Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýehowa «aladamyzy edýär»

Ýehowa «aladamyzy edýär»

1 PETRUS 5:7-DE: «Ähli ýüküňizi onuň üstüne atyň, sebäbi ol siziň aladaňyzy edýändir» diýilýär. Biz muňa näme üçin ynanyp bileris? Ýehowa hakykatdan-da aladamyzy edýärmi? Onuň aladamyzy edýändigi nämeden görünýär?

GEREKLI ZATLAR BILEN ÜPJÜN EDÝÄR

Ýehowa ýagşylyk edip, jomartlyk bildirip, görelde görkezýär

Belki-de, siz iň gowy dostuňyzda görmek isleýän ýagşy häsiýetleriň Ýehowada bardygyna üns berensiňiz. Dogrudan-da, bir-birine ýagşylyk edip, jomartlyk bildirýän adamlaryň dostlugy has-da berk bolýar. Bilşimiz ýaly, Ýehowa adamlara her gün ýagşylyk edip, jomartlygyny bildirýär. Meselem, Matta 5:45-de şeýle diýilýär: «Ol Gününi hem erbetleriň, hem ýagşylaryň üstünden dogurýar; ýagmyryny hem dogrularyň, hem egrileriň üstünden ýagdyrýar». Günüň we ýagşyň adamlara nähili peýdasy bar? Hudaý olaryň kömegi bilen, bizi «iýmit bilen üpjün edip, ýüreklerimizi şatlykdan doldurýar» (Res. iş. 14:17). Hawa, ýerden dürli-dümen gök-önümleri öndürip bolýar. Hatda Ýehowanyň berýän ir-iýmişleriniň käbiri tagamly nahardan hem köp lezzet berýär.

Onda näme üçin häzir açlyk köp? Sebäbi häkimiýetler raýatlarynyň aladasyny etmegiň deregine, köplenç öz bähbidine çapýarlar we ýokary wezipä kowalaşýarlar. Ýehowa tizden bu syýasy guramalaryň ählisini ýok eder. Ol muny gökdäki Patyşalygynyň patyşasy edip bellän Ogly arkaly amala aşyrar. Şonda hiç bir adam açlykdan ejir çekmez. Hudaý wepaly gullukçylarynyň häzirem aladasyny edýär (Zeb. 37:25). Bu onuň bizi söýýändigini subut etmeýärmi näme?!

WAGTYNY GAÝGYRMAÝAR

Ýehowa wagtyny gaýgyrman, görelde görkezýär

Hakyky dostlar wagtyny bile geçirmegi we gyzyklanýan zatlary barada sagatlap gürrüň etmegi gowy görýärler. Haçan-da dostuňa kynçylyklaryň we aladalaryň barada aýdanyňda, ol seni ünsli diňleýär. Ýehowa barada-da şeýle diýse bolarmy? Elbetde! Ol biziň dileglerimizi hemişe dykgatly diňleýär. Şol sebäpli Mukaddes Ýazgylar bizi Hudaýa «erjellik bilen» «hemişe doga etmäge» çagyrýar (Rim. 12:12; 1 Sel. 5:17).

Ýehowa biziň dogalarymyzy näçe wagtlap diňleýär? Geliň, muňa düşünmek üçin Mukaddes Ýazgylardaky bir waka seredeliň. Isa 12 resulyny saýlamazdan öň «bütin gijäni Hudaýa doga edip geçirdi» (Luka 6:12). Ol dogasynda şägirtleriniň her biriniň adyny, häsiýetlerini we gowşak taraplaryny agzap, Atasyndan olary saýlamak üçin görkezme soraýar. Daň atanda Isa olaryň haýsysyny resuly edip saýlamalydygyny anyk bilýär. Hawa, «dogalary eşidýän» Ýehowa gullukçylarynyň akýürekden edýän dogalaryny diňleýär (Zeb. 65:2). Hatda biz Ýehowa gaýgy-aladalarymyzy sagatlap gürrüň bersek-de, ol hiç haçan bizden wagtyny gaýgyrmaýar.

