Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

48-NJI MAKALA

Kyn ýagdaýlarda Ýehowa bil baglaň

Kyn ýagdaýlarda Ýehowa bil baglaň

«„Mert boluň, işe başlaň!“ Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Men siziň bilendirin!“» (Hag. 2:4).

118-NJI AÝDYM Berk iman ber

MAZMUNY a

1, 2. a) Biz nähili kynçylyklara duş gelýäris? b) Wawilondan Iýerusalime dolanan ýehudylar nähili kynçylyga duş geldi? (« Hagaý, Zekerýa pygamberleriň we Hydyr mürzäniň döwri» diýen çarçuwa serediň).

 SIZ gelejegiňizi alada edýärsiňizmi? Sizi işden çykardylarmy? Ýurduňyzda syýasy dawalar ýa-da gozgalaňlar bolýarmy? Wagyz işi gadagan edilenmi ýa-da yzarlaýarlarmy? Şeýle ýagdaýlar sebäpli siz: «Maşgalamy nädip eklärin? Nädip goraryn?» diýip alada edýänsiňiz. Gadymy döwürde ysraýyl halky hem şeýle kynçylyklary başdan geçirdi. Ýehowanyň olara nädip kömek edendigi barada bilseňiz, ruhlanarsyňyz, biynjalyk bolmarsyňyz.

2 Ýehudylar Wawilondan Iýerusalime gitmek üçin Ýehowa bil baglamalydy. Sebäbi olar kaşaň jaýyny we gowy durmuşyny goýup, haraba bolup ýatan ýurdy dikeltmelidi. Watanyna dolanan ýehudylara maşgalasyny eklemek we gün-güzeranyny görmek kyn bolýardy. Olar Pars imperiýasynyň golastyndady. Ýurtda bolýan gozgalaňlar sebäpli biynjalyk bolýardy. Şeýle-de ýehudylaryň duşmanlary azar ýamanyny berýärdi. Şol sebäpli olaryň eli işden sowap, ybadathananyň gurluşygyny bes edýärler. Ýehowa halky ruhlandyrmak üçin b. e. öň 520-nji ýylda Hagaý we Zekerýa pygamberleri iberýär (Hag. 1:1; Zek. 1:1). Pygamberleriň habary ýehudylaryň güýjüne güýç goşýar. Emma olaryň ýene-de işden eli sowaýar. Takmynan 50 ýyl soňra Musanyň kanunyny gowy bilýän Hydyr mürze halky ruhlandyrmak we arassa seždäni dikeltmek üçin Wawilondan Iýerusalime gelýär (Hyd. 7:1, 6).

3. Biz şu makalada haýsy üç soragyň jogabyny bileris? (Nakyllar 22:19).

3 Hagaý bilen Zekerýa pygamberleriň habary halky ruhlandyrdy we garşylyklara döz gelip, Ýehowa bil baglamaga höweslendirdi. Şol pygamberleriň kitaplary bize garaşylmadyk ýagdaýlara döz gelmäge kömek eder (Nakyllar 22:19-y okaň). Makalada Hagaý bilen Zekerýa pygamberleriň habary we Hydyryň göreldesi hakda gürrüň ederis. Şeýle-de şu üç soragyň jogabyny bileris: ýehudylar nähili garaşylmadyk ýagdaýa duş geldi? Kynçylykda Ýehowanyň islegini birinji orunda goýmak üçin näme etmeli? Kynçylyklarda Ýehowa bil baglamaga näme kömek eder?

WATANYNA DOLANAN ÝEHUDYLAR

4, 5. Ýehudylaryň eli işden näme üçin sowady?

4 Iýerusalime dolanan ýehudylar ýeňini çermäp işe başladylar. Olar Ýehowa üçin gurbanlyk ojagyny gurdular we ybadathananyň düýbüni tutdylar (Hyd. 3:1—3, 10). Emma olaryň eli işden sowady. Näme üçin? Olar diňe bir ybadathanany gurman, özleri üçin jaý salmalydy, ekin ekmelidi we maşgalasyny eklemelidi (Hyd. 2:68, 70). Şeýle-de olaryň duşmanlary ybadathanany gurdurmajak bolup elinde baryny edýärdi (Hyd. 4:1—5).

