Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Gadymy döwürde ysraýyllar söweşýärler, emma biz näme üçin söweşmeýäris?

Gadymy döwürde ysraýyllar söweşýärler, emma biz näme üçin söweşmeýäris?

IKINJI JAHAN URŞY döwri nemes ofiseri Ýehowanyň Şaýatlaryna şeýle diýýär: «Eger siz bize goşulyp, Fransiýa ýa-da Angliýa garşy söweşmeseňiz hemmäňizi öldüreris». Esgerler atmaga taýýar durdular, emma doganlaryň hiç biri ofiseriň haýbatyndan gorkmadylar, bitaraplygyny sakladylar. Mert doganlaryň göreldesi Ýehowanyň Şaýatlarynyň urşa goşulmaýandygyny görkezýär. Hawa, bizi öldürjek bolsalar-da syýasy dawalara we uruşlara goşulmaýarys.

Emma özüni Isanyň şägirdi hasaplaýan adamlaryň hemmesi beýle pikir etmeýär. Olaryň käbiri şeýle diýýärler: «Watanyňy goramak üçin başyňy orta goýup söweşmeli. Ysraýyllar Hudaýyň halky bolsa-da söweşipdirler. Biz näme üçin söweşmeli däl?» Siz şeýle diýýän adamlara nädip düşündirersiňiz? Gadymy ysraýyllar bilen Hudaýyň halkynyň arasynda uly tapawut bar. Geliň, şolaryň bäşisi hakda gürrüň edeliň.

1. HUDAÝ BIR HALKY SAÝLADY

Gadymy döwürde Ýehowa bir milleti, ýagny ysraýyllary öz halky edip saýlady. Ýehowa olara: «Eziz halkym» diýdi (2 Mus. 19:5). Hudaý olara ýaşar ýaly ýer hem berdi. Ýehowa ysraýyllara başga halklar bilen söweşmegi tabşyrýardy, emma olar imandaşlary bilen söweşip, olary öldürmeli däldi a.

Şu günler Ýehowanyň halky her dürli «milletden, taýpadan, halkdan» ybarat (Ylh. 7:9). Eger olar urşa gatnaşsalar imandaşlary bilen söweşip, olary öldürmeli bolardylar.

2. YSRAÝYL HALKY ÝEHOWANYŇ EMRI BILEN SÖWEŞÝÄR

Gadymy döwürde Ýehowa ysraýyl halkyna haçan, kimler biler we näme üçin söweşmelidigini aýdýardy. Meselem, Ýehowa kenganlar bilen söweşmegi tabşyrdy, sebäbi olar jynlara sežde edýärdiler, çagalaryny gurban berýärdiler we azgynçylyk edýärdiler. Ýehowa ysraýyllara azgyn we haram işleri edýän halklary ýurtdan kowmagy buýurýar (3 Mus. 18:24, 25). Ysraýyllar Wada edilen ýurdy basyp alandan soň hem dumly-duşdan çozýan duşmanlar bilen söweşmeli boldular (2 Şam. 5:17—25). Olar Ýehowa rugsat bermese, hiç kim bilen söweşmeýärdiler. Söweşen ýagdaýlarynda-da gowulygyň üstünden barmaýardylar (4 Mus. 14:41—45; 2 Tar. 35:20—24).

Şu günler Ýehowa hiç kimiň söweşmegini islemeýär. Söweşýän halklar Hudaýyň buýrugy bilen däl-de, öz bähbitleri üçin söweşýärler. Olar köp ýer eýelemek üçin ýa-da ykdysady, syýasy dawalar sebäpli söweşýärler. Gynansak-da, käbirleri: «Allanyň ady üçin söweşýäris. Hudaýyň duşmanlaryny ýok edýäris» diýýärler. Emma Ýehowa halkyny goramagy başarýar. Duşmanlary bolsa gelejekde Armageddon söweşinde ýok eder (Ylh. 16:14, 16). Şol söweşde Hudaýyň halky däl-de, perişdeler söweşer (Ylh. 19:11—15).

3. YSRAÝYLLAR ÝEHOWA IMAN EDÝÄNLERI ÖLDÜRMEÝÄRDI

Gadymy döwürde Ýehowa Ýerihony basyp alanda, Rahawa we onuň dogan-garyndaşlaryna rehim etdi. Şu günler uruşlarda Hudaýa iman edýän adamlara rehim edilýärmi?

Gadymy döwürde ysraýyllar Ýehowanyň höküm eden adamyny öldürýärdiler. Emma hak Alla iman edýän adama rehim edýärdiler. Geliň, olaryň rehimdarlygyny görkezýän iki waka hakda gürrüň edeliň. Ysraýyllar Ýerihony basyp alanda Rahawy we onuň dogan-garyndaşlaryny Ýehowa iman edendikleri üçin öldürmediler (Ýuşa 2:9—16; 6:16, 17). Şondan birnäçe wagt geçensoň ysraýyllar gibgonlylara rehim edip, olaryň şäherini ýok etmediler. Sebäbi olaryň ählisi Hudaýyň ady, şan-şöhraty we eden işleri hakda eşidip, Oňa iman etdiler (Ýuşa 9:3—9, 17—19).

