniň suwda çokundyrylýandygyny görüp, örän begenýärdim. Sebäbi olar meniň «agtyklarym» ýalydy.
Kongresleriň birinde bir dogan ýanyma gelip, ötünç sorady. Men ony tanamadym we näme diýjek bolýandygyna düşünmedim. Şonda ol: «Men Santa-Ana şäherinde sizi daşlan oglanlaryň biri» diýdi. Men indi onuň hem Ýehowa gulluk edýändigine örän begendim! Şol gürrüňdeşlikden soň, men doly wagt gullugyň durmuşda iň gowy ýoldugyna has-da göz ýetirdim.
SAÝLAN ÝOLUMA BEGENÝÄRIN
Men Salwadorda takmynan 29 ýyl missioner bolup gulluk edenimde, Santa-Anada, Sonsonatede, Santa-Teklada we San-Salwadorda wagyz etdim. Men köp doga edip, 1975-nji ýylda missioner gullugymy goýup, Spokan şäherine dolanmaly diýen karara geldim. Sebäbi Ýehowa wepaly gulluk eden gartaşan ejem bilen kakama kömek etmelidim.
1979-njy ýylda kakam aradan çykansoň, men ejeme seretmeli boldum. Onuň ýagdaýy gün-günden agyrlaşýardy. Ejem takmynan 8 ýyldan soň 94 ýaşynda aýryldy. Bu meniň üçin iň kyn döwür boldy. Men lapykeç bolup, göwnüçökgünlige düşdüm. Şonda endamymda dörän demrew maňa hasam ejir çekdirýärdi. Ýöne men doga edip, Ýehowanyň söýgi bilen berýän kömegi arkaly bu synaglara döz gelip bildim. Sebäbi Ýehowa: «Saçyňyz agaranda hem... Men göterip, sizi halas ederin» diýip wada berýär (Iş. 46:4).
1990-njy ýylda men Waşington ştatynyň Omak şäherine göçdüm. Ol ýerde men ýene-de ispan ýygnagynda gulluk etdim we okuw geçenlerimiň birnäçesi suwda çokundyryldy. Men Omakdaky öýüme özüm seredip bilmeýändigim üçin, 2007-nji ýylyň noýabr aýynda Waşington ştatynyň Çelan şäheriniň golaýynda ýerleşýän kiçiräk jaýa göçdüm. Bu ýerde ispan ýygnagyndaky dogan-uýalar men barada gowy alada edýärler. Munuň üçin men olara ýürekden minnetdarlyk bildirýärin. Men ýygnakdaky dogan-uýalaryň arasynda iň gartaşany bolanym üçin, olar meni «mamalary» ýaly gowy görýärler.
Men durmuşa çykmasam-da, uly maşgalam bar. Bu maşgalada «pikirimi dagatman», Ýehowa köp gulluk edip bilýärin we ençeme ruhy çagalarymam bar (1 Kor. 7:34, 35). Elbetde, men bu durmuşda islän zadymyň bolmajakdygyna düşünýärin. Şol sebäpli wajyp zady, ýagny Ýehowa ýürekden gulluk etmegi birinji orunda goýýaryn. Täze dünýäde halaýan işlerimi etmäge köp wagtym bolar. Men Zebur 145:16-njy aýatdaky Ýehowanyň «ähli dirileri islegleri boýunça doýurjakdygy» barada beren wadasyny gaty gowy görýärin.
Häzir men 91 ýaşymda bolsam-da, saglygym ganymat bolany üçin, henizem pioner bolup gulluk edýärin. Pioner gullugy arkaly meniň göwnüm entegem ýaş, durmuşymam manyly. Men Salwadora ilkinji gezek gelenimde, ol ýerde ýaňy wagyz edilip başlanypdy. Şeýtanyň zalymlyk bilen garşylyk görkezendigine garamazdan, häzir ol ýurtda 39 müňden gowrak wagyzçy bar. Bu meniň imanymy berkidip, Ýehowanyň öz halkyny mukaddes ruhy bilen goldaýandygyna ynandyrýar.
^ abzas 4 1981-nji ýylyň «Ýyllyk kitabynyň» (iňl.) 45, 46-njy sahypalaryna serediň.
^ abzas 19 1981-nji ýylyň «Ýyllyk kitabynyň» (iňl.) 41, 42-nji sahypalaryna serediň.
^ abzas 24 1981-nji ýylyň «Ýyllyk kitabynyň» (iňl.) 66, 67, 74, 75-nji sahypalaryna serediň.