5 Watanyna dolanan ýehudylara gün-güzeranyny görmek kyn bolandyr. Şol wagt ýehudylar Pars imperiýasynyň golastynda ýaşaýardy. B. e. öň 530-njy ýylda Pars patyşasy Kir aradan çykansoň, ogly Kambis patyşa bolýar. Ol Müsüri basyp almak üçin ägirt uly goşuny bilen ýöriş edýär. Olaryň ýoly Ýahuda topragyna düşýär. Pars goşuny ýehudylardan iýer-içer ýaly zat we dynç alar ýaly ýer talap eden bolmaly. Kambis aradan çykansoň, Dariý I patyşa bolýar. Onuň hökümdarlygynyň başynda ýurtda gozgalaň turýar. Ýehudylar şu zatlary alada edip: «Häzir Ýehowa üçin ybadathana gurmagyň wagty däl» diýendirler (Hag. 1:2).

6. Ýehudylar ýene nähili kynçylyga duş geldi we Zekerýa pygamber olary nädip ruhlandyrdy? (Zekerýa 4:6, 7).

6 Zekerýa 4:6, 7-nji aýatlary okaň. Ýehudylara goňşy halklar garşy çykýar. Olar ýehudylary Pars patyşasyna ýamanlap hat ýazýar. Şeýlelikde, b. e. öň 522-nji ýylda patyşa ybadathananyň gurluşygyny togtatmak barada perman çykarýar. Emma Zekerýa pygamber halky ruhlandyryp, Ýehowanyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen islendik böwetden geçip biljekdiklerini aýtdy. B. e. öň 520-nji ýylda Dariý patyşa ybadathananyň gurluşygyny dowam etmäge rugsat berýär we gerek-ýarak zatlar bilen üpjün edýär (Hyd. 6:1, 6—10).

7. Ýehudylar ybadathananyň gurluşygyna haçan başladylar we nähili bereket aldylar?

 7 Ýehowa ybadathananyň gurluşygyny dowam etseler, ýehudylary goldajakdygyny wada berdi (Hag. 1:8, 13, 14; Zek. 1:3, 16). Hagaý bilen Zekerýa pygamberleriň sözleri halky ruhlandyrdy we olar b. e. öň 520-nji ýylda ybadathananyň gurluşygyna başlady. Ýehudylar bäş ýyl bolmanka gurluşygy tamamladylar. Olar kynçylyklara garamazdan, Ýehowanyň islegini birinji ýerde goýdular. Ýehowa diňe bir gerek-ýarak zatlaryny ýetirmän, olaryň imanyny hem berkitdi. Şeýlelikde, olar Ýehowa şatlanyp sežde etdiler (Hyd. 6:14—16, 22).

HUDAÝYŇ ISLEGINI BIRINJI ORUNDA GOÝUŇ

8. Hagaý 2:4 Hudaýyň islegini birinji orunda goýmaga nädip kömek edýär? (Çykgyda serediň).

8 Uly betbagtçylyk golaýlaşýar. Şol sebäpli adamlary halas ediş işine has-da yhlasly gatnaşmaly (Mar. 13:10). Belki, ýurduňyzda ykdysadyýetiň pese düşendigi, syýasy dawalaryň bolýandygy ýa-da wagyz işiniň gadagan edilendigi sebäpli, Patyşalyk işini birinji orunda goýmak kyn düşýändir. Emma «Serkerdebaşy Ýehowanyň» b siziň tarapyňyzdadygyny unutmaň. Eger siz Hudaýyň islegini birinji orunda goýsaňyz, Ol sizi gorar, goldar we zada zar etmez (Hagaý 2:4-i okaň).

9, 10. Är-aýal Isa pygamberiň Matta 6:33-däki sözleriniň dogrudygyna nädip göz ýetirdi?