BAGYŞLAMAGA HEMIŞE TAÝYN

Ýehowa bagyşlamaga taýyn bolup, görelde görkezýär

Hatda hakyky dostlara-da bir-birini bagyşlamak käte aňsat bolmaýar. Şeýle ýagdaýda olar ençeme ýyl dowam eden dostlukly gatnaşygyny öz elleri bilen bozýar. Ýehowa barada näme diýse bolar? Mukaddes Ýazgylarda Onuň «gaty geçirimlidigi» we toba edýän ähli akýürekli adamlary bagyşlaýandygy aýdylýar (Iş. 55:6, 7). Eýsem, Hudaý bizi näme üçin doly bagyşlaýar?

Munuň bir sebäbi, ol bizi çäksiz söýýär. Hudaý adamlary günäden we onuň getiren ajy miwelerinden halas etmek üçin, Ogly Isany töleg hökmünde gurban berdi. Ol muny dünýäni köp söýýändigi üçin etdi (Ýah. 3:16). Dogrudan-da, töleg gurbanynyň köp peýdasy bar. Hudaý Mesihiň gany arkaly biziň günälerimizi doly bagyşlaýar. Ýahýa resul: «Eger biz günälerimizi boýun alsak, Hudaý günälerimizi bagyşlar... sebäbi ol wepaly hem dogruçyldyr» diýip ýazdy (1 Ýah. 1:9). Ýehowa adamlary bagyşlaýandygy üçin, olar Onuň bilen ýakyn dostlukly gatnaşygyny saklap bilýär. Bu bizi diýseň begendirýär!

KYNÇYLYGA UÇRANYMYZDA KÖMEK EDÝÄR

Ýehowa wagtynda goldaw berip, görelde görkezýär

Hakyky dostuň agyr günüňde dadyňa ýetişişi ýaly, Ýehowa-da kynçylyga uçranymyzda kömek edýär. Mukaddes Ýazgylarda: «Ol (Hudaýyň gullukçysy) ýykylsa-da, ýumrulmaz, çünki onuň elinden tutýan Rebdir» diýilýär (Zeb. 37:24). Ýehowa gullukçylaryny dürli ýollar bilen goldaýar. Geliň, Karib deňzinde ýerleşýän Santa-Krus adasynda bolan bir waka seredeliň.

Mekdepde okaýan ýaş uýamyzyň klasdaşlary baýdaga tagzym etmeýändigi üçin üstünden gülýärdiler. Ol Ýehowa doga edip kömek soraýar we synagda berk durmagy ýüregine düwýär. Uýamyz baýdaga näme üçin tagzym etmeýändigini ýene-de düşündirmeli bolanda, «Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar» kitabynda agzalýan Şadrak, Meýşak we Abednego bilen bolan wakany gürrüň berýär. Ol: «Bu üç ýewreý ýigit heýkele tagzym etmedi, şonuň üçinem Ýehowa olary gorady» diýýär. Soňra olara kitaby okap görmegi teklip edýär. Şonda onuň klasdaşlarynyň 11 sanysy şol kitapdan alýar. Uýamyz klasdaşlaryna wagyz edip biler ýaly, Ýehowanyň goldandygyna we akyldarlyk berendigine düşünip, özüni hasam bagtly duýýar.

Eger sizde Ýehowanyň aladaňyzy edýändigine şübhe dörese, onda Zebur 34:17—19, 55:22 we 145:18, 19-njy aýatlar barada oýlanyň. Köp ýyldan bäri gulluk edýän dogan-uýalardan Ýehowanyň nädip olaryň aladasyny edýändigini soraň. Şeýle-de Ýehowadan kömek sorap, gyzgyn doga ediň. Şonda siz Ýehowanyň «aladaňyzy edýändigine» doly göz ýetirersiňiz.