Siz öz ýygnagyňyzda kömek edip bilersiňizmi?
ISA göge galmazyndan öň şägirtlerine: «Siz... bütin ýer ýüzünde men barada şaýatlyk edersiňiz» diýdi (Res. iş. 1:8). I asyrdaky mesihçiler bu ýumşy nädip ýerine ýetirdi?
Oksford uniwersitetiniň professory Martin Gudmanyň aýtmagyna görä, «mesihçilere tabşyrylan ýumuş olary I asyrda Rim imperiýasyndaky beýleki dinlerden, şol sanda ýehudylardan hem tapawutlandyrýardy». Isa köp ýerlere aýlanyp wagyz edýärdi. Isanyň şägirtleri hem «Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary» ýaýratmak üçin Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty bilmek isleýän adamlary gözlemelidiklerine düşünýärdiler (Luka 4:43). I asyrdaky mesihçiler ýygnagynda «resullar», ýagny wagyz etmäge iberilen habarçylar bardy (Mar. 3:14). Isa şägirtlerine: «Şonuň üçin gidiň-de, ähli halklardan şägirt taýýarlaň» diýip tabşyryk berdi (Mat. 28:18—20).
Şu günler biziň aramyzda Isanyň 12 resuly bolmasa-da, Ýehowanyň gullukçylarynyň köpüsi missionerlik ruhuny görkezýär. Olar Hudaýa köpräk gulluk etmek üçin: «Ine, men; meni iber!» diýýärler (Iş. 6:8). Gilead mekdebinde okan müňlerçe dogan-uýalar ýaly käbir wagyzçylar çet ýurtlara göçýärler. Käbirleri bolsa öz ýurdunyň başga künjegine göçüp, wagyz edýärler. Köp dogan-uýalar başga dilde geçirilýän ýygnaklary we toparlary goldamak üçin dil öwrenýärler. Elbetde, wagyzçylaryň ýetmeýän ýerine göçüp gulluk etmek ýa-da başga dil öwrenmek dogan-uýalara aňsat düşýän däldir. Muňa garamazdan, olar Ýehowa we ýakynyna bolan söýgüsini bildirmek üçin jan aýaman gulluk edýärler. Olar wagyz işinde gerekli kömegi bermek üçin öňünden gowy taýýarlanyp, wagtyny, güýjüni we serişdesini gaýgyrmaýarlar (Luka 14:28—30). Şol dogan-uýalar wagyz işine uly goşant goşýarlar.
Elbetde, dogan-uýalaryň ýagdaýy biri-biriniňkiden tapawutlanýar. Biziň her birimiz wagyzçylaryň ýetmeýän ýerine göçüp ýa-da başga dil öwrenip bilmeýäris. Onda öz ýygnagymyzda missionerlik ruhuny nädip görkezip bileris?
SIZ ÖZ ÝYGNAGYŇYZDA MISSIONER BOLUP BILERSIŇIZ
I asyrdaky mesihçileriň käbiri missioner bolup gulluk etse-de, köpüsi öz şäherinde wagyz edýärdi. Emma olaryň ählisi Pawlus resulyň Timoteosa: «Hoş habary hemişe wagyz edip, gullugyňy birkemsiz ýerine ýetir» diýen maslahatyna eýermelidi (2 Tim. 4:5). Bu sözler bize-de degişli, sebäbi hoş habary wagyz edip, şägirt taýýarlamak tabşyrygy mesihçileriň ählisine berildi. Biz missioner bolmasak-da, öz ýygnagymyzda olaryň edýän işleriniň köpüsini ýerine ýetirip bileris.
Mysal üçin, daşary ýurtda missioner bolup gulluk edýän dogan-uýalar täze şertlere öwrenişmeli bolýarlar. Sebäbi olaryň gulluk edýän ýerinde köp zat düýbünden başgaça bolýar. Biz wagyzçylaryň ýetmeýän ýerine göçüp bilmesek-de, öz ýygnagymyzyň territoriýasynda adamlara täze usullar bilen wagyz etmäge jan etsek gowy bolmazmy? Meselem, 1940-njy ýylda dogan-uýalara hepdäniň bir güni köçede wagyz etmek maslahat berildi. Sizem köçede wagyz edýärsiňizmi? Ýa-da wagyzda adamlara jw.org web saýtymyzdaky wideorolikleri görkezýärsiňizmi? Eger biz wagyz gullugynyň dürli görnüşlerine gatnaşmaga we täze usullary ulanmaga dogry garaýyşda bolsak, onda has-da yhlasly wagyz ederis.