9 Geliň, pioner är-aýal Oleg we Irina c hakda gürrüň edeliň. Olar wagyzçylaryň az ýerine göçýär. Är-aýal ykdysady ýagdaýyň pese düşendigi sebäpli iş tapmaýar. Olar bir ýyllap işsizlikden kösenýär, emma Ýehowanyň dogan-uýalar arkaly goldaýandygyna ençeme sapar göz ýetirýär. Är-aýala kynçylyklara döz gelmäge ýene näme kömek edýär? Oleg başda ruhdan düşýär, emma derrew özüni ele alýar. Ol: «Biz yhlasly wagyz edip, iň wajyp zady birinji orunda goýduk» diýýär. Hawa, är-aýal gol gowşuryp oturmady. Olar yhlasly wagyz etdi we gün-güzeranyny görer ýaly iş gözledi.

10 Bir gün är-aýal wagyzdan öýüne gelýärler welin, gapynyň öňünde azykdan doly iki sumka duran ekeni. Olegiň goňşusy sumkalary 160 km uzakda ýaşaýan dostunyň goýup gidendigini aýdýar. Oleg şeýle gürrüň berýär: «Şol gün biz Ýehowanyň dogan-uýalar arkaly aladamyzy edýändigine ýene bir gezek göz ýetirdik. Biz Ýehowanyň kyn günleri başdan geçirýän wepaly bendelerini taşlamaýandygynyň diri şaýady bolduk» (Mat. 6:33).

11. Biz Hudaýyň islegini birinji orunda goýsak nähili bereketleri alarys?

11 Ýehowa adamlaryň janyny halas edýän işe yhlasly gatnaşmagymyzy isleýär.  7-nji abzasdan bilşimiz ýaly, Hagaý pygamber ýehudylara ybadathananyň gurluşygyny dowam etseler, Ýehowanyň «bereket ýagdyrjagyny» aýdýar (Hag. 2:18, 19). Eger bizem hoş habary yhlasly wagyz etsek, Ýehowanyň bol bereketleriniň eýesi bolarys.

ÝEHOWA DOLY BIL BAGLAŇ

12. Hydyr mürze bilen ýehudylar näme üçin Ýehowa bil baglamalydy?

12 B. e. öň 468-nji ýylda Hydyr mürze we ençeme ýehudylar Wawilondan Iýerusalime ýola düşýärler. Olar ybadathana üçin berlen altyn-kümüşleri hem alyp gaýtdylar. Ýehudylar Ýehowa bil baglamalydy, sebäbi ýolda garakçylaryň talamagy mümkindi (Hyd. 7:12—16; 8:31). Olar Iýerusalimde ýaşamak üçin hem Hudaýa berk iman etmelidiler. Birden duşman çozaýsa, söweşer ýaly şäheriň ilaty azdy, diwarlary dikeldilmändi, derwezeleri oturdylmandy. Biz Hydyr mürzäniň Hudaýa berk iman etmeginden näme öwrenýäris?

13. Hydyra Ýehowa berk iman etmäge näme kömek etdi? (Çykgyda serediň).

13 Hydyr Ýehowanyň halkyny goraýandygynyň diri şaýady boldy. B. e. öň 484-nji ýylda Haşaýar patyşa Pars imperiýasyndan ähli ýehudylary ýok etmeli diýen perman çykarýar. Şol wagtlar Hydyr Wawilonda ýaşan bolmaly, onuň janyna howp abanýardy (Est. 3:7, 13—15). Şonda «ähli welaýatlarda ýaşaýan ýehudylar... agyz beklediler, aglaşyp ýas tutdular» we Ýehowadan kömek sorap doga etdiler (Est. 4:3). Ýehowa olaryň dilegine jogap berdi. Hydyr mürze bilen ýehudylar duşmanlaryň öz gazan çukuryna özleriniň düşendigine begenendirler (Est. 9:1, 2). Şu ýagdaý Hydyryň imanyny berkitdi we Ýehowanyň gelejekde-de halkyny gorajakdygyna ynamyny artdyrdy d.

