Ýehowa halkyna ýaşaýyş ýoluny görkezýär
«Ýol budur, şundan ýöräň». IŞ. 30:21
AÝDYMLAR: 32, 48
1, 2. a) Haýsy duýduryş köp adamlaryň janyny halas etdi? (Makalanyň başyndaky surata serediň). b) Hudaýyň halky haýsy görkezmä gulak asyp, janyny halas edip biler?
«SAKLAN, SERET, DIŇLE». Şu sözler ençeme adamlaryň janyny halas etdi. Mundan 100 ýyldan gowrak wagt öň Demirgazyk Amerikadaky demir ýol geçelgelerinde şeýle duýduryş beriji ýazgylar goýlupdy. Sebäbi bu duýduryş ulaglaryň demir ýoldan geçmesiz wagty geçip, güýçli tizlikde gelýän otly bilen çakyşmagynyň öňüni alýardy. Hawa, şol duýduryşa gulak asan adam janyny ölüm howpundan goraýardy.
2 Ýehowa öz halkyna käbir howpsuzlyk duýduryşlaryny bermek bilen çäklenmän, olara ebedi ýaşaýyş ýoluny görkezip, ähli howplardan goraýar. Hudaý mähirli çopan kimin sürüsiniň aladasyny edip, goýunlaryny dürli howplardan goramak üçin görkezme we duýduryş berýär (Işaýa 30:20, 21-nji aýatlary okaň) *.
ÝEHOWA BAŞLANGYÇDAN BÄRI GÖRKEZME BERÝÄR
3. Ynsan maşgalasy nädip heläkçilik ýoluna düşdi?
3 Bütin taryhyň dowamynda Ýehowa gullukçylaryna anyk görkezmeleri we tabşyryklary berýärdi. Meselem, Hudaý Erem bagynda ähli adamlaryň bagtly we ebedi ýaşamagy üçin aýdyň görkezmeleri berdi (Gel. çyk. 2:15—17). Eger Adam ata bilen How ene Ýehowanyň görkezmesine gulak asan bolsa, gaýgy-hasratdan doly durmuşda ýaşap, hiç hili umytsyz ölmeli bolmazdy. Gynansak-da, How ene Hudaýa gulak asman, haýsydyr bir jandaryň sözüne ynandy. Adam ata bolsa aýalyny, ýagny ýönekeý ynsany diňledi. Olaryň ikisi hem söýgüden doly Atasynyň görkezmesinden ýüz öwürdiler. Şeýdip, ynsan maşgalasy heläkçilik ýoluna düşdi.
4. a) Tupandan soň adamlara näme üçin täze görkezme berildi? b) Ýagdaýyň üýtgemegi bilen, Hudaýyň garaýşy nädip aýan boldy?
4 Nuh pygamberiň günlerinde Hudaý onuň maşgalasyny goramak üçin görkezme berdi. Tupandan soň bolsa gandan gaça durmak barada anyk tabşyryk berdi. Näme üçin? Sebäbi ýagdaý üýtgäpdi. Ýehowa indi adamlara haýwanlaryň etini iýmäge rugsat bermekçidi. Hudaý adamlara şeýle täze görkezme berdi: «Olaryň etini gany bilen iýmäň. Jan gandadyr» (Gel. çyk. 9:1—4). Şeýdip, ýagdaýyň üýtgemegi bilen, Ýehowanyň ýaşaýşa nähili garaýandygy aýan boldy. Hudaý Ýaradyjy we Ýaşaýyş beriji hökmünde ýaşaýyş babatda tabşyryk bermäge haklydyr. Ýehowa adamlaryň biri-birini öldürmeli däldigini aýtdy. Ol ýaşaýşy we gany mukaddes hasaplaýar. Şonuň üçin ol bu görkezmelere gulak asmaýan adamlardan hasabat sorar (Gel. çyk. 9:5, 6).
5. Biz nämä serederis we näme üçin?
5 Geliň, ençeme asyrlaryň dowamynda Hudaýyň öz halkyna nähili görkezmeleri berendigi barada käbir mysallara seredeliň. Bu bize täze dünýä ýetýänçäk, Ýehowanyň görkezmelerine eýermegi berk ýüregimize düwmäge kömek eder.