Şu günler ýurtlar söweşenlerinde hiç kime, Hudaýa iman edýän adamlara-da rehim etmeýärler. Hatda bigünä adamlary öldürýärler.

4. YSRAÝYLLAR SÖWEŞDE HUDAÝYŇ GÖRKEZMESINE EÝERÝÄRDI

Gadymy döwürde Ýehowa ysraýyl halkyna söweşmek babatda görkezme berýärdi. Meselem, olar bir şähere çozmankalar «ilki ylalaşmagy teklip etmelidiler» (5 Mus. 20:10). Şeýle-de Ýehowa ysraýyl goşunyndan beden we ahlak taýdan arassa bolmagy talap edýärdi (5 Mus. 23:9—14). Adatça, başga milletler ýesir düşen gelin-gyzlary zorlaýardylar, emma Ýehowa ysraýyllara zorluk-sütem etmegi gadagan etdi. Olar ýesir düşen gyzlara bir aý geçenden soň öýlenip bilýärdiler (5 Mus. 21:10—13).

Şu günler köp ýurtlar uruş bolanda «parahat ýaşaýjylary öldürmeli däl» diýip şertnama baglaşýarlar. Gynansak-da, olar beren sözünde durmaýarlar.

5. ALLATAGALA HALKY ÜÇIN SÖWEŞÝÄR

Ýehowa ysraýyllara Ýerihony basyp almaga kömek etdi. Ol şu günler uruşlary goldaýarmy?

Gadymy döwürde Ýehowa ysraýyl halkyny söweşde goldaýardy. Ol köp gudratlar görkezip, halkyna ýeňiş gazanmaga kömek edýärdi. Meselem, ysraýyllar Ýehowanyň görkezmesi bilen Ýerihony gabap, batly ses bilen gygyrdylar welin, şäheriň diwarlary ýykyldy. Şeýlelikde, olar şäheri aňsatlyk bilen basyp aldylar (Ýuşa 6:20). Ýehowa amorlary ýeňmäge nädip kömek etdi? Ol «güýçli jöwenek ýagdyryp, olary heläk etdi. Jöwenekden ölenleriň sany gylyçdan ölenlerden köp boldy» (Ýuşa 10:6—11).

Şu günler Ýehowa hiç bir halka garşy söweşmeýär. Ol söweşleri hem goldamaýar. Hudaýyň gökdäki Patyşalygynyň Patyşasy Isa: «Meniň Patyşalygym şu dünýäden däl» diýdi (Ýah. 18:36). Şu dünýäniň üstünden Şeýtan hökümdarlyk edýär. Şol sebäpli ynsan hökümetleri hem ganhor Şeýtan ýaly bigünä gan dökýär (Luka 4:5, 6; 1 Ýah. 5:19).

ÝEHOWANYŇ ŞAÝATLARY PARAHATLYGY DÖREDÝÄN ADAMLAR

Gadymy ysraýyllardan tapawutlykda Ýehowanyň Şaýatlarynyň näme üçin uruşmaýandygynyň käbir sebäplerine seretdik. Munuň başga-da sebäpleri bar. Meselem, Hudaýyň halkynyň uruşlara gatnaşmaýandygynyň ýene bir sebäbini Işaýa pygamber soňky günlerde Hudaýa sežde edýän adamlar «söweşmegi öwrenmezler» diýdi (Işa. 2:2—4). Isa pygamber şägirtlerine: «Siz dünýäden däl» diýdi. Şol sebäpli olar uruşlara we syýasy dawalara goşulmaýarlar (Ýah. 15:19).

Isa pygamber şägirtlerine ýene bir wajyp zady öwretdi. Olar öýke-kine, gahar-gazap we dawa-jenjel etmeli däldi (Mat. 5:21, 22). Isa pygamberiň şägirtleri duşmanlaryny söýmelidi we «parahatlyk döredýän adamlar» bolmalydy (Mat. 5:9, 44).

Biz Isa pygamberiň tabşyryklaryna nädip gulak asyp bileris? Elbetde, biziň hiç birimiz elimize ýarag alyp uruşmarys. Emma dogandan ýa-da uýadan öýkeläp, ony ýigrenip başlamagymyz mümkin. Geliň, ýygnakda parahatlygyň bozulmagyna ýol bermäliň! Sebäbi imandaşlarymyz biziň duşmanymyz däl-de, doganymyzdyr (Ýak. 4:1, 11).

Biz iki döwlet urşanda hiç kimi goldamaýarys, gaýtam dogan-uýalary söýüp, parahatlygy saklaýarys (Ýah. 13:34, 35). Geliň, Ýehowanyň ýeriň dört künjeginde uruşlary togtatjak wagtyna sabyrly garaşalyň we bitaraplygy saklalyň (Zeb. 46:9).

a Käte ysraýyl taýpalary bir-biri bilen söweşenlerinde, Ýehowa gynanypdyr we olardan razy bolmandyr (1 Pat. 12:24). Emma Ol käte söweşmäge ýol berýärdi. Näme üçin? Sebäbi käbir ysraýyl taýpalary Ýehowadan ýüz öwürdiler we agyr günä etdiler (Ser. 20:3—35; 2 Tar. 13:3—18; 25:14—22; 28:1—8).