14. Anastasiýa başdan geçiren kynçylygyndan näme öwrendi?

14 Biz kynçylyklarda Ýehowanyň goldawyny duýsak, Onuň bizi hiç haçan ýeke goýmajakdygyna ynamymyz artar. Geliň, Gündogar Ýewropada ýaşaýan Anastasiýa hakda gürrüň edeliň. Ol bitaraplygyny saklamak üçin işden çykmaly bolýar. Anastasiýa şeýle gürrüň berýär: «Işden çykan wagtym kör-köpügim ýokdy. Ýöne gökdäki Atamyň aç-hor goýmajakdygyna doly ynanýardym. Ol meni goldady, tamamy ödedi. Men ýene-de işsizlikden kösensem-de, alada etmerin. Ýehowa meni şu gün goldaýan bolsa, ertir hem goldar».

15. Hydyr Ýehowa imanyny nädip berkitdi? (Hydyr 7:27, 28).

15 Hydyr Ýehowanyň goldawyny ençeme sapar gördi. Ol Ýehowanyň eden ýagşylyklary barada oýlananda, Oňa bolan imany berkedi. Hydyr: «Ýehowa Hudaýym meni goldady» diýdi (Hydyr 7:27, 28-nji aýatlary okaň). Hydyr öz adyny göterýän kitabynda Ýehowanyň goldaýandygy we kömek edýändigi hakda ençeme sapar ýazdy (Hyd. 7:6, 9; 8:18, 22, 31).

Biz haýsy ýagdaýlarda Hudaýyň goldawyny görüp bileris? (16-njy abzasa serediň) e.

16. Biz Ýehowa haýsy ýagdaýlarda bil baglamaly? (Surata serediň).

16 Ýehowa bize her bir kynçylykda kömek etmäge taýyn. Aýdaly, siz kongresiň üç gününe barmak üçin başlygyňyzdan rugsat soramaly bolýarsyňyz. Ýa-da ýygnak duşuşyklarynyň ählisine gatnaşmak üçin iş wagtyňyzy üýtgetmegi haýyş etmeli bolýarsyňyz. Şeýle ýagdaýda Ýehowa doga edip kömek soraň. Şonda Ýehowanyň goldaýşyna haýran galarsyňyz. Şeýlelikde, hak Allanyň sizi gelejekde hem goldajakdygyna şübhelenmersiňiz.

Hydyr ybadathananyň öňünde halkyň günäsi üçin aglap doga edýär. Halk hem zaryn-zaryn aglaýar. Şonda Şekanýa Hydyry ruhlandyryp: «Ysraýyllar üçin entegem umyt bar... biz seni goldarys» diýýär (Hyd. 10:2, 4); (17-nji abzasa serediň).

17. Hydyr pesgöwünlidigini nädip subut etdi? (Daşky sahypadaky surata serediň).

17 Hydyr pesgöwünlilik bilen Hudaýdan kömek sorady. Hydyr etmeli işleri hakda biynjalyk bolýardy, şonda Hudaýa pesgöwünlilik bilen doga edýärdi (Hyd. 8:21—23; 9:3—5). Şeýlelikde, bütin halk Hydyry ýürekden goldady we onuň imanyndan görelde aldy (Hyd. 10:1—4). Siz hem: «Maşgalamy nädip eklärin? Nädip goraryn?» diýip, alada edýän bolsaňyz, pesgöwünlilik bilen Ýehowadan kömek soraň.

18. Kyn ýagdaýlarda Ýehowanyň bizi ýeke goýmaýandygyny näme subut edýär?

18 Eger biz pesgöwünlilik bilen Ýehowa doga etsek we imandaşlarymyzyň kömegini kabul etsek, Hudaýa bolan imanymyz has-da berkär. Erika üç çagasyny ýeke özi terbiýeleýär. Ol agyr kynçylyklary başdan geçirýär. Erikanyň göwresindäki çagasy düşýär we söwer ýary aradan çykýar. Ol geçen günlerini şeýle ýatlaýar: «Kyn günleri başdan geçireniňde, Ýehowanyň goldawyny birbada görmeýän ekeniň. Ýöne Ýehowa seni ýeke goýmaýar. Gökdäki Atam dogalaryma imandaşlarym arkaly jogap berdi. Dogan-uýalar hoş sözleri bilen göwnümi galkyndyrdylar we gerek-ýarak zatlarymy ýetirip durdylar. Men bir zada göz ýetirdim, dostlaryňa derdiňi aýtsaň, olar höwes bilen kömek edýän ekeni».