Wagyzçylaryň ýetmeýän ýerine göçüp ýa-da başga dil öwrenip gulluk edýän dogan-uýalaryň köpüsi ökdelik bilen wagyz edýärler. Şonuň üçin olar wagyz gullugyna gözegçilik edip, köp dogan-uýalara goldaw berýärler. Ýerli doganlar ruhy taýdan ýetişýänçä, ýygnagyň işlerine köplenç missionerler gözegçilik edýär. Eger senem suwa çümdürilen dogan bolsaň, ýygnagyňyzdaky dogan-uýalara 1 Tim. 3:1).
höwes bilen hyzmat etmek «isleýärmiň»? (DOGAN-UÝALARY BERKIDIŇ
Biz diňe bir yhlasly wagyz etmek ýa-da jogapkärli borçlary ýerine ýetirmek bilen çäklenmän, ýygnagymyza başga tarapdan hem kömek edip bileris. Biziň ählimiz ýaşdygymyza ýa-da gartaşandygymyza garamazdan, kömege mätäç imandaşlarymyzy «berkidip» bileris (Kol. 4:11, çykgyt).
Dogan-uýalary berkitmek üçin, olary gowy tanamaly. Mukaddes Ýazgylarda ýygnakda «bir-birimize ünsli bolmak» maslahat berilýär (Ýew. 10:24). Biz imandaşlarymyzyň şahsy durmuşyna goşulmasak-da, olary gowy tanamaga we zerurlyklaryna düşünmäge jan edýäris. Belki, dogan-uýalaryň käbir işlerine kömek etmelidir, göwünlik bermelidir ýa-da olara ruhy taýdan goldaw gerekdir. Dogan-uýalara diňe bir ýaşulular we ýygnagyň hyzmatçylary däl-de, biziň ählimiz kömek edip bileris. Elbetde, käbir ýagdaýlarda şol doganlar kömek etse ýerlikli bolýar (Gal. 6:1). Emma biziň her birimiz gartaşan dogan-uýalara we kyn ýagdaýa düşen maşgalalara gerekli goldawy berip bileris.
Meselem, Salwatori atly dogan kyn ýagdaýa düşüp, hususy kärhanasyny, öýüni we köp emlägini satmaly bolýar. Şonda ol maşgalasy barada gaty biynjalyklanýar. Emma ýygnakdaky bir maşgala olara goldaw gerekdigini görüp, pul kömegini berýär. Olar Salwatori dogana we onuň aýalyna iş tapmaga-da kömek edýärler. Şeýle-de olar Salwatori doganyň maşgalasy bilen köp wagtyny bile geçirip, ünsli diňläp, göwünlik berýärler we ruhlandyrýarlar. Şeýdip, bu iki maşgala dostlaşýar. Şondan bäri köp ýyl geçenem bolsa, olar şol kyn döwürde biri-birini goldandygyny ýatlap begenýärler.
Mesihçiler ynanýan zatlary barada başgalara wagyz etmäge ýaýdanmaýarlar. Bizem Isadan görelde alyp, Hudaýyň berýän ajaýyp wadalary barada adamlara wagyz etmeli. Wagyzçylaryň ýetmeýän ýerine göçüp bilsek-de, bilmesek-de, başgalaryň peýdasy üçin güýjümizi gaýgyrmaly däl. Şeýle-de öz ýygnagymyzdaky dogan-uýalary goldamak üçin elimizde baryny etmeli (Gal. 6:10). Şonda bermekden şatlyk taparys we «oňat işleri edip, miwe bermegimizi» dowam ederis (Kol. 1:10; Res. iş. 20:35).