ÝIGRENJI NÄDIP KÖKI BILEN SOGURMALY?
2 | Ar almaň
Mukaddes Kitabyň maslahaty:
«Ýamanlyga ýamanlyk bilen gaýtargy bermäň... Ähli adamlar bilen oňşup ýaşajak bolalyň... Özüňiz ar almaň... Sebäbi „Ýehowa şeýle diýýär: „Men ar alaryn, men gaýtargy bererin“ diýip ýazylgy» (RIMLILER 12:17—19).
Düşündirilişi:
Biri bize ýamanlyk edende gaharymyz gelýär, ar alasymyz gelýär. Ýöne Hudaý biziň ýamanlyga ýamanlyk bilen gaýtargy bermegimizi islemeýär. Gaýtam biziň sabyrly garaşmagymyzy isleýär, sebäbi Ol tizden adalaty dikeltjekdigini söz berýär (Zebur 37:7, 10).
Peýdasy:
Eger birinden ar alsaňyz, onuň hem sizden ar alasy geler. Şeýdip, iki adamyň arasyndaky ýigrenç hiç wagt aýrylmaz. Şonuň üçin biri göwnüňize degse ar almaň. Özüňize erk edip parahatlygy saklaň. Käbir ýagdaýlarda bagyşlap, edilen ýamanlyga göz ýumsaň gowy bolýar (Nakyllar 19:11). Käbir ýagdaýlarda bolsa, birinden kömek sorasaň gowy bolýar. Meselem, biri jenaýat edip size zyýan ýetirse, onda polisiýa işgärlerine ýüz tutup bilersiňiz.
Ar alýan adam özüne zyýan ýetirýär
Belki, siz meseläni dawa-jenjelsiz çözüp bolmaýar diýip pikir edýänsiňiz. Ýa-da meseläni dawa-jenjelsiz çözmek üçin eliňizde baryny edensiňiz, ýöne hiç zat üýtgän däldir. Şonda ar alsam hemme zat çözüler diýip pikir edersiňiz. Ýadyňyzdan çykarmaň, ar alsaňyz ýagdaý hasam erbetleşer. Eger siz ýamanlyga ýamanlyk bilen gaýtargy bermeseňiz, ýigrenji köki bilen sogrup taşlarsyňyz. Kynçylygy Hudaýa tabşyrmagy öwreniň. Mukaddes Kitapda: «Hudaýa bil bagla, ol saňa ýardam eder» diýilýär (Zebur 37:3—5).