ÝEHOWA SOŇUNA ÇENLI BIL BAGLAŇ

19, 20. Biz Iýerusalime dolanyp bilmedik ýehudylaryň göreldesine nädip eýerip bileris?

19 Käbir ýehudylar garrylyk, keselçilik we maşgala borçlary sebäpli watanyna dolanyp bilmedi. Emma olar Iýerusalime gaýdan doganlaryna mal-gara we altyn-kümüş berip kömek etdiler (Hyd. 1:5, 6). Şondan 19 ýyl geçensoň hem Wawilonda ýaşaýan ýehudylar Iýerusalimde ýaşaýan doganlaryna köp sowgatlary iberýärdiler (Zek. 6:10).

20 Belki, bizem garrylyk, keselçilik we maşgala borçlarymyz sebäpli Ýehowa köpräk gulluk edip bilýän däldiris. Emma gökdäki Atamyz biziň ýürekden edýän tagallamyzy görüp örän begenýär. Biz muny nireden bilýäris? Ýehowa Zekerýa pygambere Wawilonda ýaşaýan ýehudylaryň iberen «altynyndan we kümşünden täç ýasamagy» tabşyrýar (Zek. 6:11). Şol täç geljekki nesillere olaryň jomartlygyny ýatlatmalydy (Zek. 6:14). Edil şonuň ýaly, Ýehowa biziň hem wepaly bolmak üçin edýän tagallamyzy hiç haçan unutmaz (Ýew. 6:10).

21. Gelejege ynamly garamaga näme kömek eder?

21 Biz soňky günlerde ýaşaýarys. Dünýäniň ýagdaýy gitdigiçe erbetleşýär. Şol sebäpli biz köp kynçylyklara duş geleris (2 Tim. 3:1, 13). Emma biz çendenaşa biynjalyk bolmaly däl. Sebäbi Ýehowa Hagaý pygamber arkaly: «Men siziň bilendirin! Gorkmaň» diýýär (Hag. 2:4, 5). Biz Ýehowanyň islegini birinji orunda goýsak, Onuň goldajagyna ynamly bolup bileris. Geliň, Hagaý bilen Zekerýa pygamberleriň habaryny unutmalyň we Hydyr mürzäniň göreldesine eýereliň. Şonda nähili kyn ýagdaýlara duşsak-da, Ýehowanyň biziň bilen boljagyna ynanyp bileris..

122-NJI AÝDYM Berk hem tutanýerli boluň

a Käbir dogan-uýalar ykdysadyýetiň pese düşen, syýasy dawalaryň we yzarlamalaryň bolýan ýurdunda ýaşaýar. Şu makala olara Ýehowa doly bil baglamaga kömek eder.

b «Serkerdebaşy Ýehowa» diýen jümle Hagaý kitabynda 14 gezek duş gelýär. Şu jümle ýehudylary we bizi örän ruhlandyrýar, sebäbi Ýehowanyň Gudratygüýçli Hudaýdygyny hem-de sansyz-sajaksyz güýç-kuwwatly perişdeleriň Serkerdebaşysydygyny ýatladýar (Zeb. 103:20, 21).

c Käbir atlar üýtgedildi.

d Hydyr ökde mürzedi, Hudaýyň kanunyny gowy bilýärdi. Ol Iýerusalime dolanmanka hem Hudaýa doly bil baglaýardy we pygamberlikleriň ýerine ýetjegine ynanýardy (2 Tar. 36:22, 23; Hyd. 7:6, 9, 10; Ýer. 29:14).

e SURAT: dogan kongrese gitmek üçin başlygyndan rugsat soraýar, emma ol rugsat bermeýär. Dogan ýene-de başlygy bilen gepleşer ýaly Ýehowadan batyrgaýlyk sorap doga edýär. Ol başlygyna kongresiň meýilnamasyny görkezýär we kongresde Mukaddes Kitap arkaly bilim berilýändigini aýdýar. Başlyk haýran galýar we dogana rugsat berýär.