47-NJI MAKALA
Dogan-uýalary ýürekden söýüň
«Mundan beýläk-de birek-biregi söýeliň! Sebäbi söýgi Hudaýdandyr» (1 Ýah. 4:7).
109-NJY AÝDYM «Biri-biriňizi ýürekden söýüň»
MAZMUNY a
1, 2. a) Pawlus näme üçin häsiýetleriň «iň beýigi söýgüdir» diýdi? b) Makalada haýsy soraglaryň jogabyny bileris?
PAWLUS RESUL iman, umyt we söýgi häsiýetleriniň wajypdygyny aýtdy. Emma: «Olaryň iň beýigi söýgüdir» diýdi (1 Kor. 13:13). Näme üçin? Sebäbi gelejekde Hudaýyň wadalary amala aşanda, olara iman etmek gerek bolmaz, umytly garaşmak hem gerek bolmaz. Emma biz Ýehowany we onuň halkyny elmydama söýmeli. Biziň olara bolan söýgimiz gün-günden artmaly.
2 Görşümiz ýaly, söýgi durmuşyň bezegi. Biz biri-birimizi näme üçin söýmeli? Biri-birimizi söýýändigimizi nädip subut etmeli? Söýgimiz sowamaz ýaly näme etmeli? Makalada şu soraglaryň jogabyny bileris.
SÖÝGI NÄME ÜÇIN ÝÜREKDEN ÇYKMALY?
3. Biz näme üçin imandaşlarymyzy ýürekden söýmeli?
3 Biz dogan-uýalary ýürekden söýsek, birinjiden, Isa pygamberiň şägirdidigimizi subut edýäris. Sebäbi ol: «Biri-biriňizi söýseňiz, siziň meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler» diýdi (Ýah. 13:35). Ikinjiden, dogan -uýalaryň arasyndaky agzybirlige goşant goşýarys. Pawlus: «Söýgi ähli adamlary agzybir edýär» diýdi (Kol. 3:14). Üçünjiden, Hudaýy söýýändigimizi subut edýäris. Ýahýa resul: «Hudaýy söýýän adam doganyny-da söýmeli» diýdi (1 Ýah. 4:21).
4, 5. Hudaýa bolan söýgimiz bilen dogan-uýalara bolan söýgimiziň nähili baglanyşygy bar? Mysal getiriň.
4 Dogan-uýalary söýsek, Ýehowany hem söýýändigimizi subut ederis. Näme üçin şeýle diýse bolar? Geliň, bir deňeşdirmä seredeliň. Lukmanlar adamyň elindäki damarynyň pulsuny tutup, ýüreginiň çalt ýa-da haýal urýandygyny bilýärler.
5 Adamyň elindäki damaryndan ýüreginiň ýagdaýyny bilýän lukman ýaly, biz hem Ýehowany ýürekden söýýändigimizi ýa-da söýmeýändigimizi anyklap bilýäris. Eger dogan-uýalara söýgimiz sowan bolsa, onda Hudaýa bolan söýgimiz hem sowandyr. Emma ýüregimiziň her bir urgusy dogan-uýalar diýip urýan bolsa, onda Ýehowany hem ýürekden söýeris.
6. Dogan-uýalara bolan söýgimiz sowamaz ýaly näme üçin tagalla etmeli? (1 Ýahýa 4:7—9, 11).
6 Biz dogan-uýalary söýmek üçin elimizde baryny etmeli. Dogan-uýalara bolan söýgimiz sowasa, Ýehowa bilen dostlugymyz bozular. Ýahýa resul şeýle duýdurdy: «Gözi bilen görýän doganyny söýmeýän adam görmedik Hudaýyny söýüp bilmez» (1 Ýah. 4:20). Diýmek, biz dogan-uýalary ýürekden söýmesek, Ýehowany razy edip bilmeris (1 Ýahýa 4:7—9, 11-nji aýatlary okaň).
BIRI-BIRIMIZI SÖÝÝÄNDIGIMIZI NÄDIP SUBUT ETMELI?
7, 8. Biz dogan-uýalary söýýändigimizi haýsy ýagdaýlarda subut etmeli?
7 Mukaddes Kitapda biri-birimizi söýmelidigimiz gaýta-gaýta aýdylýar (Ýah. 15:12, 17; Rim. 13:8; 1 Sel. 4:9; 1 Pet. 1:22; 1 Ýah. 4:11). Söýgi häsiýeti ýürekde döreýär, ýüregi bolsa hiç kim görüp bilmeýär. Onda biz dogan-uýalary ýürekden söýýändigimizi nädip subut edip bileris? Biz hoş sözleri aýtmaly we ýagşy işleri etmeli.
8 Mukaddes Kitapda dogan-uýalara bolan söýgimizi dürli ýollar bilen subut etmelidigimiz ýazylan. Meselem, «biri-biriňize hakykaty aýdyň» (Zek. 8:16); «biri-biriňiz bilen agzybir ýaşaň» (Mar. 9:50); «biri-biriňize... hormat goýuň» (Rim. 12:10); «bir-biriňizi kabul ediň» (Rim. 15:7); «biri-biriňizi ýürekden bagyşlaň» (Kol. 3:13); «biri-biriňiziň ýüküňizi göteriň» (Gal. 6:2); «bir-biriňize göwünlik beriň» (1 Sel. 4:18); «birek-biregi berkidiň» (1 Sel. 5:11); «bir-biriňiz üçin doga-dileg ediň» (Ýak. 5:16).