TÄZE HALK WE TÄZE GÖRKEZME
6. Hudaýyň halky Musa arkaly berlen kanuny näme üçin we nädip ýerine ýetirmelidi?
6 Musa pygamberiň döwründe Hudaýa sežde etmek we gowy edim-gylym babatda aýdyň görkezme gerekdi. Sebäbi ýene-de ýagdaý üýtgäpdi. Ýakubyň nesilleri 200 ýyldan gowrak wagt Müsürde gulçulykda boldular. Müsürliler ölülere sežde edýärdiler, butlara çokunýardylar we Hudaýy masgaralaýan başga-da işleri edip, ýalan zatlara ynanýardylar. Hudaýyň halky Müsüriň zorluk-süteminden azat bolanda, olara täze görkezmeler gerekdi. Sebäbi ysraýyllylar indi gul ýaly däl-de, diňe Ýehowanyň kanunyna tabyn bolýan halk hökmünde ýaşamalydy. Käbir ylmy kitaplarda aýdylmagyna görä, «kanun» diýip terjime edilen ýewreý sözi «tabşyryk, görkezme» diýmegi aňladýar. Musa arkaly berlen kanun ysraýyllylary ahlak taýdan pese gaçan we ýalan dini däp-dessurlara eýerýän başga halklardan goraýan beýik diwar ýalydy. Ysraýyllylar Ýehowa gulak asanda köp bereketleri alýardylar. Hudaýyň tabşyryklaryny äsgermezçilik edenlerinde bolsa ajy miweleri dadýardylar (Kanun taglymaty 28:1, 2, 15-nji aýatlary okaň) *.
7. a) Ýehowa ysraýyllylara näme üçin görkezme berdi? Düşündiriň. b) Musa arkaly berlen kanun ysraýyllylara nädip «goragçy» boldy?
Gal. 3:19; Ýew. 10:1—10). Galyberse-de, şol kanun Mesihiň nesil şejeresini goramaga we onuň kimdigini anyklamaga ýardam etdi. Hawa, Musa arkaly berlen kanun wagtlaýyn terbiýeçi, ýagny Mesihe eltýän «goragçy» boldy (Gal. 3:23, 24).
7 Ysraýyllylara görkezme berilmeginiň ýene-de bir sebäbi bardy. Musa arkaly berlen kanun Ýehowanyň niýetiniň wajyp aýratynlygyny, ýagny Mesihiň gelmelidigini görkezýärdi. Bu kanun ysraýyllylara günälidigini ýatladýardy. Şeýle-de günäden doly saplanmak üçin kämil adamyň töleg gurbanynyň gerekdigine düşünmäge kömek edýärdi (8. Biz näme üçin Musa arkaly berlen kanundaky prinsiplere eýermeli?
8 Ysraýyl halkyna berlen kanun bize-de peýda getirip biler. Nädip? Munuň üçin şol kanundaky prinsiplere düşünjek bolmaly. Biz Musa arkaly berlen kanuna görä ýaşamasak-da, gündelik durmuşymyzda we mukaddes Hudaýymyz Ýehowa gulluk edenimizde, şol kanundaky ygtybarly görkezmelere eýerip bileris. Ýehowa biziň Kanundaky prinsiplere we ahlak kadalaryna gowy düşünip, durmuşda ulanmagymyz üçin, olary Mukaddes Ýazgylarda ýazdyrdy. Geliň, Isanyň aýdan sözlerine üns bereliň. Ol: «Siz: „Zyna etme“ diýlenini eşidensiňiz. Emma men size diýýärin, bir aýala azgyn höwes bilen seredýän adam ýüreginde onuň bilen eýýäm zyna edendir» diýdi. Şol sebäpli biz diňe bir zyna etmekden däl-de, ahlaksyzlyga eltýän islendik hereketden gaça durmaly (Mat. 5:27, 28).
9. Hudaýyň halkyna näme üçin täze görkezme gerek boldy?
9 Mesihiň gelmegi bilen, Ýehowanyň niýeti has-da aýdyňlaşdy. Ýagdaýyň ýene-de üýtgändigi sebäpli, Hudaýyň halkyna täze görkezme gerek boldy. B. e. 33-nji ýylynda Ýehowa ysraýyl halkyndan ýüz öwrüp, ruhy Ysraýyly, ýagny mesihçiler ýygnagyny saýlady.
RUHY YSRAÝYL ÜÇIN GÖRKEZMELER
10. Mesihçiler ýygnagyna näme üçin täze görkezmeler berildi we olaryň ysraýyllylara berlen kanundan nähili tapawudy bar?
10 I asyrda mesihçiler ýygnagyna hakyky sežde we edim-gylym babatda täze görkezmeler berildi. Şol döwürde Ýehowanyň wepaly gullukçylary täze ähte degişlidi. Musanyň kanuny diňe bir halka, ýagny göni manydaky ysraýyllylara berlipdi. Emma ruhy Ysraýyl dürli milletden we halkdan bolan adamlardan ybaratdy. Dogrudan-da, «Hudaý hiç kimi ala tutmaýar... Ol Özünden gorkýan we dogrulyk edýän islendik halkdan bolan adamy kabul edýär» (Res. iş. 10:34, 35). Ysraýyl halkyna Musa arkaly berlen kanun daşyň ýüzüne ýazylypdy. Ruhy Ysraýyla berlen «Mesihiň kanunyndaky» prinsipler bolsa ýüreklerde ýazylýar. «Mesihiň kanuny» mesihçileriň ählisine degişli bolup, olar nirede bolsa-da peýda getirýär (Gal. 6:2).
