Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Halal ýaşaýanlar bagtly bolup bilýärmi?

Halal ýaşaýanlar bagtly bolup bilýärmi?

Asyrlarboýy köp adamlar «ýagşy adam bolsaň, görjegiň gowy bolar» diýen pikire uýýardylar. Meselem, Aziýa ýurtlarynda dabarasy dag aşan mugallym we filosof Konfusiý (b. e. öň 551—479-njy ýyllar) şeýle diýýär: «Özüňe edilmegini islemeýän zadyňy başgalara-da etme» a.

KÖP ADAMLARYŇ SAÝLAN ÝOLY

Şu günler köp adamlar sogap işleri etseler, gowy ýaşajakdygyna ynanýar. Olar edep-ekramly, päk wyždanly bolýar, adamlara sylag-hormat goýýar we jemgyýete peýda getirýär. Wýetnamda ýaşaýan Lin atly aýal şeýle diýýär: «Men dogruçyl bolsam, halal ýaşasam, adamlara ýagşylyk etsem, olar hem maňa ýagşylyk eder diýip pikir edýärdim».

Käbir adamlar dini ynançlaryna görä ýagşylyk edýär. Taýwanda ýaşaýan Şu-Ýun şeýle gürrüň berýär: «Maňa çagalygymdan: „Eger ýagşylyk etseň, iki dünýäň abat bolar, erbetlik edäýseň welin, o dünýäde ejir baryny çekersiň“ diýip öwretdiler».

PEÝDASY BARMY?

Ýagşy adamlary köpler gowy görýär, emma gynansak-da, olaryň sogap işleriniň gadyryny hemmeler bilmeýär. Gonkongda ýaşaýan Şi Pin şeýle gürrüň berýär: «Men adamlaryň ýagşylyga ýagşylyk bilen jogap bermeýändigine göz ýetirdim. Men maşgalamy bagtly etmek üçin gije-gündiz zähmet çekdim, ýöne bary biderek boldy. Ärim oguljygym bilen meni taşlap gitdi».

Köpleri dindar adamlaryň ählisiniň halal ýaşamaýandygyna göz ýetirdiler. Ýaponiýada ýaşaýan Etsaka atly aýal şeýle gürrüň berýär: «Men bir dini topara goşuldym we ýaşlar üçin dini çäreleri geçirýärdim. Men dini ýolbaşçylaryň ahlaksyzlyk edýändigini, wezipeparazdygyny we buthana berilýän sadakalary öz bähbidine ulanýandygyny görenimde ör-gökden geldim».

«Men maşgalamy bagtly etmek üçin gije-gündiz zähmet çekdim, ýöne bary biderek boldy. Ärim oguljygym bilen meni taşlap gitdi» (Şi Pin, Gonkong).

Dindar adamlaryň käbiri edýän ýagşy işleriniň bela-beterden goramaýandygyna göz ýetirende lapykeç boldular. Wýetnamda ýaşaýan Wen şeýle gürrüň berýär: «Men her gün gül, gök önüm we iýer-içer ýaly zat satyn alyp, ata-babalarymyň guburynda goýardym. Men olardan maşgalamy howp-hatardan goramagyny we bereket bermegini dilärdim. Men ençeme ýyllap ýagşy işleri etdim, dini däp-dessurlary berjaý etdim, emma ärim agyr keselledi, daşary ýurtda okap ýören gyzym aradan çykdy».

Görşümiz ýaly, sogap işleri edýän adamlar hem kösenýär. Onda gowy durmuşda ýaşamak üçin näme etmeli? Şu soragyň jogabyny bilmek üçin ynamdar kitaby okap görmeli. Şeýle kitaby nireden tapyp bolar?

a Köpräk bilmek üçin «Adamzat Hudaýyň gözleginde» (rus.) diýen kitabyň 7-nji babynyň 31—35-nji abzaslaryny okap bilersiňiz. Kitaby Ýehowanyň Şaýatlarynyň www.jw.org saýtyndan tapyp bilersiňiz.