9. Biz dogan-uýalara näme üçin göwünlik bermeli? (Surata serediň).
9 Geliň, dogan-uýalary ýürekden söýýändigimizi görkezmek üçin göwünlik bermegiň wajypdygy hakda gürrüň edeliň. Pawlus resul: «Bir-biriňize göwünlik beriň» diýdi. Bir kitapda şeýle diýilýär: «Pawlusyň „göwünlik beriň“ diýen sözleri kyn güne düşen adamyň ýanynda bolup goldamagy aňladýar». Eger biz dogan-uýalara göwünlik bersek, ýaşaýyş ýolundan ynamly ädimler bilen ýöremäge kömek ederis. Biz dogan-uýalaryň derdine derman bolsak we göwnüni götersek, olary söýýändigimizi subut ederis (2 Kor. 7:6, 7, 13).
10. Adama göwünlik berer ýaly näme üçin duýgudaş bolmaly?
10 Adama göwünlik bermek üçin duýgudaş bolmaly. Eger adamyň ýürek derdini duýup bilmesek, oňa göwünlik berip bilmeris. Pawlus resul göwünlik bermek üçin duýgudaş bolmagyň wajypdygyny aýtdy. Ol: «(Ýehowa) rehimdar Atadyr we her dürli ýagdaýda göwünlik berýän Hudaýdyr» diýdi (2 Kor. 1:3). Pawlus resulyň aýatda ulanan «rehimdar» diýen sözi duýgudaşlyk bildirmegi aňladýar. Ol Hudaýa «rehimdar Ata» diýmek bilen, Ýehowanyň örän duýgudaş Hudaýdygyny aýtdy. Şonuň üçin hem «Hudaý ähli kynçylyklarda göwünlik berýär» (2 Kor. 1:4). Çeşmeden akýan sowujak suwuň teşne jany gandyryşy ýaly, Ýehowa-da ruhdan düşen bendesiniň göwnüni galkyndyrýar. Biz nädip duýgudaş bolmaly we göwünlik bermeli? Munuň üçin Hudaýa ýaraýan başga häsiýetleri hem ösdürmeli. Geliň, olar hakda gürrüň edeliň.
11. Göwünlik bermäge haýsy häsiýetler kömek edýär? (Koloslylar 3:12; 1 Petrus 3:8).
11 Dogan-uýalary ýürekden söýmek we göwünlik bermek üçin näme etmeli? Biz olar bilen mähirli, mylakatly gepleşmeli we olary süýtdeş doganymyz ýaly söýmeli (Koloslylar 3:12; 1 Petrus 3:8-nji aýatlary okaň). Şu häsiýetler näme üçin wajyp? Isa pygamber şeýle diýdi: «Adamyň ýüregindäki dilindedir. Ýagşy adam gowy zatlary gürrüň berýändir, sebäbi ýüregi ýagşylykdan doludyr» (Mat. 12:34, 35). Diýmek, dogan-uýalar bilen mähirli, mylakatly gepleşsek we olary süýtdeş doganymyz ýaly söýsek, başyna kynçylyk düşende derrew dadyna ýetişeris. Eger biz dogan-uýalara göwünlik bermäge taýyn bolsak, olary ýürekden söýýändigimizi subut ederis.
SÖÝGIMIZ SOWAMAZ ÝALY NÄME ETMELI?
12. a) Biz nämeden seresap bolmaly? b) Biz haýsy soragyň jogabyny bileris?
12 Biz dogan-uýalar üçin janymyzy bermäge taýyn bolmaly (1 Ýah. 4:7). Emma biz Isa pygamberiň «köp adamlaryň söýgüsi sowar» diýen sözlerini ýadymyzdan çykarmaly däl (Mat. 24:12). Elbetde, Isa şägirtleriniň arasyndaky söýginiň däl-de, şu dünýädäki adamlaryň biri-birine bolan söýgüsiniň sowajakdygyny göz öňünde tutdy. Emma biz seresap bolmasak, doňýürek adamlaryň täsirine düşüp bileris. Dogan-uýalaryň arasyndaky söýgi haýsy ýagdaýlarda sowap biler?
13. Dogan-uýalary ýürekden söýýändigiňi bilmek üçin näme etmeli?
13 Dogan-uýalary ýürekden söýýändigimizi bilmek üçin içki dünýämizi gowy barlamaly (2 Kor. 8:8). Petrus resul: «Esasan-da, biri-biriňizi ýürekden söýüň, sebäbi söýgi köp günäleriň üstüni ýapýandyr» diýdi (1 Pet. 4:8). Eger dogan-uýalaryň ýalňyşyna aşa köp üns bersek, olara bolan söýgimiz sowar.
14. 1 Petrus 4:8-e görä, dogan-uýalary ýürekden söýmek üçin näme etmeli? Mysal getiriň.