11. «Mesihiň kanuny» mesihçileriň durmuşynyň haýsy iki tarapyna täsir etmeli?
11 Ýehowanyň Ogly Isa arkaly berýän görkezmeleri ruhy Ysraýyla köp peýda getirýärdi. Isa resullary bilen täze äht baglaşmanka, iki sany wajyp tabşyryk berdi. Olaryň biri wagyz etmek bilen baglanyşyklydy. Beýlekisi bolsa Isanyň şägirtleriniň edim-gylymyna we olaryň imandaşlary bilen özüni nähili alyp barmalydygyna degişlidi. Şol tabşyryklar mesihçileriň ählisine berlipdi, şonuň üçin biz gökde ýa-da ýerde ýaşamaga umyt edýändigimize garamazdan, olary berjaý etmeli.
12. Hoş habary wagyz etmek babatda nähili özgerişik boldy?
12 Geliň, Isanyň hoş habary wagyz etmek 1 Pat. 8:41—43). Şeýle ýagdaý Isa şägirtlerine Matta 28:19, 20-däki (okaň) tabşyrygy berýänçä dowam etdi. Isa: «Gidiň-de, ähli halklardan şägirt taýýarlaň» diýdi. Şeýdip, olar hoş habary täze usul bilen we ähli ýerde wagyz edip başladylar. B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni Ýehowanyň öz islegini başga usul bilen ýerine ýetirýändigi, ýagny hoş habaryň bütin dünýäde wagyz edilmelidigi has-da aýdyň boldy. Şonda 120-ä golaý şägirdiň üstüne Hudaýyň mukaddes ruhy inip, olar gudrat arkaly dürli dillerde gepläp, ýehudylara we başga milletli adamlara wagyz etdiler (Res. iş. 2:4—11). Soňra samariýalylara-da wagyz edilip başlandy. B. e. 36-njy ýylynda bolsa hoş habar özge milletli sünnetlenmedik adamlara hem ýetirildi. Görşümiz ýaly, wagyz işi kiçijik «kölden» uly bir «deňze» öwrüldi. Sebäbi indi diňe ýehudylara däl-de, ähli adamlara wagyz edilýärdi.
tabşyrygy barada oýlanyp göreliň. Öňler ýehudy bolmadyk özge milletli adamlar Ýehowa gulluk etmek üçin Ysraýyla gelende gowy garşy alynýardy (13, 14. a) Isanyň «täze tabşyrygyny» ýerine ýetirmek üçin näme etmeli? b) Biz Isadan näme öwrenýäris?
13 Geliň, indi biziň özümizi imandaşlarymyz bilen nähili alyp barmalydygymyza seredeliň. Isa şägirtlerine «täze tabşyryk» berdi (Ýahýa 13:34, 35-nji aýatlary okaň). Bu tabşyrygy ýerine ýetirmek üçin, şägirtler biri-birine diňe bir ähli zat gülala-güllük wagty söýgi bildirmän, eýsem, olar üçin janyny bermäge-de taýyn bolmalydy. Musa arkaly berlen kanunda bolsa şeýle tabşyryk ýokdy (Mat. 22:39; 1 Ýah. 3:16).
14 Isa söýgi bildirmek babatda gowy görelde galdyrdy. Ol şägirtlerini ýürekden söýýändigi üçin olara janyny bermäge-de taýyndy. Isa şägirtleriniňem şeýle etmegini isleýärdi. Şol sebäpli biz imandaşlarymyzy goldamak üçin ejir çekmäge, hatda ölmäge-de taýyn bolýarys (1 Sel. 2:8).
HÄZIRKI DÖWÜR WE GELEJEK ÜÇIN GÖRKEZMELER
15, 16. Şu günler biziň ýagdaýymyz nädip üýtgedi we Hudaý bize nädip görkezme berýär?
15 Isa, esasanam, «wepaly we paýhasly hyzmatkäri» belländen bäri şägirtlerini wagtly-wagtynda ruhy iýmit bilen üpjün edýär (Mat. 24:45—47). Ýagdaýlar üýtgese-de, bize şol ruhy iýmit arkaly gerekli görkezmeler berilýär.