14 Geliň, Petrus resulyň sözlerine jikme-jik seredeliň. Ol 8-nji aýadyň birinji böleginde diňe bir «söýüň» diýmän, «ýürekden söýüň» diýdi. Aýatdaky «ýürekden söýmek» diýen işlik sözme-söz «örtmek» diýmegi aňladýar. Petrus aýadyň ikinji böleginde doganyny ýürekden söýýän adamyň onuň «günäleriniň üstüni ýapýandygyny» aýtdy. Göz öňüne getiriň, siziň öýüňizde hantagta bar. Onuň ýüzi gopuk, çyzyk-çyzyk. Siz hantagtanyň ýarysyny mata bilen ýapyp, ýarysyny ýapman goýarsyňyzmy? Siz ýekeje gopugy ýa-da çyzygy görünmez ýaly, hantagtany tutuşlygyna mata bilen ýaparsyňyz. Edil şonuň ýaly, dogan-uýalary ýürekden söýseňiz, olary birki sapar däl-de, hemişe bagyşlarsyňyz.
15. Dogan-uýalary ýürekden söýsek näme etmäge taýyn bolarys? (Koloslylar 3:13).
15 Biz dogan-uýalary söýsek, kyn hem bolsa olary ýürekden bagyşlarys (Koloslylar 3:13-i okaň). Şeýdip, biz Ýehowany söýýändigimizi we razy etmek isleýändigimizi subut ederis. Dogan-uýalary ýürekden bagyşlamaga we olaryň ýalňyşyna üns bermezlige ýene näme kömek edýär?
16, 17. Dogan-uýalary bagyşlamaga ýene näme kömek eder? Mysal getiriň. (Surata serediň).
16 Dogan-uýalaryň ýalňyşyna däl-de, gowy häsiýetine üns beriň. Aýdaly, siz dogan-uýalar bilen dynç alýarsyňyz we wagtyňyzy hoş geçirýärsiňiz. Dynç alşyň soňunda üýşüp surata düşýärsiňiz. Siz dogan-uýalary birnäçe sapar surata alýarsyňyz. Soňra bir doganyň gaşyny çytyp surata düşendigini görýärsiňiz. Şonda siz näme edersiňiz? Elbetde, şol suraty aýrarsyňyz. Sebäbi sizde doganyň ýylgyryp düşen ýene-de iki suraty bar.
17 Dogan-uýalaryň ýylgyryp düşen suratlaryny saklaýşymyz ýaly, olar bilen hoş geçiren pursatlarymyzy hem unutmak islemeýäris. Aýdaly, dogan-uýalaryň biri sözi ýa-da hereketi bilen göwnüňize degýär. Şonda siz näme edersiňiz? Doganyň gaşyny çytyp düşen suratyny aýryşyňyz ýaly, şol ýagdaýy unutsaňyz gowy bolmazmy? (Nak. 19:11; Efes. 4:32). Siz dogan-uýalar bilen köp ýakymly pursatlary başdan geçirdiňiz, şol sebäpli olaryň ýalňyşlaryny unutmak kyn bolmaz. Goý, şeýle ýakymly pursatlar siziň ömrüňizi bezesin!
ŞU GÜNLER ÝÜREKDEN SÖÝMEK NÄME ÜÇIN HAS-DA WAJYP?
18. Makalada haýsy soraglaryň jogabyny bildik?
18 Biz dogan-uýalary näme üçin ýürekden söýmeli? Sebäbi dogan-uýalary ýürekden söýsek, Ýehowany hem söýeris. Biz dogan-uýalary ýürekden söýýändigimizi nädip subut etmeli? Kyn güne düşen dogan-uýalara duýgudaş bolmaly we göwünlik bermeli. Dogan-uýalara söýgimiz sowamaz ýaly näme etmeli? Olaryň ýalňyşyna aşa köp üns bermän, ýürekden bagyşlamaly.
19. Şu günler dogan-uýalary söýmek näme üçin has-da wajyp?
19 Şu günler biri-birimizi ýürekden söýmek näme üçin wajyp? Petrus resul şeýle diýdi: «Ähli zadyň soňy golaýlady. Şonuň üçin... biri-biriňizi ýürekden söýüň» (1 Pet. 4:7, 8). Bize dünýäniň soňunda nämeler garaşýar? Isa pygamber şägirtlerine: «Meniň şägirdim bolanyňyz üçin hemmeler sizi ýigrener» diýdi (Mat. 24:9). Şonuň üçin biz agzybir bolmaly. Şeýtan dogan-uýalaryň arasyna çöp atmak üçin elinde baryny edýär. Emma biz biri-birimizi ýürekden söýsek, Şeýtanyň aljak galasy bolmaz, «sebäbi söýgi ähli adamlary agzybir edýär» (Kol. 3:14; Flp. 2:1, 2).
130-NJY AÝDYM Geçirimli bolalyň
a Şu günler dogan-uýalary ýürekden söýmek näme üçin wajyp? Dogan-uýalary ýürekden söýýändigimizi nädip subut edip bileris? Makalada şu soraglaryň jogabyny bileris.