16 Mukaddes Ýazgylarda aýdylyşy ýaly, biz «soňky günlerde» ýaşaýarys. Tizden görlüp-eşidilmedik agyr muşakgat başlanar (2 Tim. 3:1; Mar. 13:19). Şeýtan we onuň jynlary gökden ýer ýüzüne zyňlandygy üçin adamlara köp betbagtçylyk getirýärler (Ylh. 12:9, 12). Bize ähli milletlere hoş habary wagyz etmek tabşyryldy. Öňler hiç wagt şeýle uly möçberde wagyz edilmändi!
17, 18. Biz berilýän görkezmelere nähili garamaly?
17 Biz wagyz edenimizde Hudaýyň guramasy arkaly berilýän esbaplary ulanmaly. Sizem olary ulanmak isleýärsiňizmi? Şol esbaplary nädip has ökdelik bilen ulanyp biljekdigimiz hakda ýygnak duşuşyklarynda berilýän görkezmelere ünsli bolýarsyňyzmy? Olara Hudaýyň görkezmesi hökmünde garaýarsyňyzmy?
18 Dogrudan-da, Hudaýyň berekedini almak üçin, biz ýygnak duşuşyklary arkaly berilýän görkezmeleriň ählisine ünsli bolmaly. Eger biz häzirden görkezmelere höwes bilen gulak assak, «agyr muşakgatda» Şeýtanyň zalym dünýäsi ýok edilende-de Hudaýyň görkezmesine eýereris (Mat. 24:21). Täze dünýäde Şeýtanyň täsirinden doly azat bolanymyzda, bize täze görkezmeler berler.
19, 20. Gelejekde nähili golýazmalar açylar we bu bize nähili peýda berer?
Ylham 20:12-ni okaň). Şol golýazmalarda Ýehowanyň adamlara berjek tabşyryklary bolar. Olary öwrenip, ähli adamlar, şol sanda direljekler hem Hudaýyň olardan näme isleýändigini biler. Biz şol golýazmalar arkaly Ýehowanyň garaýşyna has gowy düşünip bileris. Täze golýazmalar arkaly Hudaýyň Sözüni çuňňur öwrenip, Jennetde ýaşajak adamlar biri-birine hormat goýup, söýgi bildirer (Iş. 26:9). Patyşa Isa Mesihiň ýolbaşçylygynda bilimimiziň näderejede artjakdygyny we başgalara nähili bilim berjekdigimizi göz öňüne getiriň!
19 Gadymy ysraýyl halkyna Musa pygamber arkaly, mesihçiler ýygnagyna bolsa «Mesihiň kanuny» arkaly täze görkezmeler berildi. Mukaddes Ýazgylarda täze dünýäde golýazmalar açylyp, bize-de täze görkezmeler beriljekdigi aýdylýar (20 Şol «golýazmalarda ýazylanlary» ýerine ýetirýän adamlara ebedi ýaşaýyş berler. Iň soňky synagda Ýehowa wepaly galjak adamlaryň atlary Hudaýyň «ýaşaýyş kitabynda» ýazylar. Bize, gör, nähili ajaýyp gelejek garaşýar! Eger biz SAKLANYP, Hudaýyň Sözüni çuňňur öwrensek, bize nähili degişli ýeriniň bardygyna düşünmek üçin ünsli SERETSEK hem-de Hudaýyň berýän görkezmelerini DIŇLÄP, ýerine ýetirsek, agyr muşakgatda halas bolup, ebedi ýaşarys. Şonda biz akyldar hem-de söýgüden doly Hudaýymyz Ýehowa barada bilim almagymyzy dowam ederis (Wag. 3:11; Rim. 11:33).
^ abzas 2 Işaýa 30:20 Reb size azap çöregini, külpet suwuny berse-de, Mugallymyňyz indi gizlenmez, gözüňiz bilen Ony görersiňiz. 21 Saga, sola öwrüleniňizde, yzyňyzdan: «Ýol budur, şundan ýöräň» diýen sesi eşidersiňiz.
^ abzas 6 Kanun taglymaty 28:1 Eger siz diňe Hudaýyňyz Rebbe gulak asyp, Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän ähli buýruklaryny yhlas bilen ýerine ýetirseňiz, Hudaýyňyz Reb sizi ýer ýüzündäki ähli halklardan beýgelder. 2 Eger siz Hudaýyňyz Rebbe gulak assaňyz, üstüňize bereket ýagyp, sizi bereket gurşap alar. 15 Emma siz Hudaýyňyz Rebbe boýun bolman, Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän ähli tabşyryklaryny we parzlaryny yhlas bilen ýerine ýetirmeseňiz, onda, goý, şu näletleriň ählisi siziň başyňyzdan insin we sizi gurşap